Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Relax : Ölen adamlar barada Hakykaty aýdýarlar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy
 Täzeje
 Wrestling [off]
 11.09.2024 / 22:04
 Peýdaňa ýok, azaryň bir degmesin)

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu Türkmenistanyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr.

Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ol ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Alp Arslan saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy.

Soňra ol şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy.

Begenjow final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Alp Arslan Begenjow şu ýylda ajaýyp netijeleri görkezýär. Ol mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy


137

7

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 13.09.2024 / 15:15

+0

Tanamok ????

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Şugün, 19:50)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 18:04)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


[b]Menden gözüni aýyrmadyalar. Şundan soň men özüme bu durmuşda öz ornymy tapdym diýdim. Men diňe adamlary aňk etmek üçin dogylandygyma göz ýetir...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:59)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Mowzugy başlajak bolşuñ bir zada degýärä). Bir gyzdan arzan zat geyyaniñe utanyp, ejeñ kakañy azara goýup olañ pulyny sowañda utanmadyñmy?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:57)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bir bendeden kemsinmelem etmesin, bir bendäni kemsindirmelem etmesin, özüňi ilden artykmaç saýmak gowy görmeýän häsiýetimiň biri...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Iň gowusy iliň ýokarysam däl, pesem däl, ortaça bolmak men üçin dogrusy şu....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:50)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:40)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:38)

MUGALLYM !!!


Zakaz alañokmaý doss)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Ahmal (Şugün, 17:28)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Meniň üçin iň gyzykly ýeri şu:"Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:55)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика