Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
imissyou : Dürüstlük pahali mülktür, ucuz insanlarda bulunmaz. Hz. Mevlana #imissyou

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy
Premium
 BAYOGUL [1s]
 Düýn, 22:39
 Yurekdesh.ru

“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal 10-njy belginiň täze eýesi boldy. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berip, suratlary bilen paýlaşdy.

“Meniň belgim. Meniň taryhym. Meniň syýahatym. x10” – diýip, futbolçy ýazdy.

Şeýle-de, ol öz profilindäki esasy suratyny üýtgetdi: ol ýerde indi futbolçynyň egninde alawlap duran 10-luk belgili arkasynyň suraty dur.
Belläp geçsek, 13-nji iýulda futbolçy 18 ýaşyny doldurdy. Şondan soň Ýamal “Barselona” bilen şertnamasyny 2031-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy.
Taraplar täze şertnama gol çekmek barada, aslynda, maý aýynyň ahyrynda ylalaşdy, ýöne şol wagt mesele oýunçynyň kämillik ýaşyna çenli yza süýşürildi, üstesine-de Ýamal dabarada öz enesini görmek isledi. Indi klub gol çekilendigi barada resmi taýdan yglan etdi.
“Barselonanyň” ýolbaşçylygy Ýamaly diňe bir ýaş zehin däl, eýsem strategik taýdan möhüm oýunçy hasaplaýandygyny aýdyň görkezdi. Onuň şertnamasynda möhletinden ir satyn almak üçin ägirt mukdar – 1 mlrd ýewro görkezilýär.
“Barselonada” soňky gezek 10-njy belgini göteren oýunçy Ansu Fati bolupdy. Ýakynda klub ony “Monako” kärendesine berdi. Ondan öň, 2008-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli bu belgi Lionel Messä degişli boldy. Ýamalyň özi geçen möwsüm 19-njy belgide oýnady. Bu belgini argentinaly oýunçy hem alypdy.
Geçen möwsümde Ýamal “Barselona” bilen Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy. Onuň hasabynda ähli ýaryşlarda 55 oýun, 18 gol we 25 assist bar.
2024-nji ýylyň noýabrynda Ýamal Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy hökmünde Golden Boy baýragyny aldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionaty – 2024-i utdy. Şeýle-de, ol Transfermarkt portaly boýunça, dünýäniň iň gymmat futbolçysydyr (200 mln ýewro).


29

14

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bentner [off]
  Люди принимают доброту за слабость.
 Şugün, 13:39

+0

Iň perspektivny oyuncy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Tmcell nomer baza Android App


Getcontact app ,gorup bilersiniz sol adamy kim name diyip bellan bolsa cykar hotyaby ady cykar peydasy deger....dowamy...
Pully hyzmatlar we teklipler (frilans) | Tmcell nomer baza Android App
Yowuz (Şugün, 17:45)

Ýagşydan at galar ýamandan näme galar


Name diyjega indi bulara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşydan at galar ýamandan näme galar
Watjik (Şugün, 17:45)

Ýagşydan at galar ýamandan näme galar


Wip eden Bezzat sag bolsun....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşydan at galar ýamandan näme galar
DonKihot (Şugün, 17:36)

Tmcell nomer baza Android App


@Belkin hawary bamyka buzatlardan...dowamy...
Pully hyzmatlar we teklipler (frilans) | Tmcell nomer baza Android App
Watjik (Şugün, 15:37)

С днём рождения Durdyyew


Uzak we manyly ýaşa kankam!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С днём рождения Durdyyew
Pechine (Şugün, 15:17)

Tmcell nomer baza Android App


😁 detski panyatalaram kanay. Skdrn baryn 😆 nomerimem yazyp goyayynmy?...dowamy...
Pully hyzmatlar we teklipler (frilans) | Tmcell nomer baza Android App
BayBoy (Şugün, 15:15)

С днём рождения Durdyyew


......dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С днём рождения Durdyyew
Diamante (Şugün, 15:09)

Durmuşa barmak arasyndan bakma!!!


Türkçeden terjimemika? Sebabi, barmak arasy dip turkler diyyan bolmaly. Barmak arasam däl-de barmak arkasy diyyandirler. Bu yerde barmak diyip go...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşa barmak arasyndan bakma!!!
Belki (Şugün, 14:53)

“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy


Iň perspektivny oyuncy...dowamy...
Dünýä täzelikleri | “Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy
Bentner (Şugün, 13:39)

Ýagşydan at galar ýamandan näme galar


Wah Dannyjan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşydan at galar ýamandan näme galar
Belki (Şugün, 13:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика