Ýürekdeş sözler!
Wepa : Seni ,,Perişdäm" diýýädim ýadyñdamy? Şonda unudypdryn şeýtan hem ilki başda perişde bolandygyny...
Biparh
Betinden Sebap [25s] 24.06.2025 / 19:30 Lekum dinukum we liýe din
Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň,
Aglanyňda näme, güleňde näme?
Sergezdan duýgular dökdi güllerin,
Bilmäniňde näme, bileňde näme?
Birmahal azaşan umydy dolap,
Gelmäniňde näme, geleňde näme?
Garyp galan yşky sözlerňe çolap,
Gepläniňde näme, dymaňda näme?
Gör kimi ýoklapdyr yşkymyň dady,
Örteneňde näme, köýeňde näme?
Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady,
Söýmäniňde näme, söýeňde näme?
***
Aýna bakyp öz-özüme seredýän,
Düşünýän özümiň özüm däldigme.
Soň arzuwlam hakda pikire gidýän,
Gyýylýan hem olaň meňki däldigne.
Bu — dünýäniň müdimilik kanuny,
Adam oňa boýun egmeli bolýar.
Söýen zadyň täleýiňde bolmasa,
Täleýiňde baryny söýmeli bolýar.
Ýasamaly bolýar hyýallaryňy,
Ýürek däl, aklyňa daýanyp mäkäm.
Unutmaly ýürekden söýenleriňi,
Çilim tüssesine ýitip gitmänkäň.
Söýmäsiň gelýäni söýmän bolanok,
Dostlarňy küýseýäň ýüregiň gyssa.
Erkiňi «erige» daňmak uly zat,
Ýöne köp zat erkimizden alysda
Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýagşy bolmana geldik
Ikinji bendiň üçünji setirinde bogun sany artykmaç bolupdyr ýaly? Dördünji setirinde kemräk gelýä. Düzerseňiz gowy goşgy boljak eken. Üstünlik S...
dowamy...Ynam bolsa
Ynançly bendäni gorar Biribar,
Çünki onuň nur imany – dini bar. 👍
Aýtdyma saýtymyzda-da kämil şahyrlarymyz bar dp. Bukulup oturan başga-da bard...
dowamy...
Ýokaryk