Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Gulmahrem : Gülmährem: Sen gyzykly kitapdyň, her sahypaň bir ömür...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ykbal.
 Öwreniji
 ***** [off]
 28.09.2024 / 15:18

Dünýä indi, päkdi perişde ýaly, Ykbalyň oýnundan entek bihabar.
Ýowuzlyklar, ajy durmuş öňdedi,
Entek ataň nämedigni bilmänkä,
Atasyn elinden alypdy "gabyr".
Neneň dözýäň, ýetim goýup balany,
Bilenok ahyryn "agy, garany".
Çarhy pelek pylçap urdy ýene-de,
Öň pedersiz bolsa, indi enesiz,
Şeýdip "durmuş dörjeledi ýarany".
Wah,
gözlerni balkyldadyp enaýy,
Neneň dözdüň, alyp elinde baryn.
Heý, ýetimlik ýaly ýaman zat bormy?
Kim ajasyn çagajygyn halyna?
Indi kime duýdurmaly ahwalyn?
Durmuşyň hupbatyn çekip gerdende,
Ulalypdy mamasynyň elinde.
"Mama ejem kimaý, nähili keşbi?"
Her gezegem şeýle sorag berýärdi,
Öz gundagly suratlarny görende.
Ine bu gezegem ýene şol sowal,
"Meňzeýänmi, şuň ýanynda duramda".
Gözýaşyny saklap bilmän mamasy,
-Edil mährem käbäň ýadyma düşýär,
Her gezegem seň didaryň göremde.
Olam seniň ýaly derek boýludy,
Saryýagyz, seňki ýaly ýüzleri.
Ömrüň bir ejeňkä meňzemäwersin!
Armanly gitdi-dä balasyn taşlap,
Seňki ýaly manylydy sözleri.
Bagtyň bolsun, güler ýüzüň solmasyn,
Ýan ýoldaşyň güler ýüzün soldurma.
Zähmete werdiş bol, çaý, nanyn berip,
Arassa tut öýüň, çagaň, daşyňy,
Tasaňsyrap duşmanlary güldürme.
Säher bilen syryp, suwlap daşyňy,
Il örmänkä darap bolgun başyňy.
Balalaňdan aýama hiç öwüdiň,
Gysganma, ýaryňa bagş edip söýgiň,
Arassa saklagyn egin-başyny.
Pent bolsun jan balam şu aýdanlarym,
Ojagyňy, alawyňy öçürme.
Bala çagalarňy jemläp daşyňa,
Bilýän zadyň öwret, görelde bolup,
Işlisiräp namazlarňy geçirme.
Jan balam gülüp gelip, gülüp git,
Gaýnataň, gaýnagaň hormatyn sakla.
Çaý-çöregni hiç kem etme öňünde,
Hormatyny gazan, hem şol ojagyň,
Ar-namasyn sakla, duzuny hakla.
Wah,
ejeň pahyr diri bolsa aýatda,
Öwdün gaýgyrmazdy gerek ýerinde.
Özem görmän ötdi bala bagtyny,
Ýetim diýmän hossar çykardy derrew,
Kemsitmezdi ejizläni görende.


151

14

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Soho [off]
 28.09.2024 / 15:45

+0

Awtor?


Öwreniji
*****  (28.09.2024 / 15:45) 

Soho, basga bir saytdan aldym blmk

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 28.09.2024 / 15:45

+1

Dogry zatlar hemmesem

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwah gelyan gijesi 2


Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň......dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:22)

Arwah gelyan gijesi 2


Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä t...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:20)

Arwah gelyan gijesi 2


ýüzüne tiňkesini dikdi galdy. — Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?! — Öňki gyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:17)

Arwah gelyan gijesi 2


olary Öweze berdi: — Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde- de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabs...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwah gelyan gijesi 2
Ayjahan (Şugün, 10:16)

Özüñe üns ber!


Hemmesem meň edyen zatlam eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Belki (Şugün, 10:09)

Özüñe üns ber!


Bettt...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Bravee (Şugün, 08:00)

Mekdebim


Mlds.Manyly goşgy eken.Yetirip duryn...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Sasiyona (Şugün, 07:05)

Özüñe üns ber!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Sasiyona (Şugün, 07:03)

Özüñe üns ber!


Menem sonyaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Watjik (Şugün, 05:33)

Mekdebim


Berekella! eýýäm öwrenjem bolupsyň! senä diýänä ýene şeýdip aktiwje gatnaşsaň tyýz wagytdan tanalýanlaryň hatarynda adyň durar... )) gatnaş ýetir...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Fantom (Şugün, 03:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика