“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Halypama
 Özümiziňki
 medet_mededi [off]
 12.08.2025 / 15:12

Şygryýet ýoluna ak pata beren,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.
Kalbyma nur çaýdy sözleri bilen,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Beýikligi dagyň çür başyna deň,
Şygyrlary döwre sazlaşykly heň,
Nesihatyn alyp hyruçlandym men,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Sözlerinde agyrlyk bar, many bar,
Tebsirän duýgular bolýar lälezar,
Halk üçin döredýär, ýazýar, işleýär,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Hem proza, hem poeziýa ussady,
Eserlerin okap bolýaň şaýady.
Sungaty gözeldir, meşhurdyr ady,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Edebiýatda uly işler bitirýär,
Şägirtleri ýetişdirýär, getirýär,
Hak söz üçin galamyny göterýär,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Nesihatyn diňläp baş arşa ýetdi,
Göwnüm joşdy, ylham gomlaryn atdy,
Bu gün size duşmak miýesser etdi,
Ussadym, halypam Aşyrmät Garly.

Medet MEDEDOW

Aşgabat ş. 2023ý.


129

17

1

2

1

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Apaski 18+ mowzuklardan acda...dowamy...

Dynç güni / hekaýa


Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 16:22)

Dynç güni / hekaýa


Gurletsenem 6 otduh dokuza cenli galman yatjak diyen bolarsyn )...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:11)

Dynç güni / hekaýa


Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:10)

Dynç güni / hekaýa


Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Fantom (26.09.2025 / 21:28)

Gijeki myhman


...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Akademik3 (26.09.2025 / 11:44)

Hormatly ulanyjylar !


Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:13)

Hormatly ulanyjylar !


Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:12)

Hormatly ulanyjylar !


Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:11)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Dusunsem su mowzuga alym boljak ya da zalym...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->