Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hic kim senyaly bolmady dal ,ozim senin yerine hic kimi goymadym

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gepiň gysgasy
 Betinden
 Sebap [1s]
 24.06.2025 / 20:32
 Lekum dinukum we liýe din

Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry.

***

Iň bärkisi çörege nobata duranyňda-da öňüňdäki we yzyňdaky adamy bilmeseň, bellemeseň, ugur-utgaňy ýitiräýmegiň daşda däl. Durmuşda ýaşamak üçin-ä özüňden öňki ötenleri, öz nesliňi tanamak has-da zerur.

***

«Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna» ynanýan adamlar, nämüçin gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?

***

Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa «dälije mäş» diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuňam «dälije mäşi» gyt däl.

***

Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.

***

Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa «Siz» diýlip ýüzlenilenok.

***

Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek – şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp…

***

Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.

***

Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.

***

Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.

***

Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.

***

Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!

***

Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.

***

Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak…

***

Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.

Kakamyrat REJEBOW.


13

5

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ynam bolsa


Meň dosoglanym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Kesxa (Şugün, 17:04)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Bolly sebap tanadyk😖...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Aixcam_nx (Şugün, 16:25)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Hany men ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Orazjan (Şugün, 13:41)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Men ýok ekenim ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Мяхрii (Şugün, 12:56)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Sag boluň, menem ýatlapsyňyz. 🌷🌷🌷...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Gulmahrem (Şugün, 08:23)

Ýagşy bolmana geldik


Ikinji bendiň üçünji setirinde bogun sany artykmaç bolupdyr ýaly? Dördünji setirinde kemräk gelýä. Düzerseňiz gowy goşgy boljak eken. Üstünlik S...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Gulmahrem (Şugün, 08:13)

Eje (goşgy).


👏👏👏🌷🌷🌷...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
Gulmahrem (Şugün, 08:07)

Ynam bolsa


Ynançly bendäni gorar Biribar, Çünki onuň nur imany – dini bar. 👍 Aýtdyma saýtymyzda-da kämil şahyrlarymyz bar dp. Bukulup oturan başga-da bard...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Gulmahrem (Şugün, 08:04)

Ynam bolsa


Berkje murapbag bolupdyr. Berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Belki (Şugün, 07:51)

Ynam bolsa


Galamyňyz ýiti bolup, üstünlik hemraňyz bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Sebap (Şugün, 06:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика