Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : köp gördüm görmedik ýaly köp zat eşitdim eşitmedik ýaly, maňa samsykdyr öýtýäler ýöne men hemme zady ALLA tabşyrdym

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dünýädäki iň gowy zat
 Betinden
 Sebap [off]
 Şugün, 00:19
 Lekum dinukum we liýe din

Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir.

Ol ülkäniň meşhur suratkeşlerinden hasaplansa-da, öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Bir gün ol özüniň «iň gowy eserini» döretmegi ýüregne düwdi. Ýöne ençe günläp çekjek suraty barada oýlansa-da, kellesine hiç bir ajaýyp pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan:

— Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma näme çekjegimi bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? — diýip sorapdyr.

Goja suratkeşe garap:

— Dünýäniň iň gowy zady ynamdyr. Ynamsyz ýaşap bolmaz, oglum! — diýip jogap beripdir. Suratkeş ýola rowana bolupdyr. Şäherde Bagt köşgünden çykyp gelýän ýaş çatynjalara duşupdyr. Olardan hem:

— Siziň pikiriňizçe, dünýäde iň gowy zat näme? — diýip sorapdyr.

Gelin adamsyna mähirli garap:

— Söýgi. Söýgi garyplygy baýlyga, gözýaşlary ýylgyrşa öwürýär — diýip jogap beripdir.

Suratkeş eşidenleri barada oýa batyp gelýärkä, ýolda bir esgere gabat gelipdir. Suratkeş oňa-da bu sowal bilen ýüzlenipdir. Köp hupbatlary başyndan geçiren esger ikirjiňlenmän:

— Dünýäniň iň gowy zady asudalyk we parahatçylykdyr. Iň erbet zady bolsa uruşdyr. Parahatçylygyň bar ýerinde gowulyk hem bardyr — diýip jogap beripdir.

Suratkeş:

— Ynam, söýgi, asudalyk we parahatçylyk. Men bulary nädip bir suratda ýerleşdirsemkäm? — diýip, öýüne gaýdypdyr.

Haçan-da ol öýüne gelip, gapyny açyp içeri girende, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilip galypdyr.

«Kaka jan» diýip, gujagyna dolan gyzynyň gözündäki ynamy görüp, beýik Taňra ýüzde müň şükür edipdir. «Hoş geldiň!» diýen aýalynyň didelerindäki nurly söýginiň şöhlesi onuň kalbyny ýyladypdyr. Ojagynyň asudalygyna hem-de parahatçylygyna buýsanypdyr.

Ol derrew reňklerine ýapyşypdyr. Az salymyň içinde «Maşgala» atly ajaýyp surat taýýar bolupdyr. Bu surat onuň arzuw edýän iň gowy suratydy.

Taýýarlan: Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy


20

8

2

0

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Akademik3 [off]
 Şugün, 00:39

+0

Meni cekay surat


Betinden
Sebap  (Şugün, 00:43) 

Akademik3, men partret çekip bilemoga yogsam cekip bererdim


Premium
Akademik3  (Şugün, 00:44) 

Sebap, aldama yalancy


Betinden
Sebap  (Şugün, 00:45) 

Akademik3,


Premium
Akademik3  (Şugün, 00:45) 

Sebap,

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Şugün, 05:46

+0

Bah beta boldynyz


Gerekli
Sasiyona  (Şugün, 06:14) 

BAYOGUL,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kim sayt doredesi gelyar


Men diýen bolayyn...dowamy...
Saýt döretmekde kömek | Kim sayt doredesi gelyar
Sasiyona (Şugün, 06:21)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
General (Şugün, 06:11)

Dünýädäki iň gowy zat


Bah beta boldynyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýädäki iň gowy zat
BAYOGUL (Şugün, 05:46)

Enem ikimiz


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Enem ikimiz
BAYOGUL (Şugün, 05:45)

Jogapsyz soraglar...


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jogapsyz soraglar...
BAYOGUL (Şugün, 05:45)

Ýoldan soňky yodajyk


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýoldan soňky yodajyk
BAYOGUL (Şugün, 05:44)

Ynam🍃


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynam🍃
BAYOGUL (Şugün, 05:44)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
BAYOGUL (Şugün, 05:43)

Bagtymsyn kabam


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagtymsyn kabam
BAYOGUL (Şugün, 05:43)

Sen soygunun yasynada gelmedin


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Sen soygunun yasynada gelmedin
BAYOGUL (Şugün, 05:43)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика