Ýürekdeş sözler!
Maňa pul karz beriň emma yzyna soramaň
Mishel [off]
Düýn, 12:49
Meniň gepime ters düşünmäň. Eger men bu bir ýönekeý durmuş diýsem siz hem meniň yzymdan gaýtalap, bu durmuş ýönekeý eken diýip özüňiziň başarmajak işiňize urynmaň. Ilki bilen para üsti bilen iş bitirmäň. Bir beren paraňdan işiň bitsede ikinji beren paraňdan dynarsyň. Pulyň köýer gider. Onsoň her ýetene pul karz bermäň. Maşynyňy ýarym sagat berip dur diýip hut iniň gelsede berme!
Men bu ýagdaýlar barada köp eşitdim. Menden pul karz alana adam häli gezip ýör. Eýýäm ençeme ýyldan bäri karz alan pulyny berenak. Utanjy hem ýok. Onuň ornuna men utanýan. Pulymy ber diýip soramana.
Bir gürrüňdeşim şeýle diýýär.
Gürrüňdeşim bir gapy hyzmatkärini öýüne getirip iki-üç gün işledýär. Işlän günleriniň hakyny alyp gapy hyzmatkäri öýüne dolanýar. Iki gün geçirip ýaňky gapy hyzmatkäri ondan pul karz soraýar. Delil hökmünde çagalarynyň keselländigini aýdyp ant içip ondan pul karz soraýar Aglap otyrana nebsi agyryp bu gürrüňdeşim oňa köp bolmadyk puly karz berýär. Pul karz alan pulyňy iki günden gaýtaryp getirip bererin diýýär emma iki gün geçýär pul ýok, üç geçýär, gelýän adam ýok, bir hepde geçýär onda-da pul ýok.
Gürrüňdeşim howsala alyp pul karz berenini tapyp ondan alan pulyny yzyna soraýar..
Ol ýene iki gün garaşmagyny soraýar. Gürrüňdeşim ynjalyp öýüne gelýär, indi iki günden pulym öýe dolanar öýüdýär emma ýene iki gün geçip pul ýok ýene bir hepde pul ýok. Ond gürrüňdeşim pul karz beren adamyny ýene gözläp tapýar. Onda pul karz alan adam pul ýokdugyny aýydýär.
Gürrüňdeşim indiki säwligi gýberýär. Ol pulyň ýok bolsa karz alan pulyň üçin ýene iki gün işläp berseň bolýar diýýär. Karzdar bolýar diýýär emma işläp bermek üçin onuň öýüne barmaýar.
Pul beren her hili edip görýär pulyny yzyna aljak bolup. Ýöne pul alan karzdar hiç bir görnüşde oňa pulyny gaýtaryp bermeýär.
Indäm pulyny ýýäm näçe ýyldan bäri alyp bilmän gezip ýör. Özüm barada aýdanymda bolsa maňa onuň gaýtaryp beren puly gerek däl. Men ondan ar aljak bolup hem ýörämäk çünki bu durmuşda meniň öz ýolum bar. Bu ýol meni hemişe gorap gelýär. Karz beren pulymy yzyna almanymdada meniň pulym köp. Şu pullary zaýalaman sowsam maňa ýeterlik.
Pul alyp yzyna berilmän durany hemişede bar. Bu ýagdaý gadymy kitaplarda hem bar.
Ýöne käbir karz pul berilmese ullakan pajygaly wakalaryň üstünden eltýä. Bu halatda durmuş ýönekeý bolmaýarda ölüm-ýitimli bolýar. Karz pul üçin adamlaryň öldürýän pursatlary hem bolýar.
Günä, karz, sogap, haýyr iş, haramlyk diýip eşidensiňiz. Bularyň her biri bir at. Gadymy döwüriň adamlary bu zatlary görüpdir. Mysal üçin biziň erteki we rowaýatlarymyzda döwler, jynlar, perişdeler suratlandyrylar. Şol döwürlerde bu ady tutylan hadysalar hakykatdanda durmuşda ýaşandyrlar ýogsa gözüň görmedik zatlaryňa at goýyp bolmaz. Özüňiz synanyşyp haýsam bolsa bir täze jandary oýlap tapyňda oňa at goýyp men bu jandary gördüm ol pylan ýerde ýaşaýar we pylan zatlary iýýär diýip halky ynandyrjak bolup görüň. Ynanan bolmasa gerek. Emma biz günäniň bardgyna ynanýarys. Haramlygyň bardygyny hem bilýäris.
