GEDEM GYZA...

Watjik [off]
29.07.2025 / 11:47
Bütin şäher ýũzüm göresi gelýä (oňaýyň)
Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,
Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ.
Zaryñy çekipdir telim hepdeläp,
Halyña dözmedim, synlap keseden.
Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly,
Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de.
Hamana, ol göze ilmeýän ýaly,
Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe.
Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi,
Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem.
Wah, onuñam arsyzlygyñ sebäbi,
Söýgi ~ kän alkyşlar, näletler siñen.
Gumry bol sen ýa-da meñze jerene,
Kim bolsañam päk söýgüden ürkme sen.
Iñ bolmanda, duýdur söýmeýäniñi,
Aşyk duýmaz, duýar ýaly dürtmeseñ.
Sen oña gürrüñ ber söýgüliñ hakda,
Ol hakda geplemek kyn düşmez saña.
Kaýyl ol bar zada, kaýyl ol hatda
Göwnaçyk ýylgyryp möçükdirseñem.
Ýüzüñde gaýgy bar, gözüñde ünji,
Belli däl, mähriñi kime berjeksiñ?
Söýüp bilmedikleñ kän bor ökünji,
Beýle kişileri hernä ýer çeksin!
Ýok, myrtar keseli,
başynda keli,
Günä bolar hoş sözüñi gaýgyrsañ.
Senden akyllydyr, bilemok welin,
Her gije birini söýýän söýgür hem. Goşgular
![]() 96 |
![]() 24 |
![]() 0 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




