Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Asman : Özüñi södürmeseñde ýigrendirmezligi bashar!!!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Goşgy okajak bolsaň.
 Öwreniji
 Kesxa [off]
 27.12.2024 / 22:42
 Amorf we metamorfoz, oňatlyk.

Goşgy okajak bolsaň,
Oka säher çagynda.
Has ir okajak bolsaň,
Oka körpe bagynda,

Oka,
Ataňa oka,
Ýa okap ber eneňe.
Okap biraz medet ber,
Kötellige eňene.

Oka sen, aryklary,
Okaryklaram oka.
Oka hem aryplary,
Aşyklaryda oka.

Okasaňda Hallyny,
Oka Gurbannepesem.
Köpeldiber sanyny,
Okamaga bekeseň.

Alyşir Nowaýydyn,
Birneme sapak oka.
Jumabaýew Magjandan,
Sen "Sersembaýy" oka.

Wahapzada dädäni,
Okamagy unutma.
Haýýamy okanyňda,
Burnuňdandyr bulutlar.

Kaýum Taňryguly hem,
Atamyrat Atabaý...
Gurbannazar Ezizow,
Annaberdi Agabaý...

Sanasaň sogaby bor,
Sen okabar sanaman.
Gygyrma ýa bagyrma,
Oka ýöne,
Sadalap.


Ýarhan BALLY


115

8

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 27.12.2024 / 23:23

+0

Mlds gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика