“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Kalbymyn Paytagtydyn, inni kimin dar kocesi sen.. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Esasy zat kynçylygy ýeňmek gerek
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 13:43

Adam pahyr gepinde durmazak bolýar. Bu häsiýet mende-de bar. Işi bahana edip, wagt ýoklugyny bahana edip ep-esli wagt öz dostym bolan beýik alym Gurban Ýazmyradowiç ýatdan çykyp galypdyr. Öňki mowzygymdan bilýäňiz men oňa hemmeteraplaýyn kömek bermäni boýun alypdym.
Bu gün bolsa maňa habar gelip ýetdi. Gurban Ýazmyradowiç agyr kesel. Oňa kömek gerek. Eşiden badyma hopugyp gitdim. Özümiň oňa beren wadam ýadyma düşdi. Derrew bir paket iri puly aldymda maşyna münüp Gurban aganyň ýanyna kowyp bardym. Barsam ýatan eken hykgyldap. Agzy-burny kerepläp ýara bolup gidipdir. Iýmäne-içmäne düzüwli zady ýok. Aýaly hem keselbent. Ol hem galyň ýorganyň teýine girip güwülip ýatyr. Eger çyksa onuň haly Gurban aganyňkydanda beter. Çagalary daşary ýurda gidip galypdyr. Köp wagtdan bari olar pul göýbermändir.
Seýitmehammede jaň etdim. Derrew aýalyňy göýber. Iki sany keselbende birnäçe gün seretmeli. El hakyňy özüm töleýän.
Yz ýanyndan tiz kömege jaň etdim. Iki sany garryny keselhana äkitmeli.
Ýarym sagat geçmän ähli aýydanlarym berjaý boldy. Seýitmuhammediň aýaly Gurban aganyň öýüni timarlap ugrady. Tiz kömek bolsa iki garryny alyp etrap keselhanasyna haýyt goýdy.
Özüm maşynymda tiz kömegiň yzyndan ýöredim. Olary keselhana ýerleşdirip bermeli pullary töläp, almaly dermanlaryny alyp berip, goşmaça bir gysym puly Gurban aganyň eline tutdyryp gerek zadyňa sarpla diýdimde gün ýaşanda öýe gaýytdym. Etrabyň tozanly ýollary, akgyn-çukgunlary maşyny iýýär. Ondada gymmat maşyny. Ýöne alaç ýok. Meniň Gurban agadan tamam uly. Onuň bu wagt ölmezligi gerek. Ol häli meniň işlerimiň köpüsini bejerip ýetişmedi. Dogry ol meni ölmezek etdi.Emma bu doly däl. Men bütün galan ömrümi maşyn sürmäne sarp edip bilmerin-ä. Meniň beýik maksatlarym bar. Şolardan biri general bolmak ondada bütündünýä goşunyna serkerde bolup inopletýanlar bilen uryşmak. Egerde olar biziň üstümize çozsa biz türkmenler hem el gowşyryp otyryp bilmeris-ä. Biz öz ýerimizi, baýlygymyzy we elbetde halkymyzy goramaly. Muňa men taýynlyk görmeli.
Ilki biln hiç togtamaýan ýürek goýdurmlay. Onsoň dünýäde bolýan ähli zatlary şol wagtyň özünde analiz etmek üçin kelläme täze çip goýmaly.
Şu pikirler bilen öýe gelenimi bilmän galypdyryn. Çaý-çöregimi öňüme alyp waý-faýa seredip aýdym eşidip otryşyma otyran ýerimde uklap galypdyrn. Gije bir wagtlar turdym. Meýdana şemallamana çykyp geldim we indi ýene uklaýynmy ýada ýazaýynmyy diýip özüme sorag berdim.
Bir hýalym ýaz diýdi. Onsoň ine şu okap otyran setirleriňizi ýazdym.
Ertesi ýene Gurban aganyň ýanyna bardym. Barsam sähel bäri garapdyr bari biçäre. Ylmy iş onuň ütüni alypdyr. Hatda şu ýerde keselhanada ýatan ýerindede kellesinde ylmy işlerini oýlap döredip ýatyr. Edil pul sanaýan adam ýaly özi bilen özi pyşrdaýar.
Meni görüp ol hem begendi.Ony görüp men hem begendim. Ikimiziň biri-birimize aýytmana zat köp.
Ilki bilen ol başlady
Sag bol. Eden hyzmatlaryň üçin ýogsa bu keselden indi ölerin diýip oýlapdym emma bu gün halym gowylaşdy. Birnäçe günden işime gaýdyp barrarayn diýip tama edýärin
Ondä men oňa
Goý, bu işiňi. Indi saňa jebir bolup galýar. Bu ylmy işiň. Gowysyy öýde bolda towuk-jüýje bak. Ýa bolmasa parnik guryp bereýin. Hezil etde pomidor satda otyr teke bazarda.
Onda ol
Ýok. Ylmy işimi togtatsam meniň adym kim bolar. Çopan ýada daýhan. Men bu atlary alasym gelenäk. Men Nobel baýragyny alasym gelýär. Iki gezek gaýtalap otyrasy iş ýok. Beren kömegiňe gynanýan bolsaň işimi daşary ýurtda dowam ederin. Size gerek bolmasa olara gerek bolar. Meniň döredijiligim
Onda men
Ýok, ýok. Asla beýle diýme. Özüm ylmy işleriňi pul we serişde bilen üpjün ederin. Bu arada birnäçe düşünmezlik boldy meniň öýümde. Şonuň üçin habar alyp bilmedim senden. Indi hemme zat gowy bolar. Gerek bolsa men saňa hususy labarotoriýa guryp bereýin. Işiňi öýde dowam et. Maňa seniň işiň gerek. Mende täze bir ideýa döredi. Bu ideýamyň amala aşmagy üçin seniň hyzmatyň gerek. Men indi general bolmak isleýän. Özäm bilýňmi bütündünýä goşunynyň generaly bolmak isleýän. Haçanda inoplanetýanlar biziň ýurdymyzyň üstüne çozanda men olara gaýtawul bermeli.
Men bu sözlerimi şeýle joşgun bilen aýytdym welin Gurban Ýazmyradowiçiň ýüzi ýagtylyp gitdi. Häli hykgyldap ýatan alym indi tirseegine daýanyp
Senden tamam şeýledi. Seniň gaýduwsyz adamdagyňy men bilýän. Bu işde men saňa tiz kömek ederin. Galan işlerimi soňa geçirin ýogsa seniň bu işiňi asla yza sürmek bolmaz,
Şu hili gürrüňlerden soň men alymy etrap keselhanasyndan Aşgabat keselhanasyna geçirip bu ýerde professor doktorlara ýüz tutdym.
Indi alym Gurban aga seredilşi öňküdende gowylaşdy. Bir aý keselhanada ýatyp çykandan soň ony indi täzeden öýleddiribermeli boldy. Ol indi medsestra gyzlar bilen jykyrdap gülmänede başlady.
Hernä şeýle bolsunda. Alymlara hiç gep bolmasyn. Şol sanda bize hem. Hemişe gülüp-oýnap gezeli.
Emma gep şunyň bilen gutarmaz. Yzyny daşary ýurtlaryň birinden eşidiň. Ol ýerde hem bir alym täze ölmezek adamy ýaradypdy. Özäm aýal adam.
Adyna Gigantamoniya diýilýär. Ine, şu aýal men barada internetden meni söweşe çagyrdy. Bu hili zatlar köp bolýar biziň döwrmizde. Hatda aýdymçylar hem ringde söweşip ýörler.
Men bu aýal bilen söweşi ret etdim. Habar göýberdim oňa.
Men aýal adam bilen söweşmeýän. Onsoňam meniň ugrym däl. Men goşun generaly bolmakçy. Özüňe mynasyp başga bir adamy saýla.
Şeýle diýip mylakatly jogap bersem, ol aýal maňa näme habar göýberenini bilýäňizmi. Bu hili kemsitmä hiç kim çydamaz. Ilki bile iki barmagyny çommaldyp görkezdi yz ýanyndan bolsa lifçigini çykaryp seni bogyp öldürin şu geýimim bilen diýen suraty göýberdi.
Derdimi aýyytmana adam köp. Emma bu halatda kimden kömek bolup biler. Hiç kimden. Bu hili başdan geçirmeleri bir özüň ýuwytmaly bolýaň.
Şol ýurda şaýlandym. Baryp urşyp gaýyydaýyn diýdim özüme. Indi men ölmezek adam mende usyl köp. Birden biriniň nepi deger diýdimde goşumy jemläp maňa haýbat atylan ýurda tarap uçdym.
Bardym.
Şol ýerdeki öňümden çykanlara ýagdaýy aýytdym. Şu aýaly görmekçi diýdim. Onda ol ýerdäkiler ony diňe ringde başa-baş söweşip görüp we gepleşip bolýar ýogsa yzyňa ýurdyňa gaýdyber diýdiler. Säňäp baryp gaýytmak ýokmady. Bagtymy bir synap göreýin diýdimde Gigantamona bilen söweşe ýazyldym.
Üç günden pylan stadioana gelersiň. Şol ýerde ringe çykarsyň. Ölseň ölüňi yzyňa äkitmäne adam gözle ýogsa teniňi köçä zyňarys diýdiler.
Bu sözler meni gorkuzmady diýýäňizmi. Ýok gorkuzdy. Ýöne näme üçindir bu aýaldan gep eşidesim gelmedi.
Bar güýjimi jemläp söweşe taýynlandym.
Üçülenji gün. Atly stadion. Stadionda ýüz müň adam tomaşakär. Meni tanaýan ýok. Birje ýigit bar. Ol hem türkmenistanly student. Ölsem ölümi Türkmenistana göýber diýdimde 50 müň dollary eline gowşyrdym.
Meniň öňümden söweşe bir negr, bir hytaýaly çykdy. Ikisäniňem maslygyny süýräp çykardylar. Olary görüp edenime puşman edip başladym. Ýöne indi yza ýol ýok. Daşymdam gulply. Bir özüm bir kiçijik geýim çykarylýan ýerde zygdyrap otyryn.
Sekuntlar gün ýaly bolup geçýär. Bir umydym ýüregimde. Ol termoýadernyý energiýada işläp dur. Ýençseň döwülenok. Ölmän barsam boldy ýurdyma. Indiki gezek başgaça ederin. Mende taýynlyk ýok ekeni.
Ringe çykmaly diýilen ses geldi. Edil o dünýäden habar gelen ýaly bolup. Aýaklarym gatap galypdyr. Ätmeýär. Eýýämden bellli meniň halymyň ten boljagy. Kelläme gelýär. Diňe syr bildirmeli däl. Her halatdada özüňi gaýduwsyz kimin tutmaly. Bularyň hemmesi wagtlaýyn kynçylyk. Şeý diýiň özüme göwünlik berýän.
Ringde çykdym. Häli Gigantamona ýok. Ykbal meniň ömrümi uzaldýar. Men dem alýaryn hem özümi dürsemäne wagt tapýaryn.
Ýöne aýgytly pursat gelýär öz wagtynda. Garşydaky derwezeden Gigantamona göründi. Ýedi metr beýiklik, iki ýarym metr egniniň ini, agramy iki tonna. Haşş-haşş edýär. Agzyndan bugly tüsse çykaýr. Öz dilinde bir zatlar diýip gygyrýar. Stadionyň ýüz müň adamy ony ýerinden turyp garşylaýar. Hemmeler hor bolup Gigantamona gimne gygyrýarlar.
Gigantamoniýa ýeňiji
Gigantamoniýa owadan
Gigantamoniýa ýol beriň
Gigantomoniýa diregimiz
Şu hili dowamly öwmeler.
Men çykanymda hiç kim meni bar hem diýmedi. Görüň bu adamlary. Ýene adamlar deňlik barada agzyny doldyryp aýydýarlar, kanunlar ýazýalar.
Gigantamona maňa ýakynladygysaýyn men yza çekilýärin. Haçan ol ringe çykanda maňa ringde durmana jaý galmady. Şonuň üçin men ringden asylyp durdym. Uruşmana jaň edildi. Edil şu wagt Gigantamonanyň kömekçileri oňa içimlik getirdiler. Her haýsy iki litr baklaşkada. Birinjisi etilmetilfos gyzyl reňkli, ikinjisi hlorbütil5 gök reňkli, üçünjisi trietilwodorod gara reňkli.
Başda gyzyl reňkli bela-beteri başyna göterdi lakyrdadyp, onsoň uzak gitmän agzyny köpürjükledip gök reňkli awuny göterdi lokurdadyp, onsoň gara reňkli zakguna gezek gelende zakuska üçin meni ulansa gerek diýidim.
Içmelisini içip bolandan soň meni asylyp duran ýerimden göterip aldyda çelek ýaly ýumrygyny gözümiň ýanyna getirip haşşyldady. Meniň nalajedeýin görnüşime ýüz müň adamyň göhi geldi. Olar ýerinden böküp turyp her hili dillerde ol tarakany öldür diýip gygyrdylar. Men bolsa näme etjegimi bilmän durdym. Dogry urmana mümkinçiligim boldy ýöne aýal adamy ýumruk bilen uryp bolmaýan eken.
Şol sebäpli ähli zady indiki gezege goýdumda garşylyk görkezmedim.
Gigantamona bolsa meni aýamady. Ol meniň kelläme depämden bir urdyda seňsi edip soňa pökgi depen ýaly edip depip göýberdi. Men uçyp gidip stadionyň garşydaky diwaryna baryp uruldymda lew-läş bolup ýatyp galdym edil arakdan doýan alkaşyň aýagyna galyp bilmeýşi ýaly.
Şeýdip bu gezek men ölümden galdym emma masgara boldum. Soňra ýurdyma gaýdyp gelip köp taýynlyklar gördüm Gigantamoniýa bilen täzeden söweşmek üçin.


10

4

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degismeler 10


Deystvitelna sheylemi sho 3harp barada pikir edyanizmi kop?...dowamy...
Degişmeler älemi | Degismeler 10
Ylmytalyp (Düýn, 15:16)

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Nike tech😎...dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Tommy Hilfiger number one...dowamy...

Bu gyzykly durmuş


Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Fantom (26.10.2025 / 19:24)

Muňa durmuş diýýärler


Salam Don! Öňki syýasat täzelikleriň ýokmy türkmen dilinde? Dogrysy hezil edip okaýardym şolaryňy....dowamy...
Erkin mowzuklar | Muňa durmuş diýýärler
Fantom (26.10.2025 / 19:10)

Bu gyzykly durmuş


Salam, @Gownejay....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Belki (26.10.2025 / 11:24)

Bu gyzykly durmuş


Menä şoňa meňzetdim)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (26.10.2025 / 08:21)

Bu gyzykly durmuş


Awataryňdaky gyz doss...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (26.10.2025 / 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->