Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Az iyen arassa ,köp iyen hassa!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Goýun ýylynda doglanlar🐑
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 16.06.2025 / 10:37
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Goýun ýyly müçe ýyl hasabyna görä 12 ýylyň sekizinjisi. Goýun ýylynda dogulan adamlar çeperçilik sungatyna ökde bolýar. Olar gelşikli, şähtiaçyk, özüne çekiji. Tebigaty gowy görýärler. Hereketleri gelşikli, sazlaşykly, çeýe häsiýetleri welin örän ynjyk. Köpüsiniñ häsiýeti ýüregedüşgünç, elmydama iññirdäp ýörýär, ýaýdanjañ, öz ykbalyndan hemişe zeýrenýär. Köpüsi dine berk ynanýar, fantastiki we adatdan daşary zatlar bilen köp gyzyklanýar. Kişiniñ zadyna eýeçilik etmegi gowy görýär. Başgalaryñ hasabyna baýamaga çalyşýar. Tertipsizligi we gödekligi zerarly olaryñ käbir hereketlerini çekip-çydar ýaly däl. Emma olar gerek bolsa ýaranmagy başarýarlar.

Umuman aýdanyñda bular akgöwünli hem-de sahy adamlar. Iki zady bolsa birini bermäge taýýar. Ýöne köplenç bermekçi bolýan zady özgäniñki. Ýeri gelende aýtsak, olar ýaramaz hojalykçy. Bularyñ durmuşy köplenç özüne däl-de töweregindäkilere bagly bolýar, esasan olaryñky şowuna. Her niçik waka bolup geçse-de, günäkär boljak gümanlary ýok. Ynsapsyzlyk edilýänini görseler duşundan arkaýyn geçip bilenoklar.

Goýun ýylynda dogulanlarda jogapkärçilik duýgusy gowşak ösen, özlerem täzelikçi däl. Ýolbaşçylyk etmäge ukyplary az, sebäbi olar boýun egmegi gowy görýärler. Ýöne gowy adamlaryñ täsirine düşse, sungatda-da uly üstünlige eýe bolup bilerler. Talantly adamlar, özlerem örän duýgur. Muña garamazdan beýlekilerden saýlany bermegi başarmaýarlar.

Söwdada işleri juda bir paşybermeýär. Bulardan söwdegär bolup gönendiren ýok. Pikirlerini aýdyñ beýan etmegi başarmaýarlar. Şonuñ üçin aýdýan zatlaryna bada-bat düşünmek kyn, bir görseñ-ä çalt-çalt, bir görseñem haýal gepleýärler. Bütin ömrüne söýgi hossary bir gapdallaryndan galmaýar, käbiriñ-ä bulaşmagam mümkin.

Goýun ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Goýun ýylynda dogulan adamlar 🐰 Towşan, 🐷 Doñuz, 🐴 Ýylky (at) ýylynda dogulanlar bilen goş birikdirse bagtly bolar. Syçan, esasanam Sygyr ýa-da It ýyllarynda dogulanlar bilen durmuş gurmak maslahat berilmeýär.
Ömrüniñ ikinji bölegi aladaly, garran çaglary asuda durmuşda geçýär.

Goýun ýyly haýsy ýyllar?
Goýun ýyllary: 1907, 1919, 1931, 1943, 1955, 1967, 1979, 1991, 2003, 2015, 2027, 2039, 2051, 2063, 2075, 2087, 2099.


22

3

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Atsyz


Gowy gosgy ekeni avtory kimka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Atsyz
General (Şugün, 19:27)

Bolan waka


Ola bolmandyr gyz erbet bolandyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolan waka
General (Şugün, 19:20)

Bolan waka


Utanmanam bagtly bol bagyşla diýýär eden zadyňdan soň ýürek ýaralaňdansoň bagyşla sözüň kime peýdasy barka?......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolan waka
Sebap (Şugün, 19:08)

Bolan waka


Samsyk oglan dogrysyny aýdaýmalyda 1 aý unutmaz 2 aý unutmaz ýöne wagtyň geçmegi bilen sen aýdan sözleriniň açan ýarasy bitera...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolan waka
Sebap (Şugün, 19:07)

"Söýgi näme" goşgy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Söýgi näme" goşgy
Gunesh (Şugün, 18:56)

Hokman okañ


Her bir synag biziň ýararymyza aslynda şonuň üçin synagdan geçmek her bir ynsada başardanoga şonuň üçinem ilki bilen sabr, soňam şükür gerek diýe...dowamy...
Umumy | Hokman okañ
Sebap (Şugün, 18:56)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýöne dogry aýtýaň seňkem ýaňňyş däl köp oglanlaram bar seň diýşiň ýaly...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Sebap (Şugün, 18:50)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


bu döwürde diňeje erkekler däla gyzlardanam şeýleleri bar indi. Arasynda mena käbir gyzlary görüp içimden diýýän oglanlardan beter bular diýip...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Sebap (Şugün, 18:49)

"Söýgi näme" goşgy


«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan. Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan, Örtenip, miwesiz galdym men, guzym. Indi miwäm ýok-da, Boýum bar u...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Söýgi näme" goşgy
Pearl (Şugün, 17:54)

Bolan waka


Oglan düňk eken....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolan waka
Belki (Şugün, 17:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика