Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Pozguç ulanman çekilýän surata:"Durmuş" diýilýär:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

🐶It ýylynda doglanlar
Premium
 BAYOGUL [on]
 Şugün, 07:30
 Yurekdesh.ru

It ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň on birinjisi. It ýylynda dogulan adamlara iñ oñat häsiýetler mahsusdyr. Bular wepaly, ak ýürekli, syr saklamagy başarýan ynamdar adamlardyr. Galyberse-de wäşiligem bar, maýdaçyllyk edenoklar. Ýöne şeýle bir kesir welin aýdyp diýer ýaly däl. Kesgin hem-de ýakymsyz bir sözi morta aýdyp goýbermegi hiç zatça görenoklar. Ýerli-ýerliksiz iññirdemäge, ýok ýerden kemçilik agtarmaga ýykgyn edýärler. Adalat ugrunda şulardan oñat göreşiji ýokdur. Her bir adalatsyzlyk olarda gahar-gazap döredýär, şonuñ soñuna çykdym diýýänçäler bulara köşeşme ýok. Hakykatyñ hatyrasyna, horluk çekeniñ bähbidine elinden gelen işi edýär. Bu adamlaryñ il içinde hormaty uly. Bir gowy tarapy olar hiç samsyk hereketleriñ tarapyny tutmaýarlar we goldamaýarlar.

It ýylynda dogulanlar filosof, nesihatçy, durmuşa özüçe düşünýär, pula kän ýykgyn etmeýär. Bu adamlar özdiýenli, durnukly we çaksyz kesir. Duýgy babatynda olary daşyndan görüp, biparh hasaplaýarlar, ýöne bu juda beýle däl. Olara ähli gowy duýgular mahsus.

Bular ýeter-ýetmez ýa-da baý durmuşda ýaşasyn tapawudy ýok, elmydama pähim-paýhasly hereket edýärler. Bolelinçilik bolmasa hem oñuşyberýärler. Bardy-geldi şeýle bolaýanda-da elpe-şelpelige ýüz urmaýarlar. Pul gerek bolsa, gereginçe tapmagy başarýarlar. Adatça bu adamlaryñ örän oñat ýolbaşçylar we jemgyýetçilik işgäri çykýar. Bularda ýolbaşçylyk etmek ukyby aýratyn ösendir. Iñ esasysy, her işde işleseler-de olar örän arassa saklanmagy başarýarlar. Dil meselesinde, elbetde, dilewarlygy bar, ýönekeý düşündirýär, ýöne pikirini doly açyp bilmeýär. Özleriniñem juda ýiti akyly bar, hiç kim olar ýaly üns berip diñlemäni başarmaýarlar. Bularyñ söýgüsi hem arassa we hakyky, emma durmuşynda söýgi hossasy biynjalyk edýär. Buda olaryñ mydama galdawlyk edýänliginden we durnuksyzlygyndandyr.

It ýylynda doganlaryň durmuşy nähili bolýar?
Durmuşynyñ bütin dowamynda başdangeçirmeler we adalat ugrundaky göreşler doly bolar. Ömri durnuksyzlyk ýagdaýynda geçer.

It ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
🐴 Ýylky, 🐯 bars ýa-da 🐰 Towşan ýylynda dogulanlar bilen bagtly maşgala bolmagy mümkin. Sygyr ýa-da Towuk ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy amatsyz. Luw ýa-da Goýun müçeliler bilen goşulyşmasa gowy.

It ýyly haýsy ýyllar?
It ýyllary: 1910, 1922, 1934, 1946, 1958, 1970, 1982, 1994, 2006, 2018, 2030, 2042, 2054, 2066, 2078, 2090.


22

8

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Power [off]
  Şörtjigedemä bir zat ýazmaly özä
 Şugün, 10:22

+0

Ýylky bars towşan ýylynda doglan kimler bar saýtda?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Eliň aýasynda ereýän metal


Akyllyja joram, gouja maglumat eken !...dowamy...
Erkin mowzuklar | Eliň aýasynda ereýän metal
--Diamond-- (Şugün, 17:44)

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


Ine çekeleşikli mowzuk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
BAY-HAN (Şugün, 17:06)

Keseki däldigimi bildim aç-açan…


Öňler söýüp gaýta gaýta okan goşgylamyň biri. Çary Ýegenmyradyň goşgulary özbaşyna bir dünýä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Keseki däldigimi bildim aç-açan…
Maleficent (Şugün, 16:56)

Iň halanylýan zenan atyrlary


Chanel bn Dior Jador ýeňil yslar. Tom ford black orhide bn Black opium agyrrak yslar.... Onsoňam ol sanawa Tom Ford Cherry hem goşulmagyny islärd...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
Maleficent (Şugün, 16:53)

16.06.2025


Belki, men saňa resensiýa ýaly bir zat ýazmakçy. Ýazaýynmy? Okap öýkelemersiň gerek?...dowamy...
Erkin mowzuklar | 16.06.2025
DonKihot (Şugün, 16:48)

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


Doly düşünmedim, ýöne hakyky şahyrlary sylamaýanlary sylabam oturmaly däl. Hakyky şahyr gaty az bu döwürde....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
Maleficent (Şugün, 16:47)

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


@medik malchik bolaýsady-da, habary ýokmyka onuň bu zadlardan )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
State (Şugün, 15:58)

Iň halanylýan zenan atyrlary


Almaga duhuñ çataÿmaz muny ...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
@menin_dunyam (Şugün, 15:53)

"SEN GITDIŇ"


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "SEN GITDIŇ"
@menin_dunyam (Şugün, 15:51)

Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär


Şu aÿdÿan sőziñe bir mysal. Sen durmuşda nămă gerek?! Ile gűne peÿdañ degmese zyÿanyñ bir degmesin hov. Şahyrlañ dűnÿăsi başka. Olary kemsiden bo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sasiyona gyzlara nämeleri maslahat berýär
@menin_dunyam (Şugün, 15:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика