Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Bee your own boss
Ukusyz gije
Gytyndan Aixcam_nx [off] 17.08.2025 / 01:21 Raionymyn ovadanjasylai_nx
Ukusyz gije
Gije maňa uky alyp gelmändir,
Görülmedik düýşler gelýär aklyma.
Gyraw düşdi ýaş başyma eýýämden,
Öz-özümi günäleýän, hakly men.
Penjireden gelýän düşnüksiz sesler
Öýde maňa ýazylganlyk bermeýär.
Çagajyk aglaýar ýokarky gatda,
Ejesiniň hüwdüsini diňlemän.
Boşap galan ýaly ýüregim, ýadym,
Pikir ýumagyny çöşläp bilemok.
Kim saňa düşünýär, kim eşder dadyň?
Göwnümi hiç zada hoşlap bilemok.
Ähli zady unutmaga takadym
çatan güni özüm bolup galaryn.
...Diňşirgenýän, sesi gelýär sagadyň,
Hiç bolan dek uzakly gün aranym...
Gije maňa uky alyp gelmändir.
Parahat Mämmetnurow
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
BAGLYLYK
Derdiň men bolaryn, dermanyňam men,
Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....
dowamy...Sakla
Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy,
Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy,
Ýetimiň öňünde bolma hataly,
Agyr günälerden, töhmetden sakla.
Ămin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...
dowamy...Bir arapdan_bir şarapdan №7
Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...
dowamy...
Ýokaryk