![]() 30 |
![]() 12 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-
de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň
gabsalaryndan-da as. Üzüm dalbarlaryna bagla. Aşhananyň,
hammamyň-da äpişge-gapylaryna daňyp goý. Her ýüzärligiň
gapdalyna-da ýüpek daň-da, sogan asyşdyr.
Öwez diýlenini etdi. Güljeren bilen Aýjahan daýza bir tamdyr
çörek bişirip, hudaý ýoluna çörek paýladylar. Gün ikindä
sananda mazaly ýag ysyny çykaryp, tüwi atardylar.
— Irgözinden molla-da çagyryp geläýsemmikäm? — diýip, Aýjahan
daýza nähilidir bir abanyp gelýän howpy syzýan ýaly, gokuly
gepledi.
— Entek göreli. Belki, hiç zat bolmaz — diýip, Güljeren
gaýynenesini köşeşdirdi. Gaýynenesine şeý diýse-de, onuň özi-
de aladadan gagşaýardy.
Tüwi bişensoň, Aýjahan daýza goňşy-golama nahar eltip, ys
dadyryp çykdy. Soň özlerine-de guýnup, saçak başyna geçdiler.
Mydama edişleri ýaly, Öweze aýratyn jama guýdular. Güljeren,
Gülälek, Aýjahan daýza üçüsem bir tabagyň başyna geçdiler.
Heniz jama el uzadylmandy. Günbatarda gün eňek atyp, gyzyl
şöhlesini kiçeldip ugrapdy. Ertirden bäri gyzyp, adamlaryň
eňkini agdyran howur birneme kiparlap başlapdy.
— Alyň onda, iýiberiň. Bisimilla — diýdi-de, Aýjahan daýza
öýüň ýaşulusy hökmünde nahara başlamaga rugsat berdi.
Hemmeleriň eli nahara uzady. Öwez dört barmagynyň üstüne tüwi
hem mündürip ýetişdi. Ýöne hiç kim agzyna duz salyp ýetişmedi.
Edil şol halat guýynyň içinden gelýän ýaly bolup, Gülälelegiň
gulagyna geçen annadaky tanyş ses eşidildi:
— Güläle-ýek! Güläle-ýek!
Gyz sese tisginip gitdi-de, jama uzan elini dessine yzyna
çekip aldy. Töweregine ýaltaklady. Gygyryp, sese ses berdi:
— Hä?!
Öweziň eline alan tüwüsi jama gaçdy. Güljeren elini nahardan
çaltlyk bilen çekip alyp, aglamjyrady:
— Ana! Ýene başlandy!
Aýjahan daýza tüwä ýeten elini yza-da çekip bilmedi, eline
tüwi-de alyp bilmedi. Misli, doňan ýaly bolup, Gülälegiň
ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ýek! Güläle-ýek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly
ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyzyl köýnegimi tikip boldum! — diýip, Gülälek oturan
ýerinden sese jogap berdi. — Ertir ýene birini başlajak!
— Häzir başla! Ertir başlama! — diýip, ses Gülälege buýruk
berdi. —Bol, häzir başla!
— Naharymy iýeýin-dä. Ajykdym men! — Gülälek ýalbaryjy
gepledi. — Soň başlaýaýyn?!
— Iýme! — diýip, ses rehimsiz gygyrdy. — Menem sen sebäpli
nahar iýmän ýörün. Senem iýme.
— Men sebäpli?! — Gülälek eşiden gepine haýran galyp, pikire
çümdi. — Men hiç kimi nahardan goýamok. Sen meni biri bilen
çalyşýan bolaýma?!
Ses gaharlandy:
— Gepiňi köpeltme! Maňa seniň düşündirişiň gerek däl. Ilki
bilen öýüňizden asan ajy ysly zatlaryňyzy aýyr. Men olaryň
ysyna çydamok. Ol yslar meniň ýoluma böwet bolýa. Soň bolsa,
täze köýnegiňi tikip başla!
Gülälegiň näler sesiň garşysyna gidesi gelýärdi. Onuň hiç bir
diýenini etmek islänokdy. Ýöne ähli zat erksiz bolýardy. Gyz
öz erkine hereket edip bilenokdy. Özi duýmazdan, sese tabyn
bolup barýardy…
— Bolýa! — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek saçaga elini
süpürip, ýerinden turdy.
Ejesi-kakasy, enesi ony doňňara daşa dönüp synlaýardylar. Oňa
näme diýjeklerinem bilenokdylar.
Gülälek elini krantdan sabynlap ýuwdy. Soň gapynyň eltutaryna
gysdyrylyp goýlan plotensa mazaly süpürdi. Şondan soň
kakasynyň asyp goýan sogandyr ýüzärlikleriniň barynyň ýüpüni
üzüp, ýere zyňyp ugrady.
Gülälegiň bu bolşuna Aýjahan daýza özüne gelen ýaly boldy. Ol
hem saçaga elini süpürip, çalt töwirini galdyrdy. Güljeren
bilen Öwezem oňa eýerdiler. Aýjahan daýza Öweze:
— Çalt git-de, Pälwan mollany çagyryp gel! — diýip, tabşyrdy.
Özi bolsa Gülälegiň ýanyna bardy. — Gülälek jan, aýyrma bu
zatlary! Bular seni al-arwahdan goraýar-a!
Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini
diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly
zatlary ýere göm, ýa köçä taşla!
Gülälek geplemän, elindäki bir bogy ýüzärlik bilen Aýjahan
daýzanyň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi. Aýjahan daýza iki eli
bilen ýüzüni tutup, yza tesdi:
— Bu gyzy hakyt al-arwah eýeläpdir.
Öwez mollanyň ugruna gitdi. Güljeren saçak-suprany ýygnady.
— Näzik daýzanam çagyraýynmy? — diýip, gaýynenesine sala
saldy.
— Çagyrasyň gelse, çagyraý! — diýip, Aýjahan daýza gamgyn
gepledi. — Muňa Näzik näme eder öýdýäň?!
Güljeren ylgap gidip, Näzik daýzany yzyna tirkäp geldi. Bu
wagt Gülälek ähli ýüzärlikdir asylan soganlary ýygnap, olary
gömmek üçin pil alyp, çukur gazýardy. Üzüm dalbarlaryndaky
ýüzärlikleri eli ýetmäneligi sebäpli, oturgyja münüp
alyşdyrdy.
Aýjahan daýza Näzik daýzany aglap garşylady:
— Näzik, bu gyz-a ýene başlandyr…
Gülälegiň bolup durşuny görüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigledi.
Bu wagt onuň kalbynda bir zatdan kanagatlanma duýgusyna meňzeş
duýgu-da döreýärdi. Ol duýgy enäniň ýüregini ezip, agysyny
tutdurýardy. Özem bir ýakyn hossara duşup, der aýdyp
aglanylýan agyny.
Näzik daýza öň Gülälegiň öz kakasynyň gözüne iňňe sokjak
bolanyny ýatlap, «Birden elindäki pil bilen meniňem maňlaýymy
ýaraýmasyn» diýen gorka gaplandy-da, gyzdan uzak aralykda
badyny saklady. Oňa gep goşdy:
— Gülälek jan! Ol zatlary ýere gömmesene. Gereg-ä olaryň bary.
Ýokardan asylanyny halamasaňam, ýygnap, goý bir ýerde.
Soganlar-a nahara atmaga gerek. Ýüzärliklerem tütetseň,
derdiňe em bolar!
— Piliňi taşla-da, ýanyna baryp, ol daýzanyň saçlaryny, ýüzüni
sypa! — diýip, ses Gülälege buýruk bermegini dowam etdi. —
Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl. Sen
erbet adam! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar!
Sesden eşiden bu sözleri Gülälegiň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol
Dogamyy bar... 2-nji bölüminiň...
Ayjahan, dowamy a garaşyan Gaty gowy