“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : 3 sany zat adamy ÿadadÿar : Bagyşlamak, Gaharyñ gelip durka dymmak, Bolmajagyny bilibem arzuw etmek..K/D

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Näme üçin adamlar özleri bilen gepleşýärler
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 09:44

Özi bilen gepleşmeýän adam bolmaýar. Ondada bir özüň ýaşaýan bolsaň ýada adamlardan uzakda bir özüň bolsaň.
Ýok. Men ýalňyz däl. Meniň ýanymda adam köp. Gün dowamynda onlarça adam bilen hal-ahwal soraşyp olaryň hyzmatynda bolýarn. Dogry meniň halamaýan adam adamaym hem bar. Ýöne olar köp sanly däl.
Men öz pikirleimi we hyýallarymy adamlar bilen paýlaşýaryn. Şonuň üçin özümi ýalňyz duýmaýaryn.
Edil şu ýere gelende men size bu ýazgylarymy nireden alýandygymy aýydaýyn. Aýdymlardan. Men aýdymçylary üns bilen diňleýän we olaryň ýüregimde galan sesini size ýetirýärin.
Bu göçürmek däl. Bu täsir astynda galan adamyň ýazgyzy. Şu ýere gezek gelende men aýdymçylar barada öz pikirimi we hyýalymy aýdyýan. Olaryň adyny dilime alan pursadymda
Ilki bilen olar üznüksiz kimdir birlerine aşyk. Öz söýgüleri barada aýydýarlar. Aýal bilen erkegiň jynsy söýgüsi. Öz söýgüsi barada aýydanlarynda olar jynsy oýanyşda bolýana meňzeýäler. Bu ýerde meni ýalňyşýaň diýseňiz onda olar näme üçin köplenç ýalaňaç ýada tenini ep-esli bölegini göze ýakymly edip görkezmek üçin synanýarlar.
Ondada bu hili hereketleri daşary ýurtlylar köp edýäler.
Ine, şu ýerde men daşary ýurt aýdymyny eşidip galdym. Iňlis dilinde. Bu aýdymy söze geçirein.
Men gidip otyryn. Ýollarda meniň öňümden köp adam çykaýar. Men olary görýärin. Olar meniň gözüme kaklyşýarlar. Olar meniň üçin kim. Meniň olara garaýşym nähili bolmaly. Men olary söýmelimi ýada ýigrenmelimi?. Olar üçin men gynanmalymy?. Meniň özüm olar üçin kim?. Olarda meniň iň ýönekeý äsgerme barmy?.
Näme üçin bu hili pursat günde şol birhili gaýtalanýar. Meniň nähili kemsim bar. Men bu kemisimi olaryň öňünde nähili düzetmeli. Men olara minnetderlyk bildirmeli meniň öňümden çykanlary üçin ýada men bir gapdala gidip galmalymy?. Çünki men bir gün olaryň öňünden çykmaryn. Bu halatda olar men barada näme oý-pikir ederler. Olar maňa biperwaý adamlar. Ertir men köçede ölüp galsam meniň başujymda egilip meniň üstüme ýekeje gözýaş damdyrjak adam barmy olaryň içinde.
Bu aýdym maňa şeýle bolup eşidildi.
Dürli döwürlerde dürli aýdymlary diňleýän. Näme üçindigini bilmeýän. Häzirki döwürde ýaňsylaýjy aýdymlary gowy görýärin. Şonuň üçin özüm hem ýaňsylaýjy sözleri aýdyp iň soňunda dogry sözlere geçýärin.
Gurban Ýazmyradowiç hem ýaňsylamadan dörän adam.Ýaňsylamany ýeke men ulanmaýan. Siz hem hökman birini ýaňsylaýaňyz. Men muňa üns berdim.
Ýaňsylama ýalan sözden gelip çykýar. Kimdir biri siz aldap wadasynda tapylmasa siz onuň sözlerini ýaňsylap ondan ar almak üçin synanýaňyz sizi aldany üçin.
Ýöne haýsy ýana ýatsaňyzda durmuş barada çynlakaý öý-pikirden ýüz ddöndermeli.
Baran ýerine çenli gowy bolup barybersin. Haçan ýaman bolanda bir zatlar etjek bolup urynarys. Onsoňam biz ýalňyz däl. Bize nebsi agyran tapylar. Ömür beren Alla ömrümizi hem gorar. Gaýga batmaň.
Hawa aýydýança. Bir latynamerikaly şahyr şeýle diýýär. Men onuň aýydanlaryna geň galdym. Men onuň birnäçe goşgysyny hem okadym. Ol şeýle ýazýar
-Nirede adalat bolmasa men şol ýerde
Men sizi adalatsyzlykdan goraryn
Hernä şeýle bolsunda. Bu şahyr aradan çykyp gitdi. Öň adyny bilýärdim. Häzir ýadymda ýok.
Ol meni hemişe gorasyn adalatsyzlykdan.


11

5

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Belki tanayansynyz?!


Milana-Mylayym uyamyzy menem tanayadym. Mylayym diysen mylaymdy. Adamcylygy gowudy. Yogalypdyr diyip esidemde nace gunlap kuyumden cykmandy. Jayy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki tanayansynyz?!
Zuleyha (Şugün, 21:00)

Belki tanayansynyz?!


Menem tanaýadym. Gowy görýädim. Ýitip gitdi ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki tanayansynyz?!
Narpyz (Şugün, 14:12)

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Nike tech😎...dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Tommy Hilfiger number one...dowamy...

Bu gyzykly durmuş


Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Fantom (Düýn, 19:24)

Muňa durmuş diýýärler


Salam Don! Öňki syýasat täzelikleriň ýokmy türkmen dilinde? Dogrysy hezil edip okaýardym şolaryňy....dowamy...

Belki tanayansynyz?!


Men tanaýan. Ýöne saýtdakylaryň hijisiniň nomyry ýok mende...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki tanayansynyz?!
Bulvar (Düýn, 17:09)

Belki tanayansynyz?!


Tanayan welin menda nomer zady ýok köp wagt boldy gatnaşamzok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki tanayansynyz?!
Sebap (Düýn, 14:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->