Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Adamy tanamak üçin daşky keşbe däl gözlerine seret

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Süýji garpyzy nädip saýlamaly?
 Betinden
 Sebap [1m]
 25.06.2025 / 21:45
 Lekum dinukum we liýe din

Tomsuň yssy günlerinde buz ýaly garpyzdan hiç kim ýüz öwürmese gerek?! Garpyzyň tagamly bolmagy we ýeňil siňmegi möwsümiň iň ýörgünli bakja ekinleriniň biri bolmagyna getirýär. Süýji garpyz iýmegiň ýoly bolsa, ony saýlamakdan başlaýar. Garpyz almak maksady bilen bazara baranyňda birinji gabat gelen garpyzy almak agşamky dynç alşyňyzy bozmagy mümkin. Onda, iň süýji garpyzy nähili saýlamaly? Aşakdaky usullar arkaly garpyz saýlamak, ýerlikli bişen garpyzyň lezzetini almagyňyza kömek eder.

Ilki bilen garpyzyň şekiline serediň. Ýetişdirilýän döwründe garpyzlaryň endigan gün şöhlesini almazlygy ýa-da ýeterlik suw “içmezligi” olaryň şekiliniň bozulmagyna getirýär. Bu bolsa tagamyna täsir edýär. Garpyzlaryň ýetişýän döwründe toprak bilen galtaşýan ýerinde sarymtyl reňkli tegmil emele gelýär. Eger bu tegmil ýok bolsa ýa-da has solak bolsa, garpyzyň wagtyndan öň ýygnalandygyny, doly bişip ýetişmändigini aňladýar. Garpyzyň daşky reňkine üns bilen serediň. Bişen garpyzyň gabygynyň reňki gara ýaşyl bolýar, şeýle hem ýalpyldamaýar. Daşy ýalpyldawuk bolan garpyz adatça bişmedik bolýar. Meşhur pitiklemek usulyny barlap görüň. Bu usul bilen garpyz saýlamak has kyn hem bolsa, halkyň arasynda ýaýran usul bolup durýar. Pitikläniňizde garpyzdan doly ses çykýan bolsa bişendigini, ejiz we gowşak ses çyksa heniz çygdygyny ýa-da aşa bişendigini aňladýar. Kesdirip görüň. Bu usul bazarlarda we dükanlarda giňden ýaýran. Satyjylaryň köpüsi müşderilerine garpyzy kesip, barlap görmegi maslahat berýärler. Eger garpyzy kesdirip aljak bolsaňyz öňünden satyja bişmedik garpyzy almajakdygyňyzy duýduryň.


45

20

3

5

1

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 26.06.2025 / 06:49

+0

Ine garpyz saylamanam owrendik


Betinden
Sebap  (26.06.2025 / 07:17) 

BAYOGUL, howwa

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 26.06.2025 / 07:28

+0

Gorenini alyberda saylaman


Betinden
Sebap  (26.06.2025 / 07:50) 

rexha, göreniňi alyp iýseň zyýanly bolmagam mümkina

 Täzeje
 unsafe [off]
 26.06.2025 / 08:31

+0

Garpyz apmana baryan


Betinden
Sebap  (26.06.2025 / 13:34) 

unsafe, gel gel

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ynam bolsa


Meň dosoglanym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Kesxa (Şugün, 17:04)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Bolly sebap tanadyk😖...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Aixcam_nx (Şugün, 16:25)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Hany men ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Orazjan (Şugün, 13:41)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Men ýok ekenim ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Мяхрii (Şugün, 12:56)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Sag boluň, menem ýatlapsyňyz. 🌷🌷🌷...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
Gulmahrem (Şugün, 08:23)

Ýagşy bolmana geldik


Ikinji bendiň üçünji setirinde bogun sany artykmaç bolupdyr ýaly? Dördünji setirinde kemräk gelýä. Düzerseňiz gowy goşgy boljak eken. Üstünlik S...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Gulmahrem (Şugün, 08:13)

Eje (goşgy).


👏👏👏🌷🌷🌷...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
Gulmahrem (Şugün, 08:07)

Ynam bolsa


Ynançly bendäni gorar Biribar, Çünki onuň nur imany – dini bar. 👍 Aýtdyma saýtymyzda-da kämil şahyrlarymyz bar dp. Bukulup oturan başga-da bard...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Gulmahrem (Şugün, 08:04)

Ynam bolsa


Berkje murapbag bolupdyr. Berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Belki (Şugün, 07:51)

Ynam bolsa


Galamyňyz ýiti bolup, üstünlik hemraňyz bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
Sebap (Şugün, 06:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика