“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Mesawy söhbet
 Öwreniji
 bagabat [off]
 15.07.2025 / 14:46

Dostum bilen bir gezek kofe süzen bolup, pinekläp otyrys. Keýpimiz ýyldyza toýnak salýar, şonuň üçinem biz myssyjakdan-myssyjak gürrüňler tapyp, äwmezek warsaky urýarys.
-Sen bir akylly adam, köp kitap okan adam,-diýip dostum gepe başlady. Men bu hemmelere aýan bolan, mese-mälim hakykaty jinnek ýalam inkär etmedim :-) (smaýlik belgijigini goýmasaň indi okaýanlar, degişýändigiňe düşünmeýänden bolupdyrlar). Dost dowam etdi:-Şoň üçinem hany bakaly, sen maňa tutuş dünýä edebiýatynyň mazmunyny ýekeje sözde beýan edip bilersiňmi?
-Kesek ederin,-diýdim men.
-Aýt onda,-diýip ýüzüne Güne tutup, güneşläp oturan dostum, bir gözüni çala yşyradyp, maňa gyýtaryldy.
-Jebir,-diýdim.
Dost düşünmedi.
“Dowamy?” diýýän terzde birtaý gaşyny gerip, soragly äňetdi. Men kofämden owurtladym-da, ýaltalyk bilen açyklap berdim:
-Üçüň biri hökman jebir çekýär: ýa awtor ýazjak bolup bihuda güzap baryny görýär, ýa personažlar bütin sýužetiň dowamynda hunaba ýuwudýar, ýa-da okyjy okajak bolup ezýet çekýär.
Dostum birsellem kelam agyz geplemän dymyp oturdy-oturdy-da, hüňürdedi:
-Jüpüne düşenem ýaly, düşmedigem ýaly... Gowusy anekdot aýtsan-aý, dos!
Men näzimi artdyryp durman, henege başladym:
-Biri menden sorady: “Agam, bu ýazýan zatlaryňy nireden oýlap tapýaň-aý?”. “Kellämden” diýdim, soňam yzyna goşdum: “Ýöne muňa-da şükür, eger-de dyzymdan ýa-da injigimden oýlap tapmaly bolan bolsa näderdim?!”.
Dost gülmedi.
Menem: “Näme gülmeýäň?” diýibem soramadym. Sebäbi bilýän: gülkünç bolsa adamlar hökman gülýär, aglagynç bolsa-da aglaýar.


112

21

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 15.07.2025 / 15:12

+1

😆😆😆 👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...

Gijeki myhman


Gowy eser...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Mahrimah (09.09.2025 / 20:40)

Gijeki myhman


Gynansak-da hiçkim laýkam basmandyr, teswirem ýazmandyr....dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
BAY-HAN (09.09.2025 / 13:15)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Nädip mowzuk açýaňyz?...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Mendede bar şunýaly arhiwler...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Gaty gowy...dowamy...

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->