Ýürekdeş sözler!
Belki : Penjirelere, sahypalara adyñy ýazmakdan ýadamadym. Olar dagy nämejikmiş adyñ ýüregimde ýazylgy durka?! #Belki
Aşyk ýigidiň haty
Premium
Sebap [off] 15.05.2025 / 13:29 Lekum dinukum we liýe din
Ýeri näme diýip, näme aýdaýyn,
Sütemkär gözleriň synagy niçik?!
Bar syrymy ýüze çykaryp barýar,
Rentgen deý, nazaryň içimden geçip.
Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden,
Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar.
Kalbym sema oýnap, sowan gursagym,
Seň naşyja näzikligňe çoýunýar.
Sen owadan, düýşegirginç owadan,
Kämil sen Mosartyň mukamy deýin!
Her säher seň höwesiňde oýanyp,
Seniň arzuwyňda uka gideýin.
Duşsam aljyraýan, senem aňýansyň,
Alajyn gözleýän sowarak gezmäň.
Ömrüm sakawlady saňa ýetende,
Dörtburç arzuwlarmy togalap bilmän.
Sen meni şahyrlyk hetdine eltdiň,
Söneňkirlän ylhamymy gorjalap.
Söz aýtsam,
çem tapyp, eger aýdaýsam,
Ýeri, näme diýip berersiň jogap?!
Eger sözüm alsaň, ýürek näderkä,
Megerem, partlar ol bagta çydaman.
Ýöne «ýok» diýäýseň, estagfurylla,
Nirede, nähili dilärkäm aman?!
Seýitmyrat GELDIÝEW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
BAGLYLYK
Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....
dowamy...Sakla
Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy,
Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy,
Ýetimiň öňünde bolma hataly,
Agyr günälerden, töhmetden sakla.
Ămin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...
dowamy...
Ýokaryk