“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Duşman syryñy ogurlar, dost ýalñyşyñy dogurlar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

GigantMonika kim aslynda
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 09:48

GigantaMonika meniň adamlara bolan gowy garaýşymy düýpgeter üýtgetdi. Mundan öň meniň adamlara bolan söýgim, ynamym, paýhasym bardy.
Indi bolsa bularyň hemmesi menden uçyp gitdi. Bu aýydanlarymyň ornuna mende adamlara bolan ynamsyzlyk, ulumsylyk, hatda hem aldaw hem döredi.
GigantaMonikanyň urgysyndan men özüme bir ýyllap gelip bilmedim. Diňe süýt içip otyrdym. Äňim işlemedi. Ellerim we aýaklarym paraliç bolup galdy. Özüme bolan ynam gaçyp mende hemme zada şol sanda özüme hem ýigrenç döredi. Bu hili kemsiden soň men özüme ölüm diledim emma özüňiz bilşiňiz ýaly meniň ýüregim termoýadernyý energidan işleýändigi üçin ýüregim togtamady.
Bu ugyrda beýik alym Gurban aga ymykly işlän eken.
Käbir kemçilikleri bilen. Gurban aga daşary ýurt alymlaryndan yzda eken. Şonuň üçin men GigantaMonikadan aňsatja ýeňildim.
Ol meniň ýüregimi daşdan etmeli ýagny mende GigantaMonika bolan ýigrenji oýatmaly. Şonda men ony ýeňerin.
Şu hili pikirler bilen düşegimde ezilip ýatyrkam daşardan Gurban aganyň sesi eşidildi. Yz ýanyndan bolsa ýatan otagyma hasyrdyklap girdi. Meniň gynançly halymy görüp özüni bilegörä dogumly tutan boldy. Soňra
Bu zatlara men günäkär. Men seni haýal işläpdirin. Men ol aýaly şeýle aýylgançdyr diýip oýlamadym. Emma sen ruhdan düşme. Mende täze bir ideýa bar. Bu ideýa bilen sen GigantaMonikany ýeňersiň.
Gurban aganyň bu sesi meniň üçin mollanyň jynaza okaýan ýaly eşidildi. Bolsada alymyň göwnüne degmän zordan gepledim agzymy iki ýana çaýşardyp.
Bilýäňmi ol maňa näme edýär. Men başujymda ýatan noutbugy öňüne sürdüm. Ol ýerde GigantaMonikanyň maňa iberen täze suratlary bardy. Bu suratda ol meni gujagyna göterip alyp özüne mäkäm gysyp alyp ullakan çelek ýaly göwüslerini agzyma dykyp süýtden doly emzikleri bilen bilen meni emdirýärdi. Suratlaryň ýanynda bolsa ol maňa şeýle habary göýberýärdi.
Haçan enekäňi emmäne gelersiň. Meniň seni göresim gelýär. Diri bolsaň menden habar al. Gel ýene bir gezek taşlaşaly.
Şunyň ýaly utançsyz sözler
Suraty gören Gurban aga hezill edip güldi. Meniň ornyma. Meniň ýadyma gülki düşenok. Ol bolsa gülýär.
Soňra
Her zady göwnüňe alyp ýörmeli däl. Käbir zatlar bar gitsin etmeli. Dogry bu aýaldan ýeňilmegiň meniň üçin hem gowy bolmady. Ýöne gynanma. Biz ondan aryz alarys. Meniň diňlemek isleseň men saňa täze oýlap tapan pikirimi aýydaýyn.
Mende başga alaç ýokdy. Şu wagt maňa Gurban agadan başga hiç kim öz hemäýätyny hödürlemäýrdi. Çünki maňa kömek bermeli adamlaryň hiç haýsy bu hili işler bilen güýmenmeýär. Olar mal bakmany bilýäler, ýer ekýäler, mugallymçylyk edýäler ýöne ringe çykyp uruşmany bilmeýäler.
Gowyja diňle. Psihologiýada şeýle düşünje bar. Şahsyýetiň bölünmegi diýilýär bu ylma. Gysgaça aýdylanda GigantaMonika hem öz gezeginde şahsyýet. Ýöne onuň şahsyýetliginde hem käbir ýetmezçilkler bar. Ol gazaby we ýigrenji bir ýere jemläp ony daşky energiýä bilen gereginden artykmaç üpjün edýär we şol energiýänyň hasabyna hem ol ýeňýär.
Biz bolsa beýle etmeris. Biz ýigenjiň hasabyna dälde gyjyklamanyň hasabyna ony ýeňeris.
Gurban aganyň bu diýeni maňa ýokmady. Men sesimi çykarman biperwaý adam kimin ters tarap öwrülip ýatdym. Bu wagt Gurban aga meniň iki kebzämiň ortsyna kiçijik möjek ýaly bir zady ýelmeşdirdi. Ýaňky möjek ilki bilen meniň tenimi mäkäm gyzdyryp onsoň ullakan bir gyjyklama öwrüldi hamala iki kebzämiň ortsaynda ullakan möjek assajykdan meniň arkamy iýýän ýalydy. Men indi ol tarapa öwrülip bu näme etdigiň boldy diýdim.
Onda ol edil şu zady biz GigantaMonika bilen ederis. Men seniň her bir gram agramyňdan ten gijeledýän möjek ýasaryn. Aslynda bu möjek sen. Bu möjek seniň buýrygyňa buýsunar. Gerek wagtynda sen her bir gramm agramyň bir adam bolar. Bu diýildigi sen 85 adam hökmünde hereket edersiň we GigantaMonikanyň tenine ýormaşyp gidip onuň teninde görülip eşidilmedik gijeleme döredersiň we ol soňunda çydap bilmän özünden gider . Sen bolsa ýeňiji bolup orta goýulan baýragy alyp gelersiň bu baýragy bolsa ikimiz bölüşip hezil ederis.
Bu dünýä hezilden durýar inim.
Umuman ýokman durmady Gurban aganyň bu sözleri. Ondada ýeňiji bolarsyň diýen sözi. Şu wagta çenli şu ömrüde adamlar agzyna alyp geplär ýaly birje ýeňişli iş edip görmändim.
Ýeňmesemde mende alaç ýokdy. GigantaMonika maňa özüniň emzikli wideolary bilen janyma degip gitdi.
Indi bolsa meniň onuň teninde gijeleme döredip onuň ýüz müň adamly arenada arkasyny gaşalap ýöreni göz öňüme gelip ugrady. Men öz ýanymdan hezil edip güldim onuň gaşanyp ýörenine.
Ýen bir ýyldan men GigantaMonika bilen aýgytly söweşe taýyn boldum. Gigantomonika bolsa bu wagt aralygynda diňe ýeňiji bolup ençeme admyň ganyna galdy.
Orta goýulan baýragyň möçberi on million dollara çenli galdy. Bu biziň üçin az däl.Gurban aga bilen paýlaşsam adama 5 milliondan ýetýär.
Ine, meniň üçin ajaýyp gün ýetip geldi. Bu gün men GigantaMonikany söweşe çagyrdym. Şolbada dünýäniň habar beriş serişdeleri güww edip täze jeň barada yglan etdiler. Meniň simwolym bu uryşda arka gijilewügi bolan sakyrtga, GigantaMonika bolsa meni emdirýän emzikli eneke.
Samoleta mündim. Özüm bilen bir topar janköýeri hem aldym üstesine bu gezek daşary ýurtda okaýan we işleýän ähli türkmenlere habar göýberdim.indi sahnada az bolanda on müňe golaý türkmen men tarapda bolamylydy söweş wagtynda.
Arena çykmaly wagty boldy. Men orta çykdym adaty boluşym bilen. GigantoMonika bolsa ýene öňki bolyşyny etdi. Bu gezek agramy dört tonna, beýikligi 12 metr, ini bolsa dört metr. Iki göwsüniň agramy her haýsy 250 kileden. Ol maňa ýakynlaşyp başlady. Howply ullakan bir zat. Heder etmez ýaly däl. Bu gezek teniniň köp ýeri metal bilen birikdirilen. Teniniň daşky böleginde neýro intellekt bar. Bu hili intellekt mende hem bar.
Söweş birden başlandy. GigantaMonika meni gapyl galdyrjak bolup şeýle etdi. Gelişine 200 kile demir eli bilen kelläme urdy. Bu gezek men hem gapyl galmadym. Agramymy we tenimi onuňky bilem deň etdimde urgy gelip ýetmänkä neýrointellektimi işe girizip tenimi orsyň t-75 tankyna öwürdimde nilimi oňa dogrylap ilkinji oky göýberdim. Bu hili emele onda taýynlyk bar bolup çykdy. Ol meniň iberen okymy magnit meýdanynda tutyp aldyda özi daşyma jynjyr orap ýykmak üçin synandy. Onda men töwereimde magnit meýdanynyň içinde lazer temperaturasyny döredip onuň zynjyryny eredip taşladymda bar güýjim bilen onuň kellesine 50 tonnalyk elim bilen uryp özünden giderdim. Emma onuň oýanmagy üçin birje sekunt gerek boldy. Ol özüne geldide agzyny ullakan edip açdy. Seretsem onuň agzynda ullakan termoýadernyý reaktor işläp dur. Ol bu reaktoryna iki tonna radioaktiw plutoniý göýberdide täze zarýad alyp täze bir urşyjy elemente öwrüldi. Indi ol inoplanetýana meňzedi.
Men hem ýagdaý garap öwrüldim. Men hem ýagdaýa garap üýütgedim. Ikimiz bu halda iki sagatlap mazaly uruşdyk emma iki tarap hem ýeňiji bolup bilemdi. Bolsada Gurban aga bu gezek meniň ýeňilmezligim üçin köp zady eden eken emma ýeňiji bolmak aňsat däl bolup çykdy. Urgylar elbetde meniň zarýadymyň azalmagyma sebäp boldy emma men bu halkyň öňünde öz kemis taraplarymy görkezip biljek däldim
Şonuň üçin men indi alaçsyz Gurban aganyň emeline geçmeli boldum . Özüme amatly pursady peýläp birden wagt boldy indi diýdimde birden bir topar sakyrtga öwrüldimde 85 tarapdan GigantaMonika topyldym we ilkinji bolup meniň merkezi sakyrtgam baryp GigantaMonikanyň lifçiginiň içine, ýene biri onuň şortiginiň içine ýene biri onuň arkasyndan dişläp onuň teninde ullakan çydap bolmajak gijeleme döretdi. Indi GigantaMonika möjekler bilen söweşýän wagtynda maňa garşylyk görkezip biljek däldi. Bu wagt men ony bir uryp nokaut etdim.
Bü gün ýüz müň adam bu gezek men barada gimn düzüp aýdym aýytdylar
Ol ajaýyp
Ol owadan
Ol görmegeý
Ol ýeňiji.
Türkmenler bolsa biziň bilen oýyn etmeň eý gargalar diýip gygyrdylar. Şeýdip men şan şöhrat bilen öz ýurdyma gaýdyp geldim. Baýrak pulyny bolsa Gurban aga bilen paýlaşdym
Iň esasy zat bu ýerde Gurban aga öz ylmy üçin serişde jemledi. Indi ol hiç kime bergisiz öz ylmy işleri üçin pul sarp edip ýör.
Men bolsa ýol adamy.


11

5

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Emma bu ozu hakda bolup bilmezmika diyan sebabi gyz bolsa ol beyle kosencli yylarda yashan bolmaly dal...dowamy...

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Hakykatdan yadyna dushse aglatyan hekayady bu hem sondan alynana menzes manysh...dowamy...

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Biz yash wagtmyz okuw kitapda bir tokga nabat diyen hekaya bardy sol yadyma dusup gitdi...dowamy...

Gutarylmadyk goşgy


Saytda sene nadogrymy ya da bu geçen yylkymy...dowamy...

Degismeler 10


Deystvitelna sheylemi sho 3harp barada pikir edyanizmi kop?...dowamy...
Degişmeler älemi | Degismeler 10
Ylmytalyp (28.10.2025 / 15:16)

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Nike tech😎...dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Tommy Hilfiger number one...dowamy...

Bu gyzykly durmuş


Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Fantom (26.10.2025 / 19:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->