Ýürekdeş sözler!
jemile : Ýashatdygyny ýashamadan olmiyor insan
Gözlegde
Özümiziňki Gerceknazar [off] 02.01.2025 / 08:42 Kanagatly bende baýdyr soltandan
GÖZLEGDE
Ýene-de gözlege çykdym,
Wagtym çäkli, eňip barýan.
Gör-ä eýýämden ajykdym,
Azyk alman oňup barýan.
Bireýýäm saraldy ýaprak,
Bolýar bagdan gaçjak-gaçjak.
"Perzendini ene toprak
Suwsyz goýmaz" diýip barýan.
Batbörek deý alýaryn ba:t,
Nirde?
Ýolumam görnenok,
Kelle–ga:zan, ýüregim–o:t,
Ýanyp barýan, ýanyp barýan.
Şygrym, ömrüm güýmeýär-le,
Bu derdimi duýmaýaň-la,
Hatda indi söýmeýänem
Söýüp barýan, söýüp barýan.
Namalarmy diňläň hany !
Nalalarmy diňlän hany ?
Ýogsam, ýagyp-ýagyp indi,
Diňip barýan, diňip barýan.
Kagyz, ine saňa ýürek,
Deňiz, ine saňa kürek,
Bilmen, nirädir bir ýerik
Ýüzüp barýan, ýüzüp barýan.
Ak kagyz–ak deňiz ýeri,
Tolkunlary–setirleri,
Şeýdip şygra ýazgydymy,
Ýazyp barýan, ýazyp barýan.
Gerçeknazar Amannazarow
02.01.2025
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk