Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
MARY : üns bermeseň çaý hem sowar,Göwün hakda gürlejegem däl

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Yaşa sen!
 Betinden
 Sebap [2m]
 01.01.2025 / 10:23
 Lekum dinukum we liýe din

Ömür berilmeýär adama iki,
Şonuñ üçinsöýlüp,söýüp ýaşa sen!
Özüñi il-güne sylatgyn ilki,
Gezegiñde hormat goýup ýaşa sen!

Eneñ aýamady mährini,süýdün,
Onuñ mele-myssyk çöregin iýdiñ,
Gije ýatman ören jorabyn geýdiñ,
Mähriñe çoýduryp,çoýup ýaşa sen.

Mydam wepadar dost gurşasyn daşyñ,
Dostuñdyr gorajak köp howpdan başyñ,
Şeýle çyn dostuñdan gysganma aşyñ,
Gezegiñde bile iýip ýaşa sen.

Atañdyr bu dünýä gelmegñe sebäp,
Bakdy seni halal ýollardan ýöräp,
Indi senem oña gaýtargyn jogap,
Gezegiñde oña uýup ýaşa sen.

Goý derden garalsyn akja köýnegiñ,
Il gün üçin ylga,gyna toýnagyñ,
Zerurdyr Watany jandan söýmegiñ,
Gezegiñde şandan doýup ýaşa sen.

Toýuñda ýasyñda ylgar ýakynlañ,
Şolarly añsat bor ençeme kynlañ,
Olary görende saçak ýaz giñden,
Gezegiñde “Sag bol” diýip ýaşa sen.

Bir gün geler, biri eli çalgyly,
Garadyr geýimi, senden algyly,
Algysyn alansoñ ine sen öli,
Gezegiñde şony duýup ýaşa sen
.
Terezä goýarlar sen we señ günäñ,
Garşyñda bir otly, bir otsuz bina,
Hemaýatyn etmez funt,ýewro, dinar,
Gezegiñde halal iýip ýaşa sen.

Awtory: Kerim Hallyyew.


91

4

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика