Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Tertip : TANIMALLYK ÝÜKIÑ AGYRYDYR GÖTERIP BILSEÑ GÜÇLISIÑ GÖTERIP BILMESEÑ ZOR ADAM DALSIÑ Atagylyc Gurbangulyýew

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýigidiň gyza soňky haty.
 Täzeje
 basimowic [off]
 09.09.2024 / 22:24

Bägül sen soňky bir aýlykda özüňi gaty geň alyp bardyň. Öňler beýle däldiň.
Ýuwaşja, sadaja, meň ýanymda bolsa şadyýanja gyzdyň. Bile gowy arzuwlar edýädik. Başda duşuşan günümizi diýsene. Şo wagt meň ýadymdan hiç haçanam çykmaz. Ilkinji gezek gujaklanym, ogşanym hemmesi göz öňümde geçip dur. Şo zatlar ýadyma düşýä welin ýylgyrýan, soňam häzirki bolýan ýagdaýlary ýadyma salsam ýüregim gyýylýa.
Ak bilen gara reňkiň tapawudyny bilýäňmi? Ak reňkden birden gara geçseň nähili tapawutly?! Ýöne ak reňk, gara reňke birden däl-de ýuwaşlyk bilen garylyp geçse kän bildirenok. Ana edil şolar ýaly senem birden üýtgediň. Maňa bildirmejek boldyň, ýöne şo wagt bildim. Sen maňa başyňdan nämeleň bolup geçýänini aýdaňok. Seň bolşuň gaty geň. Seni täzeden öňki ýaly etmäge synanyşdym, bolmady. Eger sen özüň üýtgän bolsaň, onda saňa sözüm ýok. Seň maňa diýen söýgi sözleň, beren posalaň, ýylgyryşlaň bary ýalanmy onda? Men düşünemok. Bir adamyň ömrüni kül etmek şeýle gowy zatmy? Şeýtmek bilen näme bähbit gördiň? Ýöne eger sen şeýtmäge mejbur bolan bolsaň maňa aýt. Men bar zada düşünerin. Onda-da aýdaňok. Diýmek mende ýekeje pikir galdy. Ýöne şonda-da seni unudyp bilemok. Ýatamda ýadymdan çykar diýsemem, düýşüme girýäň. Men näme 3in seni şeýle gaty söýdümkäm. Gysga wagtam bolsa, aramyzda bolan zatlar ýadyma düşüp günüme goýanok. Käşgä seni görmedik bolsadym, görenem bolsam söýmedik bolsadym, wahh. Mendäki duýgylary bir bilsediň sen. Maňa düşünmersiň. Seni günüňe goýsam goýaryn, ýöne meni mendäki ýatlamlar nädip günüme goýsyn? Sen meni unudyp gidersiň öz ýoluň bilen. Ýöne men welin hasrat çekmegmi dowam ederin. Ýüzüm gülse-de ýüregim aglar. Hiç kim meň ýananymy bilmez.
Ýadyňda sakla, men seni şeýlebir söýendirin. Ýöne gadyr bilmedik sensiň, seň özüň menden ýüz öwrensiň. Seň nähili derdiň, aladaň bolanda-da men şony seniň bilen bile çekmäge taýyndym, häzirem taýyn. Ana men seni şo derejede söýdim. Seňki bolsa gury sözler eken. Men bolsa saňa ynanyp, seni öýdäkilere-de aýdypdyryn. Hemme zada Alla şaýatdyr.
Men şu ýakynda gulluga gidip barýan. Belki şondan soň haçan görşeris, bir Alla bilýä. Belki şol gün seni iň soňky gezek görşim bolandyr. Garaz bilmedim-dä. Nirde bolsaňam janyň sag bolsa bolýa! Sen meni unutsaň unudarsyň, ýöne men seni asla. Sebäbi men öň beýle söýüp görmändim. Hoş onda, meň ýüregimiň Bägüli!


183

32

2

1

1

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 10.09.2024 / 17:32

+0

çyndanam adama kop gadyr berseň üýtgeýär eken.(


Täzeje
basimowic  (10.09.2024 / 18:03) 

Aynabat, aytmasanay

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 10.09.2024 / 22:06

+1

Biriniň yzyndan aglamagy, sizi hasrata, gaýgy-gama bogup giden adamyň açan çukurynda boglup ýatmagy şeýdip ulaltdygyňyzça asla bagtly bolup bilmersiňiz.

Esasanam türk jemgyýetine mahsus häsiýet şu arabesk. Türkmenlerem bulara girýär. Gideniň yzyndan agla, wägir, gygyr, sög, günäkärle, ýazgar, goşgy ýaz, aýdym aýt we ş.m.

Hatyň özi eýýäm nerwiňi pitikleýär-ä. Ilkinji duşuşykda ogşadyp, gujakladyp bilýänden başga nämä garaşýaň? Hiç soramadyňmy "bu birinji gezekde maňa ogşadan bolsa?" diýip.
Op mydama şeýledi. Ol üýtgänok. Özüňizi aldap oturmaň. Adamlar birden beýdip üýtgemeýärler. Sen onuň asyl häsiýetini görüp bilen dälsiň. Bulam maglumat bilen dahylly zat. Söýen adamyň barada ýeterlik derejede maglumatyň ýok bolsa bu seniň kellesiz, panýatasyz adamdygyňy görkezýär. Bir adamy tanaman nädip onuň bilen gatnaşyga başlap bilersiň? Nädip ýüregiňizi, syrlaryňy oňa açyp bilersiň? "Jenap söýgi-dä", söýgüňe depeýin onda seniň.

Gyz ýazgydanam belli bolşy ýaly ilkinji duşuşykda ogşadyp bilýän utançsyz ganjygyň biridi. Bu ganjygyň edip gidenlerini Allany ara goşup çeperleşdirmek nähili eziklikdir.


Täzeje
Tiidaly  (11.09.2024 / 11:39) 

Muawiye, dogry aydyañ aydymcy bolsa nadip biljek ya gayra sigyrdyan bolsa entek hadawoyam belli dal

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Şugün, 19:50)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 18:04)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


[b]Menden gözüni aýyrmadyalar. Şundan soň men özüme bu durmuşda öz ornymy tapdym diýdim. Men diňe adamlary aňk etmek üçin dogylandygyma göz ýetir...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:59)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Mowzugy başlajak bolşuñ bir zada degýärä). Bir gyzdan arzan zat geyyaniñe utanyp, ejeñ kakañy azara goýup olañ pulyny sowañda utanmadyñmy?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:57)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bir bendeden kemsinmelem etmesin, bir bendäni kemsindirmelem etmesin, özüňi ilden artykmaç saýmak gowy görmeýän häsiýetimiň biri...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Iň gowusy iliň ýokarysam däl, pesem däl, ortaça bolmak men üçin dogrusy şu....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:50)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:40)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:38)

MUGALLYM !!!


Zakaz alañokmaý doss)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Ahmal (Şugün, 17:28)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Meniň üçin iň gyzykly ýeri şu:"Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:55)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика