Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Ol bir gűn dolanar diÿme. Ertirimize hem ynam yokka @menin_dunyam
Gybatçy janawerler üçin :-)
Gytyndan Baron [off] 07.01.2025 / 10:08 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Gybatkeş tanşym bar diýseň zehinli,
Hakdan içen diýsem, lap etdigim däl.
Görmegeý gelin ol otuzdan geçen,
Görküni mazamlap, gep etdigim däl.
Adyn aýtsam, menem bolaryn gepçi
Tapawudy näme, Jerenmi, Maral?!
Gybat gahrymany, gybat ussady,
Hakyky hünärmen, işine jür ol.
Gündelik habarlaň täzelikleriň
Şeýle bir täzesin getirýär weli,
“Iň täze habarlar” gepleşiginde
Ediljek özüni oturdaýmaly.
Ýok, diňe bu hem däl, meşhur Ginnesiň
“Rekordlar” kitabna girizäýmeli.
Wah, oňa girensoň dymsa ne ýagşy,
Ýöne ahmal şonam irizäýmegi.
Öňüne geçen ýok häli-häzirem,
Gybat diýip, gör, nirlere gitjek ol!
“Häsin” berip, sähel gulak gabartsa,
Ölüler bilenem gybat etjek ol.
©Baýram ÝUSUBOW
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 07.01.2025 / 21:51+1Gowy gosgy ekeni
Soňky teswirler
Ýokaryk