Goşgular.

Pearl [off]
24.06.2025 / 06:13
G. BAÝRON
“ Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen”
Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen,
Tutuşlygna eýeläpdiň kalbymy.
Aýralyk, dag-hijran uzakda bizden,
Bitewidi ýüregmiziň ýangyny.
Şelaýyn dost, sen öz yşkyňy maňa,
bildiren şol bagtly günüňden başlap,
Çeken jebri-jepam aýan däl saňa,
Ýanyp ýaşadym men hem doňup,gagşap.
Ýöne şeýle çuňňur ejir ýok indi,
Öten söýgi hakda ýatlap ýörmeden,
Ýalan, boş mähriňi solan görmegňi,
unutman, gözüňi ýaşlap ýörmeden.
Birdenem neneň bagt! Diliňden ýaňy
bir kelam döküldi gyssagarada.
Geçen hoş günleriň ýatlamalarny
Ýüregiňde saklap ýörşüň barada.
Eý, zalym, sen maňa nähili eziz,
Yşk-söýgiň bireýýäm bolsa-da tamam.
Terk etmändir seni näziklik heniz
Ýürekde ýaşaýan bolsa ýatlamaň.
Ine, şu pikirden derdim ýeňleýär
gam-gussa ýok, birazajyk solsamam.
Indi sen ömürlik meniňkisiň, ýar,
Elýeterden has uzakda bolsaňam.
I.W.GÝOTE
Sen aýala mydam geçirimli bol,
Egri gapyrgadan ýasalandyr ol.
Hudaý hem bilmändir ony göneldip.
Sen göneltjek bolup,
egäýseň eger,
Ol şarta döwüler.
El degirmän ýörseň,
hasam egreler,
Adam,
Hudaý eçilib-ä bilipdir,
Bize şeýle hüýr-melegi beripdir.
Egme-de, döwme-de,
aýtjak zadym şol:
Sen aýala mydam geçirimli bol!
Iogan Wolfgang GÝOTE.
BÄŞ TAPAWUT
Bäş sany zat bäş zat bilen oñuşmaz:
Dostlyk hem Gedemlik.
Sypaýylyk — Gödeklik.
Zalymlykdan beýikligi agtarma,
Biri-biri bilen dogan boluşmaz.
Näçe ýalbarsa-a bir gysganç baýa,
Syrnyh ýeke teññe bermez gedaýa.
Ýalan kast edýändir Ynamdarlyga,
Şulary ýat bekläp, ogrudan gora.
Terjime eden : Atamyrat Atabaýew.
![]() 128 |
![]() 17 |
![]() 8 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:

madamee2508 [off]
Ты — смысл моей жизни, мама🌷🩷
24.06.2025 / 06:55
+1
Mna haladym🙂


madamee2508, menem haladym

Ahmal [off]
24.06.2025 / 11:40
+0
I. W. Gyote musulmanmyka ya

Pearl (24.06.2025 / 14:15)
Ahmal, Ahmal, ýaşlygyndan köp gyzyklanypdyr din barada. Bu barada şahsy garaýyşlaryny eserinde mälim edipdir. Pygamberimiz barada goşgysy hem bar_ diýýär , "Google" daýy

Ahmal [off]
24.06.2025 / 20:35
+0
Mbäh. Sular yaly terjimeleri nirden alyan?

Pearl (25.06.2025 / 15:03)
Ahmal, (öňki) saýtlardan.
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




