Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
StarFly : Wagt ýatsañ hem işleseñ hem geçip dur.Ýöne esasy sen wagtyñy nähili geçirýärsiñ?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“SEN ÖÝLENDIŇ ŞONDA...”
 Gytyndan
 Baron [off]
 20.01.2025 / 08:56
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Bahar jümjümesin dokap ýördi hut,
Guşlar saýramaga küýlendi şonda.
Pyntyk açan duýgularmyz...
17...
A sen aýtman-diýmän öýlendiň şonda.

180 dereje birden nurly Gün,
Güneýden Kuzeýe aýlandy şonda.
“Men dünýäniň niresinde galdymkam?”
Sen öýlendiň şonda,
Öýlendiň şonda...

Burç ýasady asman,
Bulut çakyşyp,
“Güýjüm bolsa uçjak”,
Şaýlandym şonda.
...Ýördük biz käwagt ogryn bakyşyp,
“Ýöne sen näme üçin öýlendiň şonda...”

Toý...
Gelnalyjy...
Küşt depmäge ýeňňeler
Hem-de ýigit-gyzlar aýlandy şonda.
Sumat bolduň,
Tapylmadyň iki gün.
Ýöne başga gyza öýlendiň şonda.

Ýyl geçdi.
Geçdi aý.
Ýyldyzlar öçdi.
Seçdi durmuş seçjegini biz üçin.
...Maňa ençe gezek näme üçindigin
Düşündirjek bolup şaýlandyň şonda.
Ýöne içimi bir ses iýdi durdy:
“Näme üçin duýdansyz öýlendiň şonda?”

So-oň “Bagyşla ” diýdiň — Bardy sebäbi...”
Ýuwdunyp daşymdan aýlandyň şonda.
Meniň gözlerimde sorag belgisi
aglap duran borly:
“Näme sebäpli
Meni ýalňyz goýup öýlendiň şonda?”

Başyň goýup egnimdäki gyňaja,
Meni söýen gözleň çyglandy şonda.
Düzedip bolmajak ýalňyş edipdiň:
“Ýaryň taşlap, nädip öýlendiň şonda?”

Diňlemedim belki,
Aýtjak bolupdyň:
“Söýmenmi seni?”
Şu sözi diýmäge peýlendiň şonda.
Emma meň kamatym ýeke soraga
Öwrülip gidipdi:
“Öýlendiň şonda?”


©Oguljennet BÄŞIMOWA


161

23

3

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 20.01.2025 / 12:15

+1

Başyň goýup egnimdäki gyňaja,
Meni söýen gözleň çyglandy şonda.

durmuş gurandan soňam görüşdimikä?


Özümiziňki
Fantom  (23.01.2025 / 22:31) 

Arzuw,
Ýolda yýzda gabatlaşyp bilerlerä???

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 21.01.2025 / 00:10

+1

Gynançly eken

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 23.01.2025 / 22:30

+0

Täsirli...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика