Ýürekdeş sözler!
# Meni başga dünýä äkitseñizläñ!...
Adminka [off]
03.03.2024 / 21:28
Жизнь шутит а мне не смешно
Juwanlyk söýgüniñ joşguny ýaly,
Duýgylañ ejizin içinde gizläp,
Käşkä dynç gulagma ýaşarymýaly,
Meni başga dünýä äkitseñizläñ!.
Darygyp ýörmäýin kötelli ýolda,
Käte gülen bolup, käte-de iñläp,
Birje gezek meñem pikrimi goldap,
Meni başga dünýä äkitseñizläñ!.
Hamala köpleriñ dilinde güýji,
Halys iripdirin ýalany diñläp,
Goý, ähli edenlem bolsun tersine,
Ykbalyñ şarpygyn durmaryn geñläp,
Ýa-da o ýerlerde bärdäki ýaly,
Belki şowuna bor, gezmerin heñläp,
Iñ bolmanda birje pursat bolsa-da,
Aýnamagym üçin bagty güjeñläp,
Kalpda gussanyñ jebrini kemläp,
Meni başga dünýä äkitseñizläñ!...
Onsañ, goý, yzymdan aglan bolsunlar,
Gözlerniñ ýaşyny ýandaga sürtäp,
Men bolsa ýaşaýyn täze dünýäde,
Ne-hä ili örtäp, ne özüm örtäp...
Awtory: Baýram Bejidow
134 |
9 |
1 |
0 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
03.03.2024 / 21:29
+0
O saytdan kopirowat edena dalsin
Aypipijik (03.03.2024 / 21:31)
rexha, 👍
Soňky teswirler
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...