Ynanmaýan adamlar hem bar. Aýratynam biziň ynanýan zatlarymyza ruslar ynanmaýarlar. Mysal üçin, olara arak içmek günä diýseň seniň olar sniň bilen uruşmana taýyn. Dogry käbir ruslar ynanýarlar. Ýöne bujagaz az möçberdäki ynanmadan netije ýok.
Bir rus blogeri şeýle ýazýar.
-Men ýigrimi ýyllaryň dowamynda öz ýaşaýan ýerimiň ýerli halkyny synadym. Olar köp günä iş etdiler emma eden günäleri üçin hiç hili jeza çekmedi. Bu hili ýazgylardan soň elbetde günä işleri etjek köpeler.
Onsoň men oňa jogap ýazdym.
-Ýigrimi ýylyň dowamynda hökman bir obadan kimdir biri ölýär. Bu jeza. Ýigrimi ýylyň dowamynda bu obanyň adamlary haýsydyr bir zatdan mätäçlik çekýäler. Bu hem jeza. Ýigrimi ýylyň dowamynda obany taşlap gidýän adamlar bolýar. Bu hem jeza.Jezany saýgaramak gerek. Üstesine jeza beriji öz beren jezasyny bizden gizläp hem biler. Goý bular günä iş etsinler. Onsoň men bulara jeza bererin diýýändir. Biz bilmeýäs ahyry özgäniň oý-pikirini. Diňe çak edýäris.
Şonuň ýalyda gapy hyzmatkärine pul karz berip yzyndan ondan pulyny gaýtaryp alyp bilmän ýören gürrüňdeşime serediň. Ol öňünden bilmändir. Hyzmatkäriň ony aldajagyny. Oňa göwniýetmezçilik edipdir. Haýsydyr bir gezip ýören hyzmatkär meni aldamana het edip bilmez diýipdir.
Bu hili ýagdaýa almytyňy almak diýilýär. Gopbamsylyk hökmany suratda seni bir belanyň üstünden eltýär. Şunyň ýalyda sada bolmak hem gerek däl.
Hyzmatkär barada bolsa gep sarp etmegiň geregi ýok. Ol hili adamlar meniň ýazan birje setirime hem degmeýär. Ol durmuşyň ähmiýetsiz adamy.
Meniň durmuş ýönekeý diýenime şeýle düşünseňiz gowy bolardy. Bu barada birje erteki ýadym düşýär. Şony aýdyp bersem has gowy düşünseňiz gerek durmuş ýönekeými ýada çylşyrymly.
Bir adam bir guşy tutyp alypdyr. Guşy tutyp soýup iýjek bolupdyr. Onda guş oňa şeýle diýipdir.
Meni öldürme. Meni göýber. Meni göýberseň men saňa kelläň ýaly altyn ýumurtgany dogyp bererin. Bu aňkaw guşa ynanypdyrda ony göýberipdir. Guş asmana galypdyrda onuň üstünden gülüpdir. Meniň göwräm ýumrukça bolmasa men nähili edip saňa kelläň ýaly altyn ýumurtgany dogryp bilerdim. Eý, aňkaw.
Durmuş ýönekeý bolanda onda şunyň ýaly hilegär guş bolup bilermidi. Diýmek durmuş çylşyrymly.
Diňe aňkawlar üçin durmuş ýönekeý ýaly bolup görünýär
18 |
8 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Belki tanayansynyz?!
Milana-Mylayym uyamyzy menem tanayadym. Mylayym diysen mylaymdy. Adamcylygy gowudy. Yogalypdyr diyip esidemde nace gunlap kuyumden cykmandy. Jayy...dowamy...
Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Nike tech😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Aypipijik (Şugün, 09:34)
Aypipijik (Şugün, 09:34)
Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Belki (Şugün, 04:39)
Belki (Şugün, 04:39)
Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Fantom (Düýn, 23:28)
Fantom (Düýn, 23:28)
Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)
Tommy Hilfiger number one...dowamy...
Bu gyzykly durmuş
Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Muňa durmuş diýýärler
Salam Don! Öňki syýasat täzelikleriň ýokmy türkmen dilinde? Dogrysy hezil edip okaýardym şolaryňy....dowamy...
...