Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Relax : ,,Dymmak danalyk..." diýýärsiñ, onda lallaryñ gepläsi gelmegi akmaklykmy?!...#setdars

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şahyrlara teklip
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 31.08.2024 / 20:10
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Salam hormatly ýazyjy-şahyrlar we edebiýatsöýjiler. Bu gün size ajaýyp teklibim bar. Aralarda kitaphanaçy we ýazyjy Aşyr dostum bilen jaňlaşdym. Şonda ol maňa ýakynda döwürdeş şahyrlarymyzyň iň gowy goşgularyny jemläp kitap döretjegini aýtdy. Kitap diýýänim elektron kitap dälde eliňe alyp okap , sahypalaryny agdaryp, bellik edip bolýan hakyky kitap. Eger siz hem goşgy ýazyp , şol goşgylarňyzy hakyky kitap edip çap etdirmek isleýän bolsaňyz, şygyrlarňyzyň baryny bir faýla jemläp  gerceknazar97@gmail.com e-mail adresine ugradyp bilersiňiz. Biziň maksadymyz hemme döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyny jemläp , şolaryň içinden iň gowylaryny saýlap kitap döretmek. Bu barada üýşüp maslahat geçirmek üçin şu gün (01.09.2024) agşam  sagat 21:00-da konferensiýa agşamyny gatnaşalyň. Edebiýat (konferensiýa) agşamyna gatnaşmak isleýänler +99365228952 belgä jaň ediň. Ýene-de bir bellemeli zat kitaphanaçy we ýazyjy Aşyr dostum , Aýgül Baýadowanyň , Laçyn Pürjäýewanyň , Muham Mukamowyň we başgada döwürdeş şahyrlarymyzyň iň gowy goşgularyny jemläp her awtora aýratyn kitap döretdi. Kitaplary Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesinde ýerleşýän "Kämil" bilim merkezinden alyp bolýar.

211

26

5

1

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 31.08.2024 / 21:12

+0

Konferensiýa diňe şahyrlar gatnaşmalymyka


Özümiziňki
Gerceknazar  (31.08.2024 / 23:45) 

Agzamen, konfrensiýa şahyr dällerem gatnaşyp bilerler .

 Täzeje
 Arslan_Alayew [off]
 31.08.2024 / 22:17

+0

Salam gowymy dostum işler gowymy Tüweleme Gowy iş edýäň üstünlik arzuw edýärin!!!


Özümiziňki
Gerceknazar  (31.08.2024 / 23:47) 

Arslan_Alayew, salam , Hudaýa şükür gowy , özüňiz gowymy ?! Sizden näme täzelik , täzeje , gowja programmalar döredýäňizmi?


Täzeje
Arslan_Alayew  (01.09.2024 / 09:32) 

Gerceknazar, Alla şükür gowy menem häzir programma çykaramak

 Täzeje
 Agzamen [off]
 31.08.2024 / 22:19

+0

Çyndanam..?

Şahyr dällerem gowy ýazan bolsa ýöriteläp oňam birje goşgusyny ady bilen goýularmy kitapda?!


Özümiziňki
Gerceknazar  (31.08.2024 / 23:50) 

Agzamen, olam bolup biler. Ýagny hemme döwürdeş goşguçylaryň iň gowy goşgularyny bir kitapda jemlemek isleýäs.

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 01.09.2024 / 00:42

+1

Muham Muhamow däl, Mukam Muhamow


Özümiziňki
Gerceknazar  (01.09.2024 / 19:37) 

Baron, goşgularyňy jemläp gerceknazar97@gmail.com e-poçtama ugradaý, siziňem şygyrlarňyzy kitapda ýerleşdireli. Konfrensiýada häzir 21-00-da başlaýar, oňada gatnaş.

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 01.09.2024 / 09:10

+0

Nähili geçdi onsoň? Kimler gatnašdy? Agşam kelläm agyryp gatnaṣyp bilmedim.


Özümiziňki
Gerceknazar  (01.09.2024 / 18:35) 

Belki, şu gün agşam geçirilýär konfrensiýa agşamy.


Premium
Belki  (01.09.2024 / 18:35) 

Gerceknazar, ha onda gatnasarys nesip bolsa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Çöl beater—Dolanmadyň mp3...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Bentner (Şugün, 09:21)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Sunyaly samsyklary kim salayaray sayda...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Watjik (Şugün, 08:42)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?


Kelleden kesellän öýüdýän sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilbäňizmi?
Khanture00 (Şugün, 07:27)

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)

Mesawy söhbet


Men näzimi artdyryp durman, "henege" başladym. o näme bolýar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Fantom (Düýn, 21:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика