Ýürekdeş sözler!
boshver : Gapysyz jaý gurup, myhmana garaşmañ..# fileo
Ýaksa Hakdan gelen söýgi, Ýaşadanok şodur aýby...
Betinden Sebap [off] 02.01.2025 / 01:07 Lekum dinukum we liýe din
Söýgi berip,ýüregime,
Bir ömrüñi sogapladyñ.
Arzuw edip, Ikimize,
Toý edýäni togapladym.
Seniñ gyzgyn mähiriñi,
Mähir bilen jogapladym.
Men başgany söýer ýaly,
Özge göze garapmydym?
Sen şeýle bir çalt özgerdiñ,
Ýa ýamanyñ büräpmidiñ?
Senden garaşdym bagtyma,
Emma ony azapladyñ
.Ötünç! Şyñlan gulagyña,
Bu gün men seni ýatladym.
Gije turup aýalymyñ,
Ýuwaş üssünden ätledim...
Uky nirde? Düýşe girip,
Iýip barýañ,meniñ etim.
Kagyz aldym, galam bilen,
Çapdym biraz ylham atyn.
Sen hakdaky goşgularym,
Galñatdy has ýene gatyn.
Öñkülerden üýgeşik däl,
Uklamadym ýene bu tün...
Awtory: Kerim Hallyyew
Teswirler:
Soňky teswirler
Ýokaryk