Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Şeýle biri bardyr ýanymyzda bolmaýan, aklymyzdan hiç çykmaýan.. #.fileo
Aýralyk ýyllar.
Gerekli Sebap [off] 30.12.2024 / 12:53 Lekum dinukum we liýe din
Alandyk ençeme ýollary söküp
Duwz-çörek nesibe gör nirä çekip!
Yüregmizde ýanýan aýralyk oduñ,
Ençe ýad ülkede, külüni dözüp.
Eşidipdik, gördük, ajy eken gurbat
Gitdikçe ýüregim, gysylýar erbet
Bizi gören gara gözlere, ýene,
Gözüm düşermikä, eý amanuarbat.
İlden aŷra düşmek ajy hem ŷawuz
Göwin ŷarym, ŷürek şatlykdan gowuz
Durandyr gidenleň ŷollyny garap,
Bşyna döndügim ol Kümmetgawuz
.Kerwen gurup, göçüp barŷan bulutlar
Bilmen nirä geçip barŷan bulutlar
Salam aŷdyň biziň ile barsaňyz,
Ak merjenler seçip barŷan bulutlar.
Kerwen başyn biziň ülkä çekiňler
Giň Sährama mähir bilen bakyňlar
Ŷürek duŷgularmy tabşyrŷan size,
Eltip Watan topragyna döküňler.
Gözel Sähram söŷgä suwsap ŷatandyr
Aŷralykdan ŷürek-bagry tütändir
Goŷ çoŷsun özüni ŷürek oduma,
Gyş aňzagy dabanyndan geçendir.
Duŷgularym damja-damja dökülsin
Mele toprak, süŷgim bilen ŷakylsyn
Bahar geler, dürli güller açylar,
Şol güllere „Arzygül“ ad dakylsyn.
Hyŷalyňda geçŷär gije-gündizim
Çekip duwr iŷdiren çöregiň-duwzuň
Ŷatandyr Atolmuň şorja gumunda,
Çagalyk ŷyllarda basanja yzym.
Dyzlarym gowşaşŷar, köpelŷär iňrim
Barha golaŷlaşŷar, bärimden aňrym
Sähramda ÿene bir ŷelmik iŷŷänçäm,
Garaşyk edewer, eŷ beŷik Taňrym.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýürege ýakyn
Gitdiňmi şeýle uly git… aýaklaryň hem geçmesin ýakynyndan aýralyk hem senden utansyn… kölägäň hem yzynda galmasyn..mertebäň bilen git we gidensoň...
dowamy...Gyz haty..
Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyñ ýatsa...
Bir zaman da:şa
Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!...
dowamy...
Ýokaryk