Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Kalbymyn Paytagtydyn, inni kimin dar kocesi sen.. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Gyzyl yşyklar we suw perisi(erteki)
Premium
 Sasiyona [off]
 24.06.2025 / 13:33
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Agawa MIMEÝ,
ýapon ýazyjysy

Suw perileri diňe bir günorta deňizlerinde ýaşaman, eýsem, olar demirgazyk suwlarynda hem ýaşapdyrlar. Bu ýeriniň deňizleri-de gök reňkde bolupdyr. Ine, günlerde bir gün suw perisi gaýanyň üstüne çykyp, dynjyny alyp oturyşyna daş-töweregini, tebigaty synlamaga durupdyr. Agşam bulutlarynyň arasyndan böwsüp çykan Aý şöhlesi tolkunlara ýagty saçypdyr. Nirä seretse, soňsuz, ajaýyp deňiz tolgunmakdan çaýkanyp ýatan eken. «Nähili gamgyn görnüş» diýip, suw perisi içini gepledipdir. Soňra-da:

— Biz ynsanlardan üýtgeşik tapawutlanmaýarys. Suw çuňlugynda ýaşaýan beýleki jandarlar bilen deňeşdireňde, biz balyklara has meňzeş. Muňa garamazdan, biz näme üçin bular bilen sowuk, garaňky, içgysgynç deňizde bile ýaşamaly bolýarys? — diýipdir.

Uzak ýyllaryň dowamynda ýalňyzlykda, hemişe daşky dünýä, ýagty jahan barada arzuw edip ýaşandygyny ýatlap, suw perisi özüni gamgyn duýupdyr. Aýyň ýiti ýagty saçýan şunuň ýaly gijeleri, deňziň ýüzüne ýüzüp çykmagy, gaýada dürli hyýallara berlip oturmagy onuň üçin eýýäm endige öwrülipdir.

— Adamlaryň ýaşaýan şäherleri gör nähili ajaýyp. Eşdişime görä, olaryň balyklardan we ýyrtyjylardan tapawutlylykda duýgulary hem barmyş. Balyklaryň arasynda ýaşaýandygymyza garamazdan, olara meňzeş bolanymyz üçin ýanlarynda ýaşap bileris — diýip oýlanypdyr.

Ol hamylady. Basym ene bolmalydy.

— Biz ýyllar boýy şu tukat, demirgazyk deňzinde, ýekelikde şeýdip ýaşap ýörmelimi?! Megerem, ýagty jahany görmesek gerek! Ýakynda dogjak balama-da şeýle ykbal garaşýarmyka… Onuňam şunuň ýaly pikirler bilen ýaşamagyny asla islämok. Ondan aýrylyp, ýekelikde, gam-gussada ýaşamak-da aýylganç. Ýöne onuň nirededigine garamazdan, bagtly bolsa, men hem bagtly bolaryn.

Aýtmaklaryna görä, adamlara mähirlilik hem mahsusmyş. Olar biçäräniň, çykalgasyz ýagdaýa düşenleriň üstünden hiç hili ýagdaýda gülenoklar. Hatda hiç kimi hiç wagt kösänoklar. Eger-de kimdir birine hossar çykyp, howandarlyk etseler hiç wagt taşlanoklar diýip eşitdim. Eýsem, biziň adamlara diňe bir ýüzümiz meňzeş däl. Gowy ýeri göwrämiziň ýarysy-da olaryňka çalym edýär. Şonuň üçinem eger balyklar bilen ýaşap bilýän bolsak, diýmek adamlaryň hem dünýäsine uýgunlaşyp bileris. Eger çagamy özlerine alyp terbiýeleseler, onda ony taşlamaga dözmezler. Iň bolmanda balamyň şowhunly, ajaýyp, ýagty şäherde terbiýe alyp, ýaşamagyny gazanaryn diýip suw perisi aýgytly karary alypdyr.

Şeýle pikir bilen ol çagasyny gury ýerde dünýä indirmeli diýen netijä gelipdir. «Eger şeýle edäýsem, çagamy adamlar kabul ederler, belki ol bagtly ýaşar» diýip pikir edipdir…

Uzakda, kenarýaka dagda ýerleşýän ybadathananyň yşyklary tolkunlaryň içinde ýalpyldaýardy. Ine, bir günem ene bolmaga taýýarlanýan suwperi sowuk, garaňky tolkunlaryň arasyndan gury ýere tarap ýüzüp başlapdyr…

Ýapon dilinden terjime eden Arslan WEPAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby


37

5

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:26)

Sabyr / hekaýa


Gowy ýazylypdyr. Gaty kyýn ýagdaý şunuň ýaly bolsa....dowamy...
Hekaýalar | Sabyr / hekaýa
Fantom (Düýn, 19:41)

BAGLYLYK


"Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan", Bäh, nämekäraýt ol?...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Fantom (Düýn, 19:24)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Dine mn yazmandyrn komentarya:...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Jasmin (Düýn, 14:23)

Sakla


Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy, Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy, Ýetimiň öňünde bolma hataly, Agyr günälerden, töhmetden sakla. Ămin...dowamy...
Şygryýet | Sakla
@menin_dunyam (Düýn, 09:18)

Söýgi seniň özüň!


Kőseneniñee degipdir...dowamy...
Şygryýet | Söýgi seniň özüň!
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика