Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kadınları anlamıyorum diye bir kanun yok, Kadınlar yerine kadınını anla yeter.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Gürleşmek hem diňlemek sungaty
 Öwreniji
 bagabat [off]
 25.07.2025 / 10:38

Näme üçin “sungat”?
Sebäbi adamyň durmuşynyň agramly bölegi onuň dili, geplemek ukybyny ulanmak başarnygy bilen bagly bolýar. Ony gaýry mahlukyýetden tapawutlandyrýan esasy artykmaçlyklarynyň birem dil.
Dil – paýhasyň önümi, paýhasyň aňlatmasy, şonuň aýdyň ýüze çykmasy.
Gündelik durmuşyň aglaba köp böleginde-de islendik şahsyň aň-düşünjesi, edep-terbiýesi, häsiýet aýratynlyklary onuň diliniň üsti, ýerlikli ýa-da ýerliksiz gürlemegi başaryşy arkaly ýüze çykýar.
Köp halatlarda, ýerini bilip aýdylan jaýdar gep adama haýyr bolup gaýdyp gelýän bolsa, ýerliksiz aýdylan, gödek ýa-da bimany gürrüň ony dilinden sypdyranyň başyndan musallat bolup inýär.
Gürlemegi hem diňlemegi oňarmaýan adamy hiç kim halamaýar. Lakgy, laňňasy, akmak, gopbam adamlar bolsa köp ýagdaýlarda diňe özlerini diňlemekden lezzet alýarlar, diňe öz gürrüňleri olar üçin manyly hem diňlemäge mynasyp saýylýar. Şol sebäplem köpçülik şeýle adamlar bilen salam-helikden artykmaç, sähel uzagragam bolsa söhbet etmekden gaça durýar.
Tersine, halkyň göwnünden turýan, ýüregine jüňk bolýan gürrüňi tapýan, owazy labyzly adamlaryň gürleşmek sungatyndaky ussatlygy olaryň il içinde abraýynyň artmagyna getirýär. Şeýle adamlara her kes diýen ýaly hormat edýär, onuň bilen pikir alşasy, gürleşip iç döküşesi, öz durmuşynyň müşgillikleridir asanlyklary hakda maslahat sorasy gelýär.
Gürleşmek hem diňlemek sungatynyň näjüre inçeden täsin, şol birwagtda ynsanlaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary “gurubam” bilýän, bozubam bilýän, täsirli tilsimleriň jeminden ybaratdygyny durmuşda göre-göre gelýärin.
Ýagşy adam bilen birsellem içgin söhbet etseň, derdinişseň, seniň göwnüň edil ýaz ýagşyna ýuwlan, sergin sähra dönýär.
Ýaman adam bilen isläp-islemän gabatlaşyp gürleşmeli bolsaň, edil atdanlykda porsap ýatan läbigiň içine gaçyp, indem näçe ýuwunsaňam endamyňdan şol batganyň ýürekbulanjy ysy gelip durana dönýär.
Näçe gödegem bolsa, bu babatda türkmeniň bir jaýdar aýtgysy bar: "Gepläp bilmez agyzdan s...çyp bilmez g...t ýagşy".


97

26

3

8

1

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 nickname0821 [off]
 25.07.2025 / 11:50

+2

Türkmeniň aýtýanlary näçe gödegem bolsa örän jaýdar aýtýarlar, onsoňam adamam edil beýleki janly jandarlar ýaly-da, gowy almaň ýanynda çüýrük almany goýsaň ikisem çüýrär, gawun gawundan reňk alar, reňk almasa heň diýilýärmi

 Täzeje
 DonKihot [off]
 26.07.2025 / 18:55

+0

Ýaman adam diýýäniň kim. Olaryň atlary barmy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Dowam etmegimi isleyan bolsanyz indiki sohbetdes bolunmaly agza ses berseniz gowy boljak yogsa-da su yerde su rubrika nokat goymaly......dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Belki (Düýn, 21:00)

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Düýn, 08:26)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (18.08.2025 / 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (18.08.2025 / 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (18.08.2025 / 08:20)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Sol wagtky dizayn has gowy gorunya...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Zxch (17.08.2025 / 17:45)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


*Gurbannazar Mowzugyna like basjak. Ylalassam ylalasmasam ozi bir zatlar yazyp mowzuk hodurleyanlere hormatym bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Belki (17.08.2025 / 16:09)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


Ahal agza su gun 12:21-de gelip gidipdir bildirislerem baran bolmaly, jogaplasy gelmeyane zor bilen jogapladyp bolmaz, zeleli yok indika ses beri...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Belki (17.08.2025 / 12:51)

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal


1 sutga bolup barýar, sebäpker gelenok...dowamy...
Söhbetdeşlik | Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Altyn_asyr (17.08.2025 / 09:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика