Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Bizden birşey kalmadıysa, canımı yakan bu heyecan nedir..
Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Täzeje Gownejay [off] Şugün, 10:14
Arada elime şeýle bir eser düşüp galdy. Eseriň göwrümi uly bolmasada diýýän manysy hem geň hem ullakan ýaly bolup duýyldy maňa. Onsoň mazalyja oýlanyp bu eseriň manysyny, diýýän sözlerini durmuşda ulanyp göreýin diýen pikire geldim.
Bu eserden alan manylarymy şu saýt agazalarynda ulanmak maksadym bar. Öňünden aytmakçy däl näme manydygyny. Eger aýytsam synagymyň täsiri gaçar. Onsoňam men borçly däl öz maksadymy siziň öňüňizde aýytmana! Siz meniň üçin ýa dost däl ýada syrdaş. Ýöne bir saýt agzalary diýämesem. Ýene bir zat. Men bu saýtda uzak durmakçy däl. On-onbaş gün durarynda giderin.
Her kim öz derejesini bilip bolmaly ýerini bilse ýagşy. Bu saýtyň agzalrynyň içinde meniň deňim ýok bolsa gerek. Meniň bu sözüm nämäni aňladýar? Köp zady. Ilki bilen meniň deňim ýok diýmegim nämeleri aňladyp biler.
Bu sözleri size düşündimek üçin men öz başymdan geçen bir wakany aýdyp bereýin. Bir gezek bir öýe myhmançylyga bardym. Men bu öýe ýörite çagyrylanym üçin bardym. Meýdandan içerä girdim. Edil giren ýerimde iki tarapymda hem gapy bar eken. Men çep gapy arklay çep jaýda otyan gyzlara goşulmak isledim. Bu otaga girip otyrmak üçin özüme ýer gözledim. Hemmäniň ortasynda otyran gyzyň ýanynda boş ýer bar eken. Men şol tarapa ýöneldim. Otyran gyzlaryň üstünden geçip şol gyzyň ýanyna baryp, bar bolan bu boş ýerde otyrdymda gyzlara seretdim. Gyzlar hem maňa seretdi. Men gyzlaryň gyzlaryň maňa seredişinden özümiň bir zady nädogry edendigimi duýdym. Näme zady nädogry edipdirin, bilýaňizmi? Hiç kelläňize gelmez meniň bu başdan geçirenim.
Seretsem, ýany boş duran bu gyz meniň bilen deň däl ýaly bolup duýuldy maňa. Ol gyzyň ýüzüne, özüne, geýimine we egninden sallanyp duran altyn-şaý seplere seredip men bu gyzyň ýanyndan turyp gidenimi özüme makul bildim emma bahana gerek boldy. Bahanasyz çykyp gitmek meniň bu gyzdan ýeňilendigimi aňladar. Şu hyýal bilen men özüm üçin amatly pursadyň gelerine garaşdym. Ýanymdaky bu gyza seredip onyň bilen söhbet açmak hem islemedim çünki men ol gyza tarap seretsem ilki bilen onuň gymmatbaha geýimine, egniden sallanyp duran altyn zynjyryna, gulýakasyna, bilezigine gözüm düşjekdi. Onuň bu zatlary bolsa meni kemsitjekdi. Men öz ýanymdan şeýle duýdym özümi.
Onsoň men şol ýerde belli bi karara geldim. Indi köpçülige gelsem hemmeden gowy geýinerin, altyn baryny egnimden asaryn. Bu gyzdanda beter özüme baý diýdirin bu otyran jemagata diýdim.
Şu agyr pikirde otyran wagtym klasdaş joram hem şu ýere gelip galdy. Gelip meniň ýanymda otyrjak boldy. Emman otyrmana ýer ýoklugy sebäpli men ýerimden turdymda hamala klasdaş joram ol gyzdan ýakyn diýen manyda ýerimden turyp bu gymmatbaha gyzy taşlap meýdana çykdym.
Çykybam ähli bolup geçen bu wakany klasdaş jorama aýdyp berdim. Ol hem assajykdan gelip bu baý geýinen gyzy öwrenmäne durdy.
Ertesi boş wagtymyzda joram bilen bu bolan wakany yzarlap başladyk. Ol gyz barada köp zady anykladyk.
Bolan bu wakany öýümizdäkilere aýdyp berdim. Özümiň gymmat geýinmeýänligim üçin, altynymyň ýoklugy üçin özümiň kemsinendigimi aýdyp berdim we ata-enemden meni hem baý gyz edip saklamaklaryny talap etdim.
Öwrenen endik örkleseňde gitmez diýilşi ýaly meniň bu sözümi ata-enem äsgermejek boldylar. Onda men öýi taşlap durmuşa çykyp giden doganymka gidip galdym. Ata-enem agalarym meni sorap bardylar. Öýe gaýdyp gelmegimi talap etdiler. Men hem öz gezegimde haçan mende altyn şaý-sepler bolsa şonda öýe barjagymy aýytdym.
Öň meniň talabymy çyn saýmadyk maşgalam indi maňa dogry düşündiler. Öýde bar bolan pullary jemlap bazara äkitdiler. Men hem bazarda iň gymmat zatlary tutdym. Birbada bir maşyn alarlyk altyny we iň gymmabaha geýimleriň ep-eslisini maşyna basdyk.
Öýe gelip özümi timarlap ýagny owadanlanyp başladym. Geýimlerimi türk tikinhanasynda tikdirdim. Altynlarymy zergäre barlatdym. Olar original altynlary alyp berdiler. Şeýdip taýynlanlanýan pursatymda goňşylaaymyzda toý bolýan boldy. Bir toý üçin üç çalyşmaly geýimleri taýynladym. Iki sany gara tüfli we bir gyzyl tüfli, dört sany gymmatbaha köýnek tikdirdim. Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym. Dyrnak, dodak, saç bularyň hemmesini şaher salonynda özüme seretdirdim.
Inli meniň üçin pulyň ähmiýeti ýitdi. Pul maňa hyzmat etmeli men pula däl diýdim. Öz altynymy az görüp toý güni goşmaça altyny şol sanda tabak ýaly altyn gülýakany prokata alyp boýnuma dakdym. Ellerim durşyna altyn. Döşüm durşyna altyn.
Assajykdan ýöräp joram bilen toýa bardym. Gysgajyk aýydaýyn näme bolanyny. Toýa ýygnananlar täze geline dälde maňa seretdiler. Menden gözüni aýyrmadyalar. Şundan soň men özüme bu durmuşda öz ornymy tapdym diýdim. Men diňe adamlary aňk etmek üçin dogylandygyma göz ýetirdim.
Ýöne wagt geçip mende ikinji bir hyýal diýeýinmi ýada häsiýet döredi. Men özümi hemme adamdan belent duýyp başladym. Meniň bu özümi baradaky pikirimi tekrarlaýan ýaly elime şu ýaňy aýydan eserim elime düşdi. Bu eser men barada ýazylandy. Köne döwürde köne adam tarapyndan ýazylan.
Onuň bir setirini men size aýydaýyn.
-Bu dünýäde men ýeke-täk
Menden başga hiç kim ýok.
Yzy bar.
Teswirler:
Täzeje Boniya [off] Şugün, 13:24+1oňarypsyn indi has uly maksatlara ýetmek üçin instagramy gör iller daşary ýurda gidýär , senem eneň-ataňa daşary ýirda gezelenje gitjek diy
Premium
Belki [off] Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok. Şugün, 14:54+1Don Kihodyn gyz nikimi sen )
Täzeje Garrybay [off] Şugün, 16:54+0Gitmänkäň Tik Tok sahypaňy paýlaşyp gitsene!
Täzeje Garrybay [off] Şugün, 16:55+0Meniň üçin iň gyzykly ýeri şu:"Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym"
Premium
Orazjan [48s] Biz naparsak yapalim. onlar herzaman birşey derler Şugün, 17:50+0Iň gowusy iliň ýokarysam däl, pesem däl, ortaça bolmak men üçin dogrusy şu.
Premium
Orazjan [49s] Biz naparsak yapalim. onlar herzaman birşey derler Şugün, 17:54+1Bir bendeden kemsinmelem etmesin, bir bendäni kemsindirmelem etmesin, özüňi ilden artykmaç saýmak gowy görmeýän häsiýetimiň biri
Täzeje Ahmal [14s] Ertir, şuwagtdyr. Şugün, 17:57+1Mowzugy başlajak bolşuñ bir zada degýärä). Bir gyzdan arzan zat geyyaniñe utanyp, ejeñ kakañy azara goýup olañ pulyny sowañda utanmadyñmy?!
Täzeje Ahmal [14s] Ertir, şuwagtdyr. Şugün, 17:59+1Menden gözüni aýyrmadyalar. Şundan soň men özüme bu durmuşda öz ornymy tapdym diýdim. Men diňe adamlary aňk etmek üçin dogylandygyma göz ýetirdim.
Irden asmandan bir zat sallanyp dur diýsem, barde ekena asyl asmandan asyan)
Täzeje Ahmal [14s] Ertir, şuwagtdyr. Şugün, 18:04+1-Bu dünýäde men ýeke-täk
Menden başga hiç kim ýok.
Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow intäk muñ, oña näme diýjek)
TäzejeGownejay (Şugün, 19:45) Ahmal, Saňa näme boldy. näme beýle jyzyrdýaň meniň maşgalam üçin. Eger halkyň halyna gynanýanlygyň hk bolsa öýüňi paýlada özüň diwana bolup köçede ýaşa. Meniň atam üçin bir-iki milliard manat pul hem däl.
Ondan bäi dört ýyl geçip gitdi. Ata-enemden alan pullarymy ýüz esse edip gaýtadym. meniň arkamdan ýüzlerçe adam eli işli boldular. meniň çykaryp geýen zatlarymy jygylyk bazarda täze zat hökmünde iki esse arzan satyn alýarlar. men näme geýsemde iki sagatdan köp geýmeýärin. diňe altynlar
TäzejeAhmal [14s] (Şugün, 20:25) Diliñede alañok ekeniñäý edýän zatlaryñy, onam edýän bolsañ) özüñe gyzykly baýlygyñam, ýene görüñem, ýöne şu ýere gelip kakañ alyp beren zatlarny sananyñ bilen saña saýtyñ adminligini hödürlärler öýtyäñmi, gynansagam sen ýekeje däl doganjyk, señ ýaly agzyny köpürjikledip gürlemäni halaýan kän bar;)
Täzeje Gownejay [off] Şugün, 19:50+0Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn. Ýogsa men gykylyga bolmaýan adam üstesine meniň bu ýerde nämäm bär. Men ýazyjy däl.
aýdynça suratda ýüzüm bekli bolar. Meni görmek bolanok. Surata, wideo düşürmek bolanok.
Premium
Orazjan [49s] (Şugün, 20:22) Gownejay, iki gözüň görüner ýaly edip ugradaweri suratyňy
TäzejeAhmal [14s] (Şugün, 20:29) Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn. 😁😂😂
Gidäýseñ bara, nesip bolsa saýt üçin gaty uly ýitgi bolar)
Soňky teswirler
Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...
dowamy...Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...
dowamy...
Ýokaryk