Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Sizi sevmiş, size inanmış ve güvenmiş birini hayal kırıklığına uğratmayın.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Tiktok" barada
Premium
 BAYOGUL [on]
 15.09.2024 / 11:24
 Yurekdesh.ru

TikTok” näme?

“TikTok” – “ByteDance” hytaý kompaniýasyna degişli bolan, gysga wideo görnüşlerini çykarmak we görmek üçin niýetlenen mobil platformasy (ulgam).

“TikTok” haçan we kim tarapyndan döredilýär?

“TikTok” 2016-njy ýylda Hytaýda “Douin” ady bilen esaslandyrylýar. Ol hytaýly progammist Çžan Imin tarapyndan döredilýär. Çžan Imin “music.ly” taslamasyny satyn alyp, ony öz platformasy bilen goşup, 2018-nji ýylda “TikTok” ady bilen “Douin”-iň halkara görnüşini (wersiýasyny) çykarýar.
“TikTok”-yň Los-Anjelesde, Nýu-Ýorkda, Londonda, Parižde, Moskwada, Berlinde, Dubaýda, Mumbaýda, Jakartada, Seulda we Tokioda ofisleri bar.

“TikTok” haçan meşhur bolup başlady?

2018-nji ýylda auditoriýa hödürlenen pursatyndan başlap, diňe Hytaýyň özünde däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem meşhur bolmaga we tiz tanalmaga başlaýar. Az wagtda “AppStore” we “Google Play”-den iň köp alynýan mobil goşundysyna öwrülýär.

TikTok” näme sebäpden beýle meşhur boldy?

Meşhur bolmagynyň esasy sebäbi – beýleki platformalara garanyňda öwrediji häsiýetine eýe. “TikTok”-da esasan “How to” we “LifeHacks” wideolary ýerleşdirilýär. Ýerleşdirilmäge rugsat berilýän wideolaryň dowamlylygy gysga bolany üçin, ulanyjylar olara tomaşa etmekden ýadamaýar.

Mundan başga-da, “TikTok” ýörite “akylly” algoritmi esasynda işleýär. Mysal üçin, ulanyjynyň gyzyklanýan ugurlaryny, ýagny haýsy temada kän wideo görýän bolsa, oňa goşundy açylanda esasan şol temadaky wideolaryň görülmegi maslahat berilýär. Munuň programma kodunyň arkasynda “Artificial Intelligence” (Emeli aň) tehnologiýasy düzülen diýlip birnäçe çeşmelerde habar berilýär. Netijede, ulanyjylar öz halaýan we gyzyklanýan wideolaryna ýadaman, gysga wagtda tomaşa edip bilýärler.

“TikTok”-yň beýleki platformalardan näme tapawudy bar?

“TikTok” beýleki platformalardan tapawutlylykda, adaty adamlara tiz tanalmaga we meşhur bolmaga ýol açýar. Eger “Instagram” we “YouTube” ýaly platformalarda esasan hem tanymal (futbolçy, kino aktýor, aýdymçy we ş.m.) adamlaryň yzarlaýjylary (подписчик) we goýulýan “Like”-lary kän bolsa, “TikTok”-da adaty adamlaryň goýan we paýlaşan wideolary hem birnäçe günde müňlerçe, millionlarça gezek tomaşa edilip we halanyp bilinýär. Çünki “TikTok”-da esasy maksat gyzykly kontentiň (mazmunyň) paýlaşylmagy bolup durýar.

“TikTok” mobil goşundysy ulanyjylara arka fonda aýdym-sazly gysga wideolary çykarmaga mümkinçilik berýär, wideony ýörite filtrler bilen çaltlaşdyryp, haýallaşdyryp hem-de kebşirläp bolýar. Mysal üçin, ulanyjy meşhur aýdymçynyň aýdymyny açyp, şol aýdyma agzyny gymyldadyp, özi aýdýan ýaly, ýa-da belli bir saza tans edip, ulanyjylaryň arasynda şol wideolary paýlaşyp we trend edip bilýär.

“TikTok”-yň ulanyjylary.

Mobil goşundynyň 150 ýurtdan 1 milliarddan gowrak ulanyjysy bar. Mobil goşundynyň auditoriýasy esasan 16-40 ýaş aralygy ulanyjylar.

Mysal hökmünde iň iri ýurtlaryň biri Russiýany alsak, 2019-njy ýylyň ahyrynda ulanyjylar her aý “TikTok”-daky wideolary ortaça 16,25 milliard gezek görüpdirler, 20,83 million sanysyny ýerleşdiripdiler, 23 million sanysyny bolsa paýlaşypdyrlar we 1,62 milliard wideo halanypdyr.

“TikTok”-yň maliýe görkezijileri.

“TikTok”-y esaslandyran Çžan Imin ilkibaşda “music.ly” taslamasyny 1 milliard dollara satyn alan bolsa, 2019-njy ýylda “TikTok”-dan gelen arassa girdejisi 3 milliard, 2020-nji ýylyň 1-nji çärýeginde bolsa 5,6 milliard dollara barabar bolupdyr.

TikTok”-a meňzejek bolýan platformalar.

Dünýä ýüzünde “TikTok”-yň bäsdeş platformalary diýseň kän. Ýönekeý mysal bersek, “YouTube” golaýda “YouTube Shorts” atly platforma döretdi. “YouTube Shorts”-yň işleýşi edil “TikTok” ýaly: gysga wideolar, gyzykly kontentler. Bu hem bäsdeşinden galmajak bolup döredilen hyzmat.

“TikTok” barada gysgaça aýdylanda:

“TikTok” – gysga wideo görnüşleri görmek we paýlaşmak üçin sosial tory;
Dünýä ýüzünde 1 miliarddan gowrak ulanyjysy bar: häzirki wagtda bu san ep-esli ösdi we “Faсebook”, “Twitter”, “Instagram”, “Youtube” ýaly gigantlary geçmegi başardy;
2016-njy ýylda döredilenine garamazdan, onuň mobil goşundysy “AppStore” we “GooglePlay”-dan 1,5 miliard gezekden gowrak alyndy;
Dünýäde iň gymmat “startup” (biznes) taslamasy hökmünde hasaplanýar;
“TikTok”-da ABŞ-nyň özünden 30 milliondan gowrak ulanyjy bar;
Ulanyjylar gündelik 50 minudyny onuň içinde geçirýärler;
Ulanmak aňsat, “Instagram” bilen deňeşdirilende - ulanyjylary ýönekeý auditoriýa;
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ony ulanýanlaryň sanawy boýunça 1-nji ýere geçdi.


144

18

5

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bentner [off]
  Люди принимают доброту за слабость.
 15.09.2024 / 11:44

+0

Kop adamy sandan cykaran


Özümiziňki
Muawiye  (15.09.2024 / 12:02) 

Bentner, Ýok, sandan çykan adamlary paş eden.


Täzeje
Bentner  (15.09.2024 / 12:29) 

Muawiye, olam sheyle, gotuni bulap yoren gyz gelinler bady wn, indi erkeklerem cykyp ugrapdyr gotuni bulap

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 15.09.2024 / 14:28

+0

Şu platforma birnäçe ýurtda petiklenen

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.09.2024 / 15:52

+0

TikTok” näme sebäpden beýle meşhur boldy?.maňa gyzykly ýeri hem şul.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.09.2024 / 15:54

+0

tiktok adamlary samsyklaşdyrmady,samsyk adamlar özlerini görkezdi.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.09.2024 / 15:54

+0

ýetireniň üçin köp köp sagbol. like!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 18:04)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


[b]Menden gözüni aýyrmadyalar. Şundan soň men özüme bu durmuşda öz ornymy tapdym diýdim. Men diňe adamlary aňk etmek üçin dogylandygyma göz ýetir...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:59)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Mowzugy başlajak bolşuñ bir zada degýärä). Bir gyzdan arzan zat geyyaniñe utanyp, ejeñ kakañy azara goýup olañ pulyny sowañda utanmadyñmy?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Şugün, 17:57)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bir bendeden kemsinmelem etmesin, bir bendäni kemsindirmelem etmesin, özüňi ilden artykmaç saýmak gowy görmeýän häsiýetimiň biri...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:54)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Iň gowusy iliň ýokarysam däl, pesem däl, ortaça bolmak men üçin dogrusy şu....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Orazjan (Şugün, 17:50)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Ýöne öň-ä mende, şu pormy: lunatiklik, ukudaka diwaryň ýüzünde gezim edip, soňra potolokdan dikbaşaşak ýöremek, düýşünde suahilide ýa-da sanskrit...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:40)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Mahym Nurgeldiýewanyň kitaby bilen bagly waka, belki düýşde ýa-da huşda görlen oraşandyr, bahym bu kitabyň çap ediljegidir, Alla ýol berse. Kitab...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 17:38)

MUGALLYM !!!


Zakaz alañokmaý doss)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Ahmal (Şugün, 17:28)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Meniň üçin iň gyzykly ýeri şu:"Iç geýimlerimi bolsa her iki sagatdan meýdana zyňyp durdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:55)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Gitmänkäň Tik Tok sahypaňy paýlaşyp gitsene!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Garrybay (Şugün, 16:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика