Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Arzuw : Beni korkutarak yenemezlerdi, sever gibi yapıp öyle bitirdiler...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Söýüp git!
 Öwreniji
 Alienus [off]
 11.08.2025 / 09:38
 Hyzmatyň nyrhy: 250 ball

Söýüp git!

"Eje" nämedir ýönekeý aýal,
Asman perişdesimi ýa ýetilmez hyýal?
Ölýänçäm haýyş edýän ýanymda gal,
Ýa gitjek wagtyň ýanyň bilen alyp git!

Durmuşyň manysymy sen ýa gül ysy?
Aýy gabandyrýarmyş ejeleriň ýüzi,
Jennet sende däl, sen Jennediň özi.
Jennede gidäýseň meni oda salyp git!

Öwretdiň garany, öwretdiň agy,
Köpeldi saçyň agy, gözüňde a:gy,
Şahyr diýdi: "Besdir daglaryň garrany"
Sen garrama ýaş wagtyňy "tapyp" git!

Ýüregiň gysganmarsyň eger islesem,
Ýüregmi okaýaň gaýgymy gizlesem,
Armanym ýok owazyň diňlesem,
Mähirden doly ol sazyňy çalyp git!

Dünýä ýatyr küýsäp ertirki güni,
Menem ukladym dileg edip gowlugy.
Ýüzüňde gijäň ukusyzlygy,
Birazajyk ýataý, Aýy Güne öwrüp git!

Seň içki dünýäňe düşünmek mümkin däl,
Dünýä garşy sende öýke-kin kän,
Sen uçmaly ýöne seň ýüküň kän,
Eje gaýgylarňy ogluňa goýup git!

Alla seni ýaratdy päk ýürek bilen,
Kömek edenokdy ne "giden" ne "gelen",
Ýadyňdamy doýýadyk gury çörek bilen,
Diýdiň: "Oglum bary bilen oňup git!"

Oraz diýer men bir ene aşygy,
Ýöne gaharlanýan käte çytyp gaşymy,
Diňe gülende görkezsin ýaşyňy...
Ejeňi soňky demiňe çenli söýüp git!



Ⓒ Syke Däli.


101

26

4

7

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Violetta [off]
  Dayanabiliyor oluşuma da kızgınım
 12.08.2025 / 01:03

+1

Ejelermiziň jany sag ömrü uzak bolsun

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Bu dünýäge biýl baglan, galdy zyýan içinde... :ah:
 14.08.2025 / 04:15

+1

Yhlas edip hata geçireniňe minnetdar! Şeýdip okasam gowy...

Bar bolsa: "Oglanlar uçarda ýene-de wakumda ýaly" goýaý-da

 Öwreniji
 Alienus [off]
  Hyzmatyň nyrhy: 250 ball
 14.08.2025 / 12:15

+0

Fantom, teswirine jogap yazyp bolanok son ucin taze teswirde yazyan teswirine jogap

'Aydyanyn '25 yaly' bolmaly ady, goymasyna goyaryn yone biraz tersirak bolaymasa ol aydymyn sozleri kopculik ucin...'


Özümiziňki
Fantom  (14.08.2025 / 21:39) 

Alienus, Hää, şeýlemi, bor onda. menä ilki oňa dogrysy eýranly türkmenleň sözleri ýaly gördim welin, öz türkmenlemmiz diýip hoo arada aýdaňda bilip galdym.


Öwreniji
Alienus  (14.08.2025 / 22:49) 

Fantom, yok eyranly dal yurdun icindaki turkmenler aydan reperler

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 16.08.2025 / 17:53

+1

Gowsak


Öwreniji
Alienus  (16.08.2025 / 18:42) 

Belki, bolup biler

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:26)

Sabyr / hekaýa


Gowy ýazylypdyr. Gaty kyýn ýagdaý şunuň ýaly bolsa....dowamy...
Hekaýalar | Sabyr / hekaýa
Fantom (Düýn, 19:41)

BAGLYLYK


"Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan", Bäh, nämekäraýt ol?...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Fantom (Düýn, 19:24)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Dine mn yazmandyrn komentarya:...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Jasmin (Düýn, 14:23)

Sakla


Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy, Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy, Ýetimiň öňünde bolma hataly, Agyr günälerden, töhmetden sakla. Ămin...dowamy...
Şygryýet | Sakla
@menin_dunyam (Düýn, 09:18)

Söýgi seniň özüň!


Kőseneniñee degipdir...dowamy...
Şygryýet | Söýgi seniň özüň!
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика