Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Bizden birşey kalmadıysa, canımı yakan bu heyecan nedir..

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

8 njı mart degişmesi
 Täzeje
 Batyrova [off]
 19.02.2025 / 11:35

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda
“Heleý” diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?

Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapa
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
“Bärik gel-eý!” diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip “gel-eý!” sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş “heleý” sözi...

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

“Ogulsapar jan” bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa “Gel-eý, Gel-eý!” diýip,
“Heleý” adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bilen garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.
...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň! Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.


77

14

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [33s]
  Lekum dinukum we liýe din
 19.02.2025 / 11:44

+0

Gowy eken ýetirip dur


Täzeje
Batyrova  (19.02.2025 / 11:45) 

Sebaphokman,


Betinden
Sebap [33s] (19.02.2025 / 11:45) 

Batyrova,

 Betinden
 Sebap [33s]
  Lekum dinukum we liýe din
 19.02.2025 / 11:45

+0

Agy 8nji mart güninde açaýmaly ekeniňda gowy bolardy şonda


Täzeje
Batyrova  (19.02.2025 / 11:54) 

Sebap, ondada açarys nesıp bolsa


Betinden
Sebap [33s] (19.02.2025 / 11:56) 

Batyrova,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.


Tm Form- goýjakmy muny...dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.
Sebap (Şugün, 22:52)

18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.


Baram ýary gije bolýar ekena. Edil kinolarda görkezilişi ýalyda....dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.
Sebap (Şugün, 22:49)

18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.


Estagfrullah...dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.
Pechine (Şugün, 22:27)

18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.


Menem ertiri okaran bir laikam.mendem gelsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.
Bravee (Şugün, 22:14)

18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.


Ahmal aga okamak laik goýdy diýme, belläkgoýdum...dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 den kiciler we gyzlar gundiz okamaklygy maslahat beryan.
Maleficent (Şugün, 22:12)

Pikirleshyas


Seniň üçin hiç hili bolmajak mümkin däl zadyň, bolmajagyna gözüň ýetip duran zadyň, iru giçde juda azam bolsa boljagyna umyt edip bolýamy ynsanda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Anora (Şugün, 21:00)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Berekella, gowy ýazylypdyr... Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Fantom (Şugün, 20:26)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика