Dostlarym

medet_mededi [off]
17.08.2025 / 10:19
Ýaşuly, ýaşkiçisi bar,
Dostlarymyň arasynda.
Deň-duşlaryň niçesi bar,
Dostlarymyň arasynda.
Ganat bolsaň, dostuň ýelek,
Çyn dostlar - un, wagt - elek.
Sözleýän ýok asla telek,
Dostlarymyň arasynda.
Çagalykda sataşanym,
Oýunjaklary çalyşanym.
Bar mekdepde tanyşanym,
Dostlarymyň arasynda.
Geçdik çagalygyň ýolun,
Bezedi kalbymyň törün.
Synpdaşlarym tutýar orun,
Dostlarymyň arasynda.
Gullukdaşym - çyn ýaranym,
Sak durup Watan goranym,
Kän hal-ahwalyn soranym.
Dostlarymyň arasynda.
Talyp dostlam tapýar göwnüm,
Durmuş ýoly etdi öwrüm,
Hezil döwri geldi ömrüň,
Dostlarymyň arasynda.
Dosta bagly içim-daşym,
Şolar bilen ýazdyr gyşym.
Meslekdeşim - galamdaşym,
Dostlarymyň arasynda.
Medet MEDEDOW
![]() 91 |
![]() 9 |
![]() 0 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




