Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Nesip : Işlemän ýatanyň özi – iş.@nesip

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Enem ikimiz
 Betinden
 Sebap [off]
 Düýn, 23:30
 Lekum dinukum we liýe din

Minaraň oýunda bardy bir ak tam,
Giden bir hatardyk enem ikimiz.
Gumalak jübt çyksa, geljekdi atam,
Paljagaz atardyk enem ikimiz.

Palyň yzyn arzuw bilen ýetirip,
Faşistleri dowzah sary ataryp.
Jeňde galan atam jany getirip,
Bal güne batardyk enem ikimiz.

Daň atandan ýyldyz çykýança işläp,
Ot-çöpden ýüklenip gelerdik giçläp.
Guş gördüm çagasyn agzyna dişlän,
Ondan has beterdik enem ikimiz.

Ökdedik gowaçaň düýbüni dörmä,
Kämahal birgadyr gelerdi «arma!»
Normasyn dolana berilýän ýarma:
Arkaýyn ýeterdik enem ikimiz.

Bişirende gökli somsa, jejene,
Kömekleşmän bormy, heý-de, ejeňe?!
Sary waharmanlar ýükläp eşege,
Bazarda satardyk enem ikimiz.

Biri-birindedi mähiri-gözi,
Şeýle bolaýsady dünýäniň ýüzi.
Şu gün gördüm goýun bilen bir guzy,
Şeýdipjik ýatardyk enem ikimiz.

Haýsydyr bir sähetli gün, gowja gün,
Biz bilýärdik haýyr işiň oňjagyn.
Bir abraýly ýigdiň saklap ojagyn,
Är işin bitirdik enem ikimiz.

Italmaz AKMYRADOW.


10

4

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Şugün, 05:45

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Jogapsyz soraglar...


Sag bol ýetirenňe...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jogapsyz soraglar...
Nesip (Şugün, 11:18)

Kim sayt doredesi gelyar


Ereshew şo saýt döretjek diýip ýörşidi...dowamy...
Saýt döretmekde kömek | Kim sayt doredesi gelyar
Maleficent (Şugün, 07:56)

Kim sayt doredesi gelyar


Men diýen bolayyn...dowamy...
Saýt döretmekde kömek | Kim sayt doredesi gelyar
Sasiyona (Şugün, 06:21)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
General (Şugün, 06:11)

Dünýädäki iň gowy zat


Bah beta boldynyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýädäki iň gowy zat
BAYOGUL (Şugün, 05:46)

Enem ikimiz


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Enem ikimiz
BAYOGUL (Şugün, 05:45)

Jogapsyz soraglar...


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jogapsyz soraglar...
BAYOGUL (Şugün, 05:45)

Ýoldan soňky yodajyk


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýoldan soňky yodajyk
BAYOGUL (Şugün, 05:44)

Ynam🍃


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ynam🍃
BAYOGUL (Şugün, 05:44)

Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekayat
BAYOGUL (Şugün, 05:43)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика