Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Arzuw : Sen meniň ýyldyz süýnende eden arzuwym däl, okan namazymda dilän dilegimsiň #Arzuw

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ynam🍃
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 Düýn, 20:10
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Bir işewür adam iş saparyna gitmelidi. Ýöne iş-aladalarynyň köplügi sebäpli, tasdan uçuşa gijä galypdy. Ol aljyraňňylyk bilen howa menziline baryp, dessine goşlaryny tabşyryp, uçara mündi. Uçaryň penjire tarapynda orta ýaşly bir aýal, bäri ýanynda bolsa bir kiçijik gyz otyrdy. Ýantorbasyny ýokarda goýanyndan soň, olaryň aralaryndaky ornuna geçip oturdy.

Uçar ýerinden gozganyp, bat aldy. Ol adam ýanynda oturan kiçijik gyzjagaz bilen gürleşmäge başlady. Gyzjagaz elindäki surat albomynyň suratlaryny reňklemek bilen meşguldy. Ol öz gyzy bilen ýaşytdaşrak bu gyzjagaza her hili sowallar berdi. Gyzjagazyň ýeke özüniň gorkman uçarly syýahata çykanlygyny geň gördi. Ýöne bu barada gyzjagazdan hiç zat sorap bilmedi.

Gonmagyna, takmynan, bir sagat ýaly wagt galanda, ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli birden uçar aşak-ýokary galkyjaklap başlady. Uçarman adamlaryň dowla düşmezliklerini hem-de howpsuzlyk kemerlerini berkitmeklerini sargaýardy. Soňky ýarym sagadyň içinde uçar birnäçe gezek siltenip, ýere gaçaýjak bolýan ýaly sandyrady. Uçaryň içindäkileri uly gorky gaplap alypdy. Işewür adam bolsa gorky-gaýgydan ýaňa derledi, bar güýji bilen oturgyjyndan ýapyşdy.

Şol wagt ýanyndaky kiçijik gyzjagaza gözi düşdi. Gyzjagaz, hamana diýersiň, hiç zat bolmadyk ýaly henizem suratlaryny reňklemek bilen meşguldy. Biraz salymdan uçar kadaly ýagdaýa geçdi. Uçarbelet az wagtdan barmaly ýerlerine gonýandyklaryny habar berdi. Uçar pessaýlap ugrady. Işewür adam gyzjagaza özüni gyzyklandyrýan sowaly berdi:

«Sen bir kiçijik gyz, ýöne men henize çenli sen ýaly gorkusyz adamy görmedim. Hany, maňa aýt, uly adamlaryň şeýle gorkmagyna garamazdan, sen nädip beýle arkaýyn oturyp bildiň?».

Gyzjagaz hem:

«Uçarman meniň kakam. Ol meni öýümize äkidip barýar» diýip jogap berdi.

Kiçijik gyzjagazyň şeýle uly ynamy işewür adamy haýran galdyrdy.

Iňlis dilinden terjime eden Mahym Orazberdiýewa,
Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy


21

9

2

2

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 General [off]
  Who are you referring to?
 Düýn, 21:55

+0

Manyly


Gerekli
Sasiyona  (Düýn, 22:04) 

General, sagbolun

 Premium
 General [off]
  Who are you referring to?
 Düýn, 21:56

+0

Ýetirip duruñ


Gerekli
Sasiyona  (Düýn, 22:04) 

General, sps👍


Premium
General  (Düýn, 22:12) 

Sasiyona, bolya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç


...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç
Sebap (Şugün, 02:51)

Sql


Bilmedimda menem yogsam komek ederdim...dowamy...
Programmirleme dilleri | Sql
Sebap (Şugün, 00:53)

Dünýädäki iň gowy zat


Meni cekay surat...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýädäki iň gowy zat
Akademik3 (Şugün, 00:39)

Sql


Postgresql catmak uc kitaphanasyny aldynmy pythonyn...dowamy...
Programmirleme dilleri | Sql
Boxer (Şugün, 00:34)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Ya ozin yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
Sebap (Düýn, 23:43)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Awtory Kim?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
Sebap (Düýn, 23:43)

Iň owadan gül


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Iň owadan gül


Vouv dogry yone...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
rexha (Düýn, 22:22)

Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç


...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç
General (Düýn, 22:20)

Iň owadan gül


Tüweleme.Masallah👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
Sasiyona (Düýn, 22:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика