“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Söhbetdeşlik

Seni tanasym gelýär: 2. Ahal
Premium
 Belki [off]
 16.08.2025 / 20:55
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Salam gadyrdanlar! Ine, "Seni tanasym gelýär!" söhbetdeşlik rubrikamyzyň ikinji sany hem size hödürlenýär. Bu günki söhbetdeşimiz siziň ses bermeleriňiz esasynda Ahal agza boldy. Geliň, onda Ahal agza soraglarymyzy gönükdireliň.

1. Gysgaça terjimehalyňyzy aýdaýsaňyz (nirede, näçenji ýylda doglanyňyz, käriňiz, bilim derejäňiz, maşgala ýagdaýyňyz we ş.m)

2. Agzalaryň bu ýerde saýlap alan niki wirtual dünýäde haýsy at bilen tanalmak isleýändigini aňladýar. "Ahal" nikini saýlap almagyňyzyň maksady näme? Bu söz size nämäni aňladýar?

3. Internet dünýäsine haçan aralaşdyňyz? Haýsy saýtlara agza ýa-da myhman bolduňyz? Ol ýerlerde ýakyndan tanşyp, dost-jora we ş.m gatnaşyklary saklanlaryňyz boldumy? Olar kimler?

4. Siz saýtda Magtymgulyň goşgularyny köp paýlaşýarsyňyz? Magtymgulyň döredijiligi hakda kelam agyz pikriňizi aýdaýsaňyz? Ol size näme üçin beýle ýakyn? Magtymgulyň setirlerini teswirläp bilýärsiňizmi ýa-da berlen teswirleri yzygider yzarlaýarsyňyzmy?

5. Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap" essesinde Magtymgulynyňky hasap edilýän goşgularyň aslynda, Gylyç Müllüniňkidigini nygtaýar. Bu babatda birtopar deliller getirýär. Şu temada siz nähili pikirde?

6. Sizi maşgalaly diýip bilýän. Eger aýalyňyzyň (maşgalaly däl bolsaňyz, geljekki aýalyňyzyň) şu saýta sizden gizlin girýänliginiň üstüni açdyňyz. Näderdiňiz? Aýalyňyzyň bu hereketi hakda nähili garaýyşda bolardyňyz?

7. Her döwrüň özüne mahsus zyýanly endikleri bolýar. Häzirki döwrüň zyýanly endikleri nämeler siziňçe?

8. Ikileýin gatnaşyklarda gabanjaňlygyň roly hakda nähili pikirde? Kä adamlar gabanmaly däl, beýtseň garşyňdakyny çalt ýadadarsyň diýseler, käbiri gabanmasyzdan söýgüňi duýduryp bolmaýar diýýärler...

9. Eger maşgalaly bolmasadyňyz, şu saýtdan kimdir birine öýlen diýseler, kimi saýlardyňyz? (Şu soraga politiki ýa ýumor jogap bermän, gönümel jogaplasaňyz begenerdim)

10. Eger özüňizi üç söz bilen aňlatmaly bolsa, bu haýsy sözler bolardy?

Ine, gadyrdanlar, Ahal agza soraglarymyz şulardan ybarat. Sizem soraglaryňyzy teswirde beribermeli. Indi söhbetdeş boljak agzamyza ses bermegem unutmaň! Sag boluň!


384

83

10

4

0

1

2
Mowzugy vip edenler:
Admin - 10 sagat vip etdi!
(17.08.2025 / 06:46)
Teswirler:
 Täzeje
 Altyn_asyr [off]
 16.08.2025 / 21:07

+0

Özüniň habary barmy bu mowzukdan, duýduryldymy. Jogaplaýamy dessine


Premium
Belki  (16.08.2025 / 21:11) 

Altyn_asyr, yzygider online bolup yorenson duydurma geregi duymadym


Täzeje
Altyn_asyr  (16.08.2025 / 21:16) 

Belki, onlaynlygy hiç. Online bolmak başga, jogaplamak başga.


Premium
Belki  (16.08.2025 / 21:18) 

Altyn_asyr, garsy bolar oydemok. Ses berlisikde garsy cykmady


Premium
Belki  (16.08.2025 / 21:20) 

Altyn_asyr, islemese jogaplaman biler. Hic kime-de ayratyn habar etmerin. Agzalar ses berdi, menem soraglarymy tayyarladym. Bolany. Mesele menden cykya sol yerde.


Täzeje
 (16.08.2025 / 21:25) 

Altyn_asyr, senem tayyarlayadyña şunýaly bileñmi


Täzeje
Altyn_asyr  (16.08.2025 / 21:27) 

Pechine, hawa

 Täzeje
 Altyn_asyr [off]
 17.08.2025 / 09:07

+0

1 sutga bolup barýar, sebäpker gelenok


Täzeje
Maleficent  (17.08.2025 / 11:42) 

Altyn_asyr,

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 17.08.2025 / 12:51

+0

Ahal agza su gun 12:21-de gelip gidipdir bildirislerem baran bolmaly, jogaplasy gelmeyane zor bilen jogapladyp bolmaz, zeleli yok indika ses beriberin.


Täzeje
 (17.08.2025 / 14:53) 

Belki, Garry


Täzeje
 (17.08.2025 / 14:54) 

Belki, agzany tansym gelýär...

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 19.08.2025 / 21:00

+0

Dowam etmegimi isleyan bolsanyz indiki sohbetdes bolunmaly agza ses berseniz gowy boljak yogsa-da su yerde su rubrika nokat goymaly...


Täzeje
Fantom  (19.08.2025 / 22:48) 

Belki, Howlukma, geljek gelsin. görýäňä ýagdaýlary... rubrikany ýapmaweri, gowy gepleşik.


Täzeje
 (20.08.2025 / 00:38) 

Belki, biderek zat gelerdi bu çaka geljek adam adamy zorlap çagyrmazlygy maslahat berýän
Onsaňam açmaň biderek mowzuk😁


Täzeje
 (20.08.2025 / 00:39) 

Belki, biderek mowzuk hany admin halal bolsun saýt poz et gum et ýok et muň ýaly mowzugy

 Täzeje
 Ahal [off]
 20.08.2025 / 06:09

+0

Tema gowy bolupdyr,maňa bildiriş gelmedi we men düýn gördüm temany! Aslynda özüm barada aýtmagy halamok,ýöne seň azabyň biderek bolmasyn, käbir soraglaryňa gysgaça jogap berjek!

Özüm 1992 nji ýylda Ahal welaýatynda doglan.Maşgala ýagdaýym öýlenemok,we inniki aý nesip bolsa toýum.Aslynda 35 ýaşa çenli gezesim geldi, ýöne bu isläniň bolýan dünýe däl.

Ahal niki saýlamagymyň ýönekeý sebäbi Ahally bolanym üçin.

Internet dünýäsine 2014 ýyldan bäri ertir.comdan girip başladym,we gowy gowy agzalar bilen tanyşdyk çalarak gatnaşylanam bar,hiçisinden ýamanlyk görmedim menä!Şu ýerdede bardyr azyrak meni tanaýan gören agzalar .

Magtymgulyň goşgularyny gowy görýän we her sözünden many gözleýän, elbetde hemme goşgulary däl, onuň adyna goşulan başga goşgylaram bar, şonuň üçin şul goşgy Magtymgula ýakyn diýenimi okaýan,paýlaşýan we oturyp pikir etseň manysy uly akyl ýetirip bolsa!

Edil häzirki döwrüň zyýanly endigi Tiktok.

Ikileýin gatnaşykda iki tarapam gabanmaly, ýöne diňe öz ýerinde.

Özümi üç söz bilen aňlatmaly bolsa (Men hiç kim).


Premium
Belki  (20.08.2025 / 06:25) 

Ahal, minnetdar!


Täzeje
Fantom  (20.08.2025 / 06:32) 

Belki, Hawa, indi kimi çagyrýas?


Premium
Belki  (20.08.2025 / 06:39) 

Fantom, ses ber-da )

 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 20.08.2025 / 10:23

-1

Indi*****yyldyzly nik bara sony tanasymyz gelya pikire gatnasanok hickim bilen isi yok sol agza ses beryan


Täzeje
Avtohuligan  (21.08.2025 / 21:48) 

Bagul, pikire gatnasmayan adam señ mowzugyñada gatnasmaz, we yene birzat ***** agzany tanasyn gelse menden soray..honnan barsi sümüklije birzat ozi


Täzeje
Guljeren  (21.08.2025 / 22:30) 

Avtohuligan, 😂

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dynç güni / hekaýa


Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 16:22)

Dynç güni / hekaýa


Gurletsenem 6 otduh dokuza cenli galman yatjak diyen bolarsyn )...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:11)

Dynç güni / hekaýa


Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:10)

Dynç güni / hekaýa


Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Fantom (26.09.2025 / 21:28)

Gijeki myhman


...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Akademik3 (26.09.2025 / 11:44)

Hormatly ulanyjylar !


Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:13)

Hormatly ulanyjylar !


Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:12)

Hormatly ulanyjylar !


Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:11)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Dusunsem su mowzuga alym boljak ya da zalym...dowamy...

Ýaňajygy çukurjam


indi guldurman hayys sizden...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Akademik3 (26.09.2025 / 11:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->