Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Darkify : Bir öpüm karyz ber yzyna gaýtarmana söz berýän Loveapp

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Dost / hekaýa
 Öwreniji
 bagabat [off]
 14.08.2025 / 11:45

Bedenterbiýe sapagy.
Türgenleşik meýdançasy.
Has takygy, meýdança däl-de, mähnet meýdan.
Has-has-has…
Tutuş synp bolup ylgaw synagyny tabşyrýarlar.
Meýdançanyň ortasynda türgenleşik geýmindäki boýny jürlewükli mugallym, olaryň ylgaman ylgan kişi bolup, sapalak atmazlyklaryny hüşgärlik bilen, sypdyrman synlaýar.
Has-has-has…
Synpdaşlar-a, hanha, eýýäm ikinji aýlawy ýarpylap barýarlar welin, ol heniz birinjisinem tamamlamady.
Şonda-da demi-demine ýetmän, öýkeni agzyndan çykaýjak bolýar.
Has-has-has…
Lopbuk göwresi mundan buýanky beýlekileriňkä iki essedigi sebäpli, ol bar güýji bilen ylganda, garagolrak deň-duşlarynyň biri haýdap ýöreýän ýaly…
Şol sebäpli, arakesmede “kowdy-gaçdy” oýnasalaram, müdimilik eşekçi bolmak onuň maňlaýyna ýazylan.
Hemme zada-da ejesi günäkär.
“Üç gyzdan soň bolan ýekeje oglum” diýen bolup, haçan görseň süýjüden-süýji zatlary bişirip, öňüne üýşürip ýör.
Iýmänem bir gör, hany ol zatlary!
Nädersiň, iýmejek bolup özüňe zor salan badyňa, hyllygyňa düwünip öleýmeýäňmi, saçak başynda oturanja ýeriňde!
Kakasam: “Berhiz sakla, horlanjak bol” diýmegiň deregine gaýta: “Goç oglum, bahym meniň yzymdan ýetýä!” diýip göwnühoşluk bilen garnyny sypaýar-a, her gezek…
Has-has-has…
Deň-duşlary dolmuşja oglanjygyň yzyndan ikinji gezegem ozup geçdiler.
Hemmejesem, mugallyma bildirip-bildirmän kikir-de-kikir…
Üstünden gülýärler.
Dili duzlyraklary bolsa deňesinden ötýänçä her hili neşderlije sözlerini atyp galýar:
-Dost, bommasa, ulaghanadan traktyr diläp getirip şoňa süýredäýeli?! Hä?!
-Pökgi, etiň kilesi näçeden?! Ýohha-da, bagyşlaweri! Senden etiň bahasyny däl-de ýagyňkyny soramalydyr-ow!
-Dost, näme bilen bakýalar-aý, seni?! Biz-ä öýde baggoýnumyzy näçe baksagam, seniň ýaly owadan edip bilmeýäs onyny! Hä?!
-Pökgüş, kimi iýdiň-aý?! Saňa-ha biz ýalyň azyndan üçüs-ä sygýa! Hä?!
Onuň bolsa bujagaz teýeneli jümlelere jogap gaýtarmaga haly ýok.
Türgenleşik geýmini sykybermeli.
Suw-sil.
Daljygýar.
Has-has-has…
Üstesine-de, bu oba göçüp gelip, mekdebe gatnap başlanyna ýaňy aý ýarym bolany hem onuň diline badak atýar.
Ol deňesinden ozup geçip, ýeňil gopup barýanlar üçin henizem doly özüniňki däl.
Ýarym bigäne.
Şonuň üçinem olaryň arasynda onuň arkasyny alýan ýa-da teň halyna duýgudaşlyk bildirýän ýok.
Hatda, soňky bir aý bäri bile mekdebe gatnaýan, bile oýnaýan, özüniň oňa öý işlerini edişýän goňşy ýaşytdaşy hem adaty günde dost bolsa-da, şu mahal dost däl ýaly.
Sesini çykarmasa-da, beýlekilerden beter kikirdeýär.
Has-has-has…
Ol halys ysgyndan gitdi. Gözüniň öňi garaňkyrap başlady.
Mugallym onuň ýagdaýyna düşündi öýdýän. Jürlewük çaldy-da:
-Pylanyýep, az-maz sägin-de, ylgawuňy bes edip, maýdalyňa ýöräp, demiňi dürse!-diýip gygyrdy.
Emma, ol üstünden gülünýänine kemsindimi ýa-da saklanmagy ejizlik hasap etdimi, dişini gysyp, bolanja gaýraty bilen ylgamagyny dowam etdi.
Şol pille-de, deň-duşlarynyň içinde iň ekabyry, üçünji aýlawa ylgap barşyna onuň yzyndan ýetdi.
Dolmuş oglanjyk onuň birnäçe ýyl bäri dzýudo göreşinden işjeň tälim alýandygyny beýlekilerden eşidipdi.
Onuň endigan dem alyp, çala derläp, beýlekiler iki aýlanýança üçünji aýlawyny tamamlap ylgaýşyndanam täliminiň ýetikdigi bildirýärdi.
-Ýadadyňmy, dost?!-diýip ol onuň deňesine ýetende badyny haýallatdy:-Howlukma, gaty agramam salma! Häzir seniň bilen badymy deňleşdireýin welin, büdräp, südeneklejek bolsaň, egniňi maňa diräýgin! Dem alşyňam, aýak urşuňam meniňkä görä sazlajak bol. Şonda daljygmarsyň! Bolýamy?!
Ol geň galmakdan ýaňa tas büdreýärdi.
Süssenekläp gitdi.
Ýanyndaky goltugyndan gop bermedik bolsa, öz aýagyna çolaşyp, tüwdürilip gidýärdi.
Hernä ol saklap ýetişdi.
Ol zordan aýak urşuny düzetdi.
Soňra olar iki bolup, ylgawlaryny dowam etdirdiler.
Dem alyşlaram sazlaşdy.
Gadam uruşlaram…


44

14

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 gul [off]
  takvimin en guzel yaprağıýdı seni gordüğüm gün...♥
 15.08.2025 / 15:57

+1

Awtor yenede jemlemede yekeje zadyny sazlashdyryp goyberen bolsa has gowy bolardy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:26)

Sabyr / hekaýa


Gowy ýazylypdyr. Gaty kyýn ýagdaý şunuň ýaly bolsa....dowamy...
Hekaýalar | Sabyr / hekaýa
Fantom (Düýn, 19:41)

BAGLYLYK


"Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan", Bäh, nämekäraýt ol?...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Fantom (Düýn, 19:24)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Dine mn yazmandyrn komentarya:...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Jasmin (Düýn, 14:23)

Sakla


Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy, Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy, Ýetimiň öňünde bolma hataly, Agyr günälerden, töhmetden sakla. Ămin...dowamy...
Şygryýet | Sakla
@menin_dunyam (Düýn, 09:18)

Söýgi seniň özüň!


Kőseneniñee degipdir...dowamy...
Şygryýet | Söýgi seniň özüň!
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика