Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
MEGAFON : gyzly oyun iti dynmaz

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýürekdeşleri ýitirmäň
 Betinden
 Sebap [off]
 25.06.2025 / 21:30
 Lekum dinukum we liýe din

Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da maňa hemmelerden ýakyn, mähriban. Käbir dini maglumatlarda “Adam bu barlyga azyndan 6-7 gezek gelip, her döwürde her tüýsli ýaşap geçermiş” diýen düşünje bar. Meniň üçin, megerem, bu düşünje dogry ýaly. Sebäbi men seni öňden tanaýana meňzeş. Seniň bilen döwürdeşdigime arassa howadan bile dem alyp, durmuşyň süýjüsini dadyp bilýändigim üçin ykbalymdan örän razy men. Eger-de maňa ýene-de bir ýaşaýyş beriläýse, şol durmuşda-da saňa duşmagy ýürekdeş bolmagy islärdim. Men seni ýitirmekden gorkýan. Sebäbi sen ýitseň meniň saňa bagly bolan arzuwlarymam ýiter. Arzuwsyz adam bolsa jansyz göwre ýalydyr.

Öz bagtymy aýaýyn men janym deý,
Galanyny Allaň özi ýetirer.
Sen bolmasaň güli solan bag kimin,
Meniň ömrüm manysyny ýitirer.

Arzuwlarym laýa gaçan guş ýaly,
Uçup bilmän perwaz urar iki ýan.
Ünjilere gark bolmasyn gözleriň,
Men gözleňden öz bagtymy okaýan.

Sen dünýäde iň köp ýaşly zenan bol,
Menem joşup tarypyňy ýazaýyn.
Ýalňyzlyk derdinden goran penam bol,
Barlygyňy bagtym saýyp gezeýin.

Ýoklugyňda ýakym bolmaz dünýämde
Ýüregimi kesen ýaly bu tenden.
Ebedilik gitme meniň dünýämden
Ýürek dursun ýürekdeşiň ýitenden.

Atanyýaz HANGELDIÝEW


31

14

1

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
 25.06.2025 / 21:59

+0

Su bar-a gosgy bilen oylanmany birikdiryaler welin ikisininem arzysyny gacyrya-da. Indi su wagt gozumde gosgam pes, oylanma-da.


Betinden
Sebap  (25.06.2025 / 22:01) 

Belki, köplenç gowy bolýanlaram bara arsynda ýöne dogry aýtýaň kän birikdirilende gowy bolonok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Hany men ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Orazjan (Şugün, 13:41)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Men ýok ekenim ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Мяхрii (Şugün, 12:56)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Sag boluň, menem ýatlapsyňyz. 🌷🌷🌷...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Gulmahrem (Şugün, 08:23)

Ýagşy bolmana geldik


Ikinji bendiň üçünji setirinde bogun sany artykmaç bolupdyr ýaly? Dördünji setirinde kemräk gelýä. Düzerseňiz gowy goşgy boljak eken. Üstünlik S...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Gulmahrem (Şugün, 08:13)

Eje (goşgy).


👏👏👏🌷🌷🌷...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
Gulmahrem (Şugün, 08:07)

Ynam bolsa


Ynançly bendäni gorar Biribar, Çünki onuň nur imany – dini bar. 👍 Aýtdyma saýtymyzda-da kämil şahyrlarymyz bar dp. Bukulup oturan başga-da bard...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Gulmahrem (Şugün, 08:04)

Ynam bolsa


Berkje murapbag bolupdyr. Berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Belki (Şugün, 07:51)

Ynam bolsa


Galamyňyz ýiti bolup, üstünlik hemraňyz bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Sebap (Şugün, 06:11)

Ynam bolsa


Sizem goşgy ýazmaýaňyzmy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Sebap (Şugün, 06:06)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Gayooo diyip yorenem barlay...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Akademik3 (Şugün, 05:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика