Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Bizi adamlardan köp. Aýdymlar düşünýär
Giripdir düýşüme
Gytyndan yurekdes [off] 23.01.2025 / 00:10 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
Gowşurylman solup giden
Güller giripdir düýşüme.
Bagt deýin tiz gelip-giden
Günler giripdir düýşüme.
Şeýledir yşkyň kitaby:
Ýary ahmyr, ýary agy,
Mukaddes söýgüň mähraby–
Münber giripdir düýşüme.
Ma:ýyl-ma:ýyl, assa-assa
Ýöräp barýas ýere basma:n,
Älemgoşar, mawy asman –
Gümmez giripdir düýşüme.
Çeçekleri tiken-tiken,
Çyn söýgi aýralyk eken!
Egnime ömürlik çöken
Günler giripdir düýşüme.
Şapak bolup lowurdan şam –
Köňlüme – gam, ömrüme – şan,
Hyýalda haly perişan
Dilber giripdir düýşüme.
Gurbandurdy Orazow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk