Gytyndan Sebap [off] Düýn, 08:39 Lekum dinukum we liýe din
Talyplyk ýyllarymda institutymyzda bir gyzy gowy görýärdim.Onuň ýylgyryşy we bakyşy meni maýyl edýärdi. Her gezek göremde meniň ol gyza bolan söýgüm has-da möwjeýärdi. Onuň garaja saçy, garaja gözleri hem-de alma ýaly ýaňaklary meniň hoşuma gidýärdi.
Bir gün okuw otagyndan çykyp gelýärkäm ol hem meniň garşyma çykdy, aljyrap elimdäki ýantorbamyň gaçanyny duýman galdym. Ol meniň bolşumy görüp ýuwaşlyk bilen ýylgyrdy. Deňimden geçip gidende onuň hoşboý ysy meniň onuň yzyndan ýöremegime mejbur etdi. Ýöräp barşyma ol gyzyň deňine ýetdim hem-de tanyşlyk açmaga başladym…
Aradan birnäçe wagt geçdi. Men onuň bilen ýakyndan gatnaşyp başladym. Her hepde bile kitaphana, naharhana giderdik. Gün-günden meniň oňa bolan söýgim artýardy. Ýöne men muny aýtmaga utanýardym. Her gezek duşuşanymyzda oňa gowy görýänligimi aýtmaga utanyp ýene-de indiki duşuşygymyza garaşýardym. Biz bir-birimize kem-kemden öwrenşip başladyk. Ýetişmeýän derslermize birek-birege kömek edýärdik.
Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Aradan birnäçe aý geçdi. Bir gün öýe gelemde ol gyz meniň el telefonyma hat ugradyp goýupdyr. Ol meniň bilen gyssagly görüşmelidigimizi ýazypdyr. Ertesi gün okuwdan soň naharhanada bile oturyp günortanlyk edindik. Onuň ýüzünden gar ýagýardy. Nämedir bir zatlar aýtjak bolýardy, ýöne onuň dili tutulýardy. Ilki bilen sypaýylyk bilen ýüzüme seretdi-de söze başlady:
Ikimiziň dostluk köprümiz berk guruldy. Men seni öz doganym ýaly görýärin. Sen maňa köp kömek etdiň. Munuň üçin men saňa köp sagbolsun aýtýaryn. Ýöne indi biziň dostlugymyzyň soňy geldi. Meni bagyşla! Ejem meni daýzamyň ogluna durmuşa çykarjak bolýar. Eýýäm biziňkiler toýuň razylygyny berdi. Nesip bolsa indiki aý toýumyz bolar. Menem seni şol toýa çagyrýaryn. Mundan soň ikimiz hiç haçan beýdip gabatlaşmarys! – diýdi-de, öňüme kiçijek hat goýdy. Bu haty meniň öýüňize baramsoň okamagymy haýyş etdi we ýuwaşlyk bilen ýerinden turup gitdi.
Men ol gyzy janym-tenim bilen söýýärdim. Hat-da men onuň bilen durmuş gurmagy hem pikirlenýärdim. Ýöne bu eýýäm giçdi. Her gezekki duşuşygymyzda aýtmak isleýän üç sözümi indi hiç haçan aýdyp bilmerin.
Agşamlyk ýerime geçemde alan haty açyp gördüm. Ol hatda şeýle ýazylgydy: “Bagyşla meni! Seniň meni söýýänligiňi bilýärdim. Sen menden utanýanlygyňy hem bilýärdim. Menem seni söýdüm, menem senden utandym. Men seni söýenim bäri “Men seni söýýärin” diýen üç sözüňe garaşyp gezdim. Maňa tarap ädimleriňi ätmegiňe garaşdym…”
Bu setirler maňa söýgüsini aýtmaga utanýan ýigidiň ýandepderçesinde ýazylandy.
Aýrejep Batyrowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
44
10
1
1
0
0
1
Teswirler:
Täzeje Daniel [off] Quran lover 🤍 Düýn, 19:32
+0
Bulary nireden alyaka bu Balkanly gyzymyz
Gytyndan Sebap(Şugün, 07:06)
Daniel, Atawatan türkmenistan diýip bar şol ýerden alýan
Gün şöhlesinde ýatmak:
Gün şöhlesinde ýatmak pişikleriň iň halaýan endikleriniň biri. Bu olar üçin ýylylyk, rahatlyk we energiýa tygşytlamak....dowamy...