Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
King-official : Yağmurum ol bu ğece #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Iň owadan gül
 Betinden
 Sebap [off]
 Düýn, 21:26
 Lekum dinukum we liýe din

Bir wagtlar bir şäherde owadan gyz ýaşaýardy. Bu gyz şeýle bir owadan welin, uzak şäherlerden we ýurtlardan gaty baý, örän görmegeý, asylly ýigitler ony görmäge gelerdi. Bu gyzyň iň halaýan zady owadan gül bakjasyna eýe bolmakdy.

Ýeri gelende aýtsak, şol bir şäherde ýaşaýan we bu gyza aşyk bolan bir ýaş ýigit hem bu gyzy isleýärdi. Emma gyz ony ret edipdi. Köp ýyllar geçdi. Bu ýigidimiz şäheri terk etdi. Täze durmuş gurup, başga şäherde ýaşaýşyny dowam etdirdi. Günleriň birinde ol ozal ýaşan owadan kiçijik şäherine dolanyp geldi. Ýurduň iň owadan gül bakjasy bolan bu şäheri küýseýärdi. Ol öňünden çykan bir gojadan ozal aşyk bolan gyzy barada sorady. Goja ileridäki gül bakjasy bolan bir jaýy görkezip, gyzyň eýýäm durmuşa çykandygyny aýtdy. Ýigidimiz bolsa bir wagtlar hemme kişini ret eden bu owadan gyzyň adamsy hakynda gaty gyzyklanyp başlady.

Soňra bolsa gyzyň öýüniň golaýynda gizlenip öýe syn edip başlady we adamsynyň öýden çykandygyny gördi… Gyzyň adamsy semiz, kel we betnyşan adamdy, we gaty bir baý adam däldi. Soňra bu ýigit gyzyň öýüne baryp gapysyny kakdy we özüni tanatdy. Gyzdan näme üçin beýle adama durmuşa çykandygyny sorady. Gyz bolsa arkasyndaky gül bakjasyndan iň owadan gül saýlasa jogap berjekdigini aýtdy.

Soňra bu ýigit bakjanyň bir ujyndan girip iň owadan gülüň gözlegine düşdi. Birden birnäçe owadan sary gülleri gördi. Oňa tarap egilip durka, ullakan gülgüne gül birneme ünsüni özüne çekdi … Oňa elini uzatsa, öňünde ondanam owadan gyzyl bägül gördi. Soň görüp otursa bakjanyň soňuna gelipdir we eli boş dolanmajak bolup eline gelen bir güli alyp gyzyň ýanyna geldi. Gyz ýigidiň iň owadan güli getirmegine garaşyp otyrka, oglanyň elinde ýapraklary guran, solan güli gördi. Şondan soň gyz oglana ýüzlenip: “Gördüňmi? Elmydama iň gowusyny saýlaýançaň ömrüň geçýär we sen iň erbedine razy bolmaly bolýarsyň…

Şonuň üçin ýaşlyk eliňden gitmänkä bar bolan zatlardan kanagatlanmagy başarmaly. Ýatdan çykarmaň! Iň owadan gül elmydama ýanyňyzdaky güldür…

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.


26

15

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 Düýn, 22:06

+0

Tüweleme.Masallah👍


Betinden
Sebap  (Düýn, 23:16) 

Sasiyona, sagbol

 Premium
 rexha [off]
  Можеть уйду и не вернусь,но навсегда останусь в 🧠
 Düýn, 22:22

+0

Vouv dogry yone


Betinden
Sebap  (Düýn, 23:16) 

rexha, yone....?

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 Düýn, 22:43

+0

Mlds


Betinden
Sebap  (Düýn, 23:17) 

BAYOGUL, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç


...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç
Sebap (Şugün, 02:51)

Sql


Bilmedimda menem yogsam komek ederdim...dowamy...
Programmirleme dilleri | Sql
Sebap (Şugün, 00:53)

Dünýädäki iň gowy zat


Meni cekay surat...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýädäki iň gowy zat
Akademik3 (Şugün, 00:39)

Sql


Postgresql catmak uc kitaphanasyny aldynmy pythonyn...dowamy...
Programmirleme dilleri | Sql
Boxer (Şugün, 00:34)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Ya ozin yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
Sebap (Düýn, 23:43)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Awtory Kim?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
Sebap (Düýn, 23:43)

Iň owadan gül


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Iň owadan gül


Vouv dogry yone...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
rexha (Düýn, 22:22)

Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç


...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Gazagystan 10G toruny synagdan geçirmekç
General (Düýn, 22:20)

Iň owadan gül


Tüweleme.Masallah👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Iň owadan gül
Sasiyona (Düýn, 22:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика