Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Köp bilýän adam bilmediksirän bolsa, şol mydama beýikdir, bilmeýän adam özüni bilýän ýaly alyp barsa, ol akmakdyr... #Ali
Dünýä aşyk çöl gyzyna
Premium
Sebap [off] 15.05.2025 / 15:30 Lekum dinukum we liýe din
Galamdaşym Ogultäje…
Duýduñmy sen, bu gün neçün owadan?!
Guşlar aşyk, girip täsin pyşyrda.
Siz tarapda lowurdaýar ýyldyzlar,
Şemal söýüp aýdym aýdýar daşarda —
Daglar seniñ toýuñ tutjak başarsa…
Duýduñmy sen, bu gün dünýä owadan,
Bişesi gelip dur süýjän üzümler.
Umytlar hem atyn çapyp barýarlar,
Saña ýetse güllär, olar üzülmez…
Bu gün gülmän, tans oýnalman gezilmez.
Gördüñmi sen, bu gün şäher owadan,
Siz tarapda öwşün atýar çyralar.
Saña gül getiren yşkly Pegasam,
Nepes kimin oýarmaga yralar —
Karkaramyz gupbasynda garanar.
Bir elinde galam, birinde aýna,
Galam ýazdy:r, aýna ogşar görküni.
Petirjik bişirip, süýtli çaý içip —
Goşgy ýazmak ýetirenok her kime,
Ylhamy baglapsyñ yşkly örküñe!
Bu gün ne owadan — dünýä saz çalýar,
Içen barmy, «Ak guýynyñ» suwundan.
Ýadyñdamy, ak çarlaklar deñizde —
Çöl gyzyna aşyk eken owaldan —
Sebäbi sen edil şu gün doguldyñ…
03.06.2023. Hormat bilen Oguljemal Çaryýewa
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
BAGLYLYK
Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....
dowamy...Sakla
Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy,
Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy,
Ýetimiň öňünde bolma hataly,
Agyr günälerden, töhmetden sakla.
Ămin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...
dowamy...
Ýokaryk