“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
boshver : Owadan sòzlere zar bolsañ eger, gel olaryñ çykýan ýerinde ýaša..#fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

DERWÜŞ WE GEDEM KAZY (Tymsal)
 Gerekli
 Adminka [off]
 28.03.2024 / 07:04
 Жизнь шутит а мне не смешно

Gadym zamanlarda bir kazynyň ýanyna mollalar we baýlar üýşüp, bir dini meseläni ara alyp maslahatlaşýardylar. Şol wagt köne egin-eşikli bir kembagal derwüş üýşmeleňe gelip girdi-de, mollalaryň we baýlaryň hatarynda oturdy. Kazy derwüşiň molla we baýlaryň hatarynda oturanyny görüp gaharlandy:

— Sen näme üçin mollalaryň we baýlaryň arasynda otyrsyň, öz derejäňi bileňokmy? Derrew ýeriňden tur-da, başga ýere geç ýa-da çykyp git — diýdi we hyzmatkärine derwüşi gapynyň öňünde oturtmagy buýurdy.

Hyzmatkär gelip, derwüşiň ýakasyndan tutup, oňa şeýle diýdi:

— Sen ulamalaryň, baýlaryň mejlisinde oturmaga mynasyp dälsiň, näme üçin öz hetdiňi bilmän, olaryň arasynda oturýarsyň? Çirkeýiň arslan bilen göreşmäge güýji ýetmeýär. Seniň akylyň ýerinde däl, kembagal derwüşsiň, ulama we baýlaryň çekişmelerine gatnaşmak üçin ylmy güýç gerek, sende bolsa ol ýok, tur ýeriňden, aşakda otur, ýogsam çykaryp kowaryn. Derwüş ah çekdi, kazynyň we hyzmatkäriň aýdan sözlerine ýüregi ynjady we nalaç aşak düşüp oturmaga mejbur boldy. Mollalar ara alyp maslahatlaşýan meselesiniň üstünde çekişdiler, horaz ýaly biri-birine hüjüm etdiler, iki topara bölünip gygyryşdylar. Ýaka tutuşmaklaryna az galdy. Ýöne mesele çözülmedi. Derwüş olaryň bolşuna gülüp, ümsüm otyrdy, ahyrsoňy ol çydamady, iki tarapyň jenjelini ýatyrmak üçin şeýle diýdi:

— Boýnuňyzy süýndürip, bokurdagyňyzy ýyrtara getirip gygyryşanyňyz bilen mesele çözülmeýär. Mesele delilsiz, hatsyz çözülmeýär. Bu mesele barada mende hem maglumat bar. Ylymda kuwwatym — gudratym ýeterlik, men sorag-jogaba taýýar, oturyň, jenjelleşmäň, sözüme gulak asyň?

Molla we baýlar ondan öz pikirini aýtmagy haýyş etdiler. Kembagal derwüş şeýle bir düşnükli, ylmy edip düşündirdi welin, meýlisdäkiler haýran galdy. Derwüş meseläni berk deliller bilen düşündirdi. Oňa minnetdarlyk bildirip, berekella diýdiler. Gedem kazy hem derwüşiň akylparasatyna geň galyp, özüniň ýüpek donuny we täze sellesini hyzmatkäriniň eline berdi we bulary derwüşe geýdirmegi buýurdy, derwüşden ötünç sorap:

— Eý, derwüş, seniň gadyr-gymmatyňy bilmändirin. Bu dony geýip, selläni orap, ýokary çykyp otur — diýdi.

Hyzmatkär derwüşe tagzym edip, oňa selle we dony geýdirjek boldy. Derwüş ony ýanyna ýakynlaşdyrmady:

— Aňyrrakda dur, gedemlige we men-menlige sebäp bolýan bu selle we don maňa gerek däl. Köne-küşül lybasyň akyl-paýhasymy kemeltmeýşi ýaly, bu ýüpek don we zer selle hem ony köpeltmeýär. Akyl lybasda däl, başdadyr. Egnine gymmatbaha lybaslar geýip, özlerini bezäp ýören adamlar bar, ýöne olar ylym-bilimden, akyl-terbiýeden bihabardyrlar. Şeýle kişileri beýlekilerden ýokary, köne egin-eşikli bolsa, olary pes saýmak ynsaplylygyň alamaty däldir. Akylly, parasatly bolmak üçin ylym öwrenmek zerurdyr.

«Donuna seretme, sözüne seret» diýen dana sözlere görä, adamyň lybasyna, daş görnüşine däl-de, akylpaýhasyna, sözüne, ahlak-terbiýesine üns beriň!


165

10

4

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
 28.03.2024 / 07:42

+1

:best:

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 28.03.2024 / 07:43

+0

Hm hä

 Öwreniji
 Unknown_ [off]
 28.03.2024 / 09:01

+1

Donuna seretme, sözine seret. :dovolen:


Täzeje
BAY-HAN  (28.03.2024 / 09:02) 

Unknown_, hmm

 Täzeje
 Ezi [off]
 28.03.2024 / 15:23

+0

bir mowzuga 15 sany + basmaga mumkincilik bolsady Onda baryny shuna basardym! gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (Şugün, 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (Şugün, 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (Şugün, 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (Şugün, 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (Düýn, 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (Düýn, 19:46)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (16.06.2026 / 14:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->