Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Ynsany beden taýdan operassiýa etmek üçin uklatmak gerek, ruhy taýdan operassiýa etmek üçin bolsa oýandyrmak.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÇÖL GYZYNYŇ AÝDYMY
 Gytyndan
 Baron [off]
 28.12.2024 / 16:51
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Küýsedim çyg düşen çägäň ysyny,
Howumam basyldy, ýadyrgap başda.
Mäleýär dagyňam owlak-geçisi,
Ýöne sürüleriň çopany başga.

Döşümi bezeýän örüm saçlarym
Gyňaç-seçek arasyna garyldy.
Çäge saýdym daşlaryny daglaryň,
Dabanymam pakga-pakga ýaryldy.

Syryňy gizlejek sazak-selin ýok,
Bulutlar ýagmasa sowulmaýarlar.
A daglara bir ýaň berseň ýeterlik,
Olar bir-birine şugullaýarlar.

Garylsa-da ýag bilen suw, bir-birine goşulmaýar,
Gumly gyzyň aýdymyna dagly ýigit düşünmeýär.


©Ogulnur ATAÝEWA


135

16

4

9

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 28.12.2024 / 16:51

+2

Ine, ŞAHYR şu gyz!

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 28.12.2024 / 16:56

+1

Gowy bolupdyr yetirip dur

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 28.12.2024 / 19:41

+2

Laçyn Pürjeden soňky iň güýçli zenan türkmen şahyry şu.


Özümiziňki
Gulmahrem  (30.12.2024 / 10:14) 

Baron, Şähribossan Geldimämmedowadanam öňdemidi bular?


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 10:16) 

Gulmahrem, meň üçin öňde.


Özümiziňki
Gulmahrem  (30.12.2024 / 10:17) 

Baron, halk üçin beýle däl.


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 10:22) 

Gulmahrem, menem halkyň bir ülüşi. Hemem häzir seň halk diýýäniň 99%-i bu şahyrlary tanaýanam däldir.


Özümiziňki
Gulmahrem  (30.12.2024 / 10:26) 

Baron, Bolup biler, Baron. Ýöne pikirimi aýtdym-da. Menem halkyň biri bolamsoň, göwnüňe zat getirme. )


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 10:30) 

Gulmahrem, edebiýatyň öz teoretiki kanunlary, düzgünleri bolýar. Hakyky edebiýata hem juda az sanly adam düşünip biler. Sebäbi halk "толпа" bolýar. Kuwwat Ýazmuhammedow we ş.m. gögeleleri şahyr hasaplaýan halk ýokarky şahyrlaň töweregine baryp bilmez. Sebäbi köpüsiniň aňy çatanok goşgy bilen goşgyny parhlandyrmaga.

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 30.12.2024 / 01:10

+0

Iň güýçli erkek şahyr kim onsoň?


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 01:15) 

Kesxa, iň güýçli erkek şahyr ýok. Iň güýçli däl erkek şahyram ýok.


Öwreniji
Kesxa  (30.12.2024 / 01:24) 

Baron, hümm. Atlandyrjakdälmi ýa men düşünmedimmi?


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 01:25) 

Kesxa, haýsy birini atlandyraýyn?!


Öwreniji
Kesxa  (30.12.2024 / 01:26) 

Baron, ?Sapa Hommatdan başla


Gytyndan
Pegas  (30.12.2024 / 01:26) 

Kesxa, ýaltanýan.


Öwreniji
Kesxa  (30.12.2024 / 01:27) 

Baron, OK.


Özümiziňki
Gerceknazar  (30.12.2024 / 06:39) 

Kesxa, iň güýçli erkek şahyr Kerim Hally


Öwreniji
Kesxa  (30.12.2024 / 08:04) 

Gerceknazar, Bäh

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Berekella, gowy ýazylypdyr... Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Fantom (Şugün, 20:26)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика