Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Gereksiz : Çagalaryñyza bay bolmagy dal-de, bagtly bolmagy owrediñ, soñ ulalanda hemme zadyñ nyrhyny dal-de gadryny bilsinler

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

''Il-gün näme diýýärkä?!''
 Täzeje
 Melisa [off]
 Düýn, 19:27

Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakda aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine pugta üns berýärsiň. Öz etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin, özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla üns bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da ýamanlamasy asla seniň perwaýyňa däl. Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl ýetirýärsiň. Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan, aňyňda göterip gelen iň wawwaly sowalyň: «Il-gün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň üznüksiz pikire öwrer derejede asla ähmiýetli däldigine, juda biderekdigine akyl ýetirýärsiň. Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle. Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji derejeli zada öwürmegimize özümiz günäkär. Munuň gözbaşy hem, başgalaryň özümiz hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran, ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi olara ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy gaýra goýsak, diňe töwerekden baha ýa-da dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt hemme kişiniň göwnünden turjak iş edip bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni. Olaryň ikisi-de eşege artlaşyp münen ekenler. Bularyň şeýdip barýanyny gören birtopar adam: «Bulara serediň-ä, iki bolup bir eşege münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin» diýipdirler. Hoja Nasreddin ogluny eşekden düşürip, bir özi oturypdyr. Az salym ýöräpdirler. Öňlerinden ýene birtopar adam çykyp: «Muňa serediň, garry atasy eşegiň üstünde, körpe ogul bolsa pyýada barýar, heý-de, boljak zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden düşüpdir we ogluny mündüripdir. Az salym ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir: «Bulara serediň, ogly eşegiň üstünde, garry atasy bolsa pyýada barýar, heý-de, gelişýän zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň üstünden düşürip, ikisi hem eşegiň ýanyndan pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan birnäçe adam bularyň ýoluny kesipdir: «Bulara serediň, eşegiň-ä üsti boş, adamlar hem ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili düşünjesizlik?» diýşipdirler. Hoja Nasreddin ogluna ýüzlenip: «Oglum, il-günüň her sözüne gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň gowusy öz bilýänimizi edibereli» diýipdir. Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy, nähili hyýallary gursakda göterýändigimiz bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl. Ýöne ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir päli maksat edeninden geçen, gaýta tiňkesini gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň ýüreklerini gözden geçirip, barlap görseň, garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň. «Adam öz ýüreginde şunça zady nädip göterip bilýärkä?» diýen sowaly berersiň. «Beýle-de pikir edip bolýan ekeni» diýip, has-da geňirgenersiň. Daş-töweregiňi gurşan adamlar hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler bardyr. Emma dost ýaly görünýän käbirleriniň ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa ak ýürekden üstünlik arzuw edip oturandyrlar. Adamyň ýamany – özgeleriň büdremeginden ýüregine teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa begenýän, maksadyna gönügen adamyň orta ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr. Gynansagam, şeýle adamlar käteler alnymyzda ýa-da ýanymyzda peýda bolýar. Ýeri onsoň, sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle adamlaryň pikiri, berjek bahasy, çykarjak netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň? Ýagşy bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda bir netije çykar yp, şondan soňra belli karara gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň üstünden eltmez. Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi inkär etmeli diýen zat ýok. Olaryň aýdýan sözünden, edýän hereketinden niýetlerini duýmagy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüzlenmeler hakda oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl eleginden geçir. Mundan soňra bir işi ymykly ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan dänme, hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan sowmasyn, yhlasyňy sowatmasyn. Özleri iş etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly ýöräp bilmeýän adamlar seniň badyňy bökdemesin.

28

15

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Rahymjan [off]
 Düýn, 19:29

+0

Mlds erinmen yazypsyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.


Sony konfrenseye edip gecirsen nader bir adam arada duranyn name peydasy bar hemme de esitsinda 3 bolsan gyzygy bolmazda...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.
Watjik (Şugün, 00:35)

Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.


Mnm ozimi synap goresima gelya...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.
Bezzat (Şugün, 00:31)

Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.


Men gatnaşjak) Haçan geçireli Ýeñiljegimi boýun alyan welin gyzykly bolar oytyan)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.
Pechine (Düýn, 23:38)

Şagal dişlän gelin hakda waka


kyn sozleri gaty kanay okamak kyn eken atak molodes...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şagal dişlän gelin hakda waka
Dani (Düýn, 22:51)

Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.


bulam utuldymy senden😂...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşiginde 2-nji round.
Dani (Düýn, 22:39)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?


Hoş geldiňiz!)...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?
Aurora (Düýn, 21:43)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?


Oooo. Muawiýe jopba jorrr...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?
Candi (Düýn, 20:54)

Şagal dişlän gelin hakda waka


Estagfrullah! Şagalyň ýumurtgasyny ellän däldir-ä o goňşy gelin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şagal dişlän gelin hakda waka
Orazjan (Düýn, 19:31)

''Il-gün näme diýýärkä?!''


Mlds erinmen yazypsyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | ''Il-gün näme diýýärkä?!''
Rahymjan (Düýn, 19:29)

DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?


Mana finaly gelip şolar toy etse aydayyn☺️...dowamy...
Erkin mowzuklar | DonKihot dolandy. Ol näme üçin dolandy bilýäňizmi?
Aynabat (Düýn, 19:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика