“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Salam / hekaýa
 Öwreniji
 bagabat [off]
 18.08.2025 / 08:08

Gaýdyp barýa...
Äýnek.
Kostýum.
Şlýapa.
Portfel.
Arzanjagam parfýum.
Barýany öýi.
Emma näme üçindir ýüregi gysýa...
Ýogsa, hemme zat gowy...
...ýalam....
Öýi – abat.
Çagalary...
Boljak...
Ilden artygam däl, kemem.
Şoňa-da şükür...
Eger-de gowulykda däl-de, erbetlikde ýa-da göz-gülbanlykda ilden artyk ýa kem bolsalar, nädersiň?!...
Estagpurulla...
Şeýle “nätmekdenem”, başga “nätmeklerdenem” Allaň özi gorasyn...
Onda nä?!
Ýa muňkam: “mesligem goýun götär, goýnuňam garasy, garasynyňam garrysy, garrysynyňam arrygy, arrygynyňam urrugy, urrugynyňam mürrigi, mürrüginiňem çerrigi, çerriginiňem girrigi, girriginiňem warrygy...” diýilýänimikä?!
Äý ýo!
Beýl-ä dä bolmaly...
Ol şu pikirleri içinde hümledip barşyna uly ýoluň astyndaky ötlem-ötlem ýerasty geçelgä girip gitdi...
Çaky çak bolsa, ýürekgysmasynyň birje sebäbi – ol çagalykdan dostçyl...
Dostlary bolsa, öň-ä köpdi.
Soň azaldy.
Indem ýok...
Sebäbem, birine o gerek, birine bi.
Hiç haýsyna-da bu gerekgä...
...ýaly...
Şondan bolaýmasa...
Göwnüne bolmasa, birhili durmuşyň duzy ýok...
...ýaly...
Birdenkä ol, geçelgäň indiki aýlawyndan aýlanmakçy bolanda, daş-töwerek ýap-ýagty bolsa-da, näme üçindir tüm-garaňky diwar ünsüni çekdi.
Diwarmyka beri özi?!
Belki çyralaň ýagtysynyň oýnundan emele gelen kölegedir...
Ýa-da salgymdyr.
Şol diwardygy ýa-da salgymdygam näbelli kölegäň içinde-de sypaty özüniňkä çalymdaş sudur otyr.
Özem gaýgyly...
Kürtdürdi.
Nätmeli?
Asla, nätseň dogry boljak?!
Töweregine garanjaklady.
Asty-üsti, sagy-çepi ýylpyldawuk geçelgede özünden başga yns-jyns ýok.
Gum-guklyk.
Hatda depesinden wazlaşyp geçýändiklerini anyk bilýän ulaglarynyň “wazzyldysam” eşidilmeýär.
Kim guranam bolsa, alan hakyny halallapdyr...
...öýdýän...
Bu nämälim gamgyn sudury bolsa...
Görmedik bolup deňesinden ötägideniň gowy boljakmy?
Ýa, gaçýanyňy özüň bilýänem bolsaň, bildirmediksiräp, haýdaşlap gaçanyň has ýagşymy?!
Ol dem salym ikirjiňlenip durdy-da, birdenkä özi üçinem duýdansyz kölegäň içindäki sudura elini uzatdy:
-Salam gardaş...
Her niçigem bolsa, ady adam bolanyň, iň bolmanda kölege içre mekan tutan sudurdanam bolsa dostly bolany ýagşy...
...bolaýmasa...


104

16

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Apaski 18+ mowzuklardan acda...dowamy...

Dynç güni / hekaýa


Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 16:22)

Dynç güni / hekaýa


Gurletsenem 6 otduh dokuza cenli galman yatjak diyen bolarsyn )...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:11)

Dynç güni / hekaýa


Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:10)

Dynç güni / hekaýa


Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Fantom (26.09.2025 / 21:28)

Gijeki myhman


...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Akademik3 (26.09.2025 / 11:44)

Hormatly ulanyjylar !


Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:13)

Hormatly ulanyjylar !


Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:12)

Hormatly ulanyjylar !


Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:11)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Dusunsem su mowzuga alym boljak ya da zalym...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